Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly senesine gabatlanan dabaraly çäreleriň maksatnamasyndaky täze jaýlaryň dabaraly açylyşy hakyndaky hoş habarlar Watanymyzyň her bir gününi şatlyga besleýär. Täze taryhy eýýamymyzyň aýdyň maksatlary bu ajaýyp zamananyň raýatlarymyzyň her birine mynasyp täze durmuşa tarap okgunly hereketinde, şäherlerde we obalarda, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde biri-biriniň yzyndan ulanylmaga berilýän medeniýet, bilim, saglygy goraýyş edaralarynda beýanyny tapýar. Şu gün Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň merkezinde nobatdaky şatlykly waka boldy. Körpeler üçin gapylaryny giňden açan täze çagalar bagy baýramçylygyň öňýanyndaky ajaýyp sowgat boldy.
Özboluşly binagärlik usulynda gurlan çagalar şäherçesi Agzybirlik köçesiniň bezegine öwrüldi. Bu merkezi köçäniň ugrunda degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş toplumy emele gelýär. Etrapdaky mekdebe çenli täze görnüşdäki çagalar bagynyň dabaraly açylyşy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Aýdym-sazlar dabara özboluşly gözellik çaýdy. Hormatly ýaşulularyň ak patasy çagalar bagynyň körpeleriniň çykyşlary bilen utgaşdy.
Täze desga ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen bilim desgalarynyň hiline laýyk gelýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda bu wezipe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bina edilen hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak körpe raýatlarymyz hakyndaky aladanyň we ünsüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, abadanlaşdyrylan we enjamlaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň köpüsi munuň subutnamasydyr.
Babadaýhandaky 180 körpä niýetlenen täze çagalar bagy binalaryň üçüsinden ybarat bolup, töweregi çagalaryň oýun meýdançalary hem-de bassyrmalar, bezeg berýän agaçlar we güller oturdylan ýerler bilen gurşalan ak mermerli iki gatly desgadyr. Binalarda çagalar bölümleriniň 8-si bolup, olarda giň ýatakhanalardan başga-da, çaganyň ösüşi üçin niýetlenen oýun otaglary bar. Çagalar bagynyň kompýuter we lingafon otaglarynda daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýardam edýär. Olardan başga-da, saz we gimnastika zaly hem bar. Mekdebe taýýarlyk okuw otaglary häzirki zaman serişdeleri bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bagyň terbiýeçileri üçin aýratyn otag hem-de lukmançylyk otagy bar. Şeýlelikde, körpeler özleri üçin mekdepdäki bilim tapgyrlaryna oňat taýýarlyk görerler.
Etrapda körpeler üçin täze nusgadaky bilim edarasynyň ulanmaga berilmegi her çaga doly mazmundaky bagtyýar çagalygy üpjün etmek meselesine yzygiderli üns berýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň şanly senesiniň baýram edilmeginiň esasy dabaralarynyň öňüsyrasyndaky şatlykly wakadyr. Ýakyn wagtda Babadaýhandaky körpeleri kabul etjek ýene-de bir häzirki zaman çagalar şäherçesi bu ugurdaky uly işleriň nobatdaky subutnamasydyr.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra bu wakanyň şanyna, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.