Aziýanyň gözel şäherleriniň biri bolan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri köplenç daşary ýurtly myhmanlar üçin ýurduň derwezesi bolup durýar. Aşgabat- iri işewürlik, medeni we elbetde ajaýyp binagärlik çözgütleri özünde jemleýän administratiw binalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, köpsanly suw çüwdürimli dynç alyş seýilgähleriň toplumyny özünde jemleýän syýahatçylyk merkezidir. .
Türkmen paýtagtyndan myhmanlar kesgitlenen ugur boýunça öz syýahatlaryny başlaýarlar. Geliň, biz özümizi ýokary amatlyklary bolan awtobusda ýerleşip, Türkmenistan bilen tanyşmagy gadymy Ahal topragyndan başlaýanymyzy göz öňüne getireliň.
YUNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň sanawyna giren möhüm taryhy –medeni ýadygärlikleriň biri hem Gadymy Nusaý ýadygärligi. Aşgabatdan bary-ýogy 18 kilometr aňry ýanynda Bagyr obasynyň ýerleşen gözel jülgesinde Köne we Täze Nusaýyň gadymy harabaçylyklary ýerleşýär. Bu harabaçylyklar- antiki döwürde Beýik Rim Imperiýasynyň medeniýetiniň ösüşi we harby kuwwaty bilen hökmürowanlykda bäsleşen Parfiýa döwleti baradaky ýatlatmalardyr. Bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi hem geçipdi.
Gadymy Nusaýyň gülläp ösüş döwri biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyra gabat gelýär. Gadymy we orta asyrlaryň syýahatçylary şäheriň örän uly we owadan bolanlygyny , suwuň we ýaşaýyş üçin ähli zatlaryň bol bolandygyny belläp geçipdirler. Birwagtlar bärde köşkler we ybadathanalar, parfiýa patyşalarynyň hazynalary bolupdyr. Şäher adaty durmuşda ýaşap, bu ýerde sungat we senetçilik gülläp ösüpdir, şowhunly söwda bazarlary bol – elinligi bilen tapawutlanypdyr. Edil şu günkiler ýaly, şöl gadymy döwürde hem adamlar erbet habarlara gynanyp, gowy habarlara begenýärdiler, toý edip, myhmançylygy gidýärdiler, çagalary terbiýeleýärdiler, galla ekip, bagy-bossanlygy , mes gök ýaýlalarynda bolsa Gadymy Gündogara belli bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirýärdiler.
Arheologlar bu yerden gadymy medeniýetiň subutnamalaryny – teňňeleri, humlary, bahasyna ýetip bolmaýan piliň süňkünden ýasalan ritonlary, parfiýa diwar nakgaşçylygynyň ýeke-täk nusgalaryny , daşdan ýasalan bezegleri tapdylar. Bu taryhy tapyndylar Türkmenistanyň Baş Milli müzeýinde saklanylýar we sergilenýär.
Indiki ugrumyz Saparmyrat Hajy metjidi. Bu metjit türkmenler üçin mukaddes bolan Gökdepe galasynyň topragynda bina edilen. Ýüz ýyl mundan öň biziň halkymyz ata-babalarynyň däp-dessurlary boýunça ýaşamak hukugyny we öz garaşsyzlygyny eli ýaragly gorapdyr. Bu günki türkmen nesli öz Watany üçin şirin janyny gurban eden ata babalarymyzyň gahrymançylygyna uly hormat goýýar. Bu metjit Gökdepe galasynyň goraýjylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdirýän ýadygärlikler toplumynyň bir bölegidir.
Köwata gowagynda ýerleşýän tebigatyň täsinligi diýlip hasaplanýan ýerasty köl- tebigatyň ajaýyp eseridir. Bu gowak Aşgabatdan 100 km daşlykda ýerleşýär. 60 metr çuňlukda ýerleşýän köle yşyklandyrylan basgançaklar alyp barýar. Kölüň suwynyň düzüminde kükürtli wodorodyň bolmagy bu suwy şypaly we jana ýaramly edýär. Kölüň suwy 33-38 ýylylyk derejede bolup, onuň uzynlygy 80 ini 30 çuňlugy bolsa 16 metre barabardyr. Bu köl dünýäniň iň çuň ýerasty kölleriniň biridir. Jahankeşdeler bu kölüň rowaýatyny diňländen soň hökman uly höwes bilen bu ýerde suwa düşerler, sebäbi bu kölde gyşyn-ýazyn suwa düşüp bolýar. Köwata tebigatyň ajaýyp gözelligi bolany üçin döwlet tarapyndan goralýar.
Indi bolsa biz türkmen paýtagtynyň 12 km gündogarynda ýerleşýän Bagabat (häzirki Änew) şäherçesine tarap ugur aldyk. Bu ýeriň esasy gözelligi - 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titremäniň netijesinde ýykylan Seýitjemaletdin ýadygärliginiň galyndylary. Bu metjit gözellik öýi diýlip hem atlandyrylypdyr. Metjit XVI asyryň ortalarynda gurlup, onuň esasy aýratynlygy bolup duran gümmez bilen ýapylan merkezi zaly we üýtgeşik mozaika nagyşlary bilen bezelen diwarlary öz owadanlygy bilen haýran edýär. Metjidiň girelgesiniň mozaika bezegi aklyňy haýran edýär. Bu ýerde nagyşlar bilen bezelen gara-gök pannoda altyn öwüşgünli ajdarhalaryň şekili ýerleşdirilen. Änewdäki bu taryhy ýadygärlik Günorta binagär ussalaryň görnükli we meşhur taryhy ýadygärlikleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tutýar.
Golaýda –ýaşy ýedi müň ýyl bolan gadymy ekerançylyk obalaryndan miras galan belli Anew depeleri ýerleşýär. Hut şu ýerde 100 ýyldan gowrak mundan öň Rafael Pampelliniň baştutanlygyndaky amerikan ylmy ekspedisiýasy ýer ýüzünde iň gadymy däneli ekin bolan ak bugdaýyň başynyň gylçygyny tapdy. Bu şanly wakanyň ýüz ýyllygy mynasybetli türkmen ekerançylarynyň ussatlygyny subut edýän ençeme taryhy tapyndylary gorap saklaýan Ak bugdaý muzeýi döredildi.
Indi bolsa syýahatçy Kaka etrabynda ýerleşýän, halkyň arasynda Mäne Baba ady bilen belli bolan Abu Seýit Abul Haýryň kümmetine tarap ugur aldy. Kümmet Türkmen Seljuk döwletiniň pajarlap ösen wagtynda XI asyrda Meýhene atly orta asyr şäherinde gurlupdyr. Abu Seýit Abul Haýyr orta asyr Horasanyň syýasy we dini durmuşynda möhüm orny eýelän taryhy şahs hökmünde tanalýar.
Ahalyň medeni ýadygärlikleriniň arasynda Sarahs Baba ady bilen belli bolan Abu Fazlyň kümmeti hem möhüm orna mynasyp. Kümmet XI asyrda gurlup, 10,2 m. ölçegli dört burçly ýeke jaýdan ybarat bolup, arka görnüşindäki girelgesi günorta tarapda ýerleşendir. Kompozision ýönekeýligi, proporsional aýdyňlygy, örmegiň ýokary derejede ýetirilenligi bu binany Türkmenistanyň orta asyr meşhur binagärlik ýadygärlikleriniň hataryna goýýar.
Ahal topragyna syýahat edeniňde, ýene bir ajaýyp ýere, Köpetdag döwlet goraghanasyna baryp bolar. Bu ýeriň daglaryndaky gür bolmadyk arça tokaýlyklarynda dürli haýwanlar mekan tutdylar. Olaryň arasynda özboluşlysy diýip gaplaňyň ýa-da barsyň adyny tutup bolar. Bu haýwanyň akylly we hüşgär bolany üçin oňa seýrek gabat gelip bolýar. Bu ýerde dürli uly bolan guşlara- dazarkele, garaguşa we agramy birnäçe gramm bolan iň kiçijik eýran aldawajyna duşup bolýar. Goraghanada algyr, ak jokjoky, adaty syçançy we başga ençeme görnüşli guşlar hem höwürtgeleýärler.
Türkmenistan we ýurduň her bir welaýaty ajaýyp taryhy, medeni ýadygärliklere we tebigy gözelliklere baý ýurt.