Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň baý gatlary hasaplanýan we deňi-taýy bolmadyk milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” atly täze düýpli işi bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şanly senäniň—ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsryrasynda neşir edilen we türkmen halylarynyň ebedi gözelligi beýan edilýän bu kitap ol milletiň Lideriniň halkymyza, zehinli we gündelik joşgunly zähmeti arkaly bu gözel halylary dokaýan ussatlara, ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýäde bu täsin galdyrýan sungatyň ähli muşdaklaryna we oňa uly sarpa goýýanlara eden ýene-de bir ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr.
Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany “Janly rowaýat” atly täze kitabynyň ilkinji nusgalaryny ýakynda Mary welaýatynyň kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirilen mahalynda bu kitaphana gowşurdy. Soňra welaýatda bolup geçen “Täze Galkynyş eýýamy döwürleriň sazlaşygynyň paýhas dowamydyr” atly ylmy-maslahatyň çäklerinde bu birkemsiz bezelen we üç dilde—türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitap bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy.
Milli Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň uly ekspozision zalda guralmagynyň özboluşly manysy bar. Şol ýerdäki diwarlary tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan äpet halylar bezeýär. Bu dabara hökümetiň agzalary hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, alymlar we žurnalistler gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda ähli welaýatlaryň tanymal halyçy zenanlary, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen agzalary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň sergi zallarynda goýlan täsin el işleri bilen tanyşdyryldy, şolaryň birinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy, ylmy-populýar we edebi işleri görkezilýär. Sergide milletiň Lideriniň “Janly rowaýat” atly täze kitabyna aýratyn orun berlipdir.
Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynyň gyzlarynyň horunyň we “Dokmaçylar” atly folklor toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara täsirli we baýramçylyga mahsus öwüşgin çaýdy, bu folklor topary “Halyçy gelin” atly aýdym-tans kompozisiýasyny ýerine ýetirdi.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halyçylygyň –çeperçilik we ussatlyk babatda ýokary derejeli özboluşly eserleriň sungatynyň täsin galdyrýan merkezi hasaplanýan Türkmenistanyň halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilmegine we mundan beýläk-de ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşýandygy aýdyldy. Haly gölleri ösüşiň dowamly ýoluny geçip, beýik we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan halkymyzyň ruhy özboluşlygynyň çeper beýanyna öwrülmek bilen, häzirki döwürde türkmen döwletiniň jebisleşdiriji milli nyşanlarynyň biri hasaplanýar.
Şol gymmatly miras türkmen halkynyň ruhy we medeni baýlyklarynyň täsirini özünde jemlemek arkaly, tutuş dünýä medeniýetiniň möhüm ähmiýetli genji-hazynasy bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, özboluşly amaly-haşam sungaty, halyçylygyň gadymy ýörelgeleri, milli el işleri we zergärçilik sungaty – bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyzyň medeniýetiniň tutuş “altyn gaznasy” döwlet Baştutanynyň aýratyn, ýadawsyz aladasy bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly düýpli we ensiklopedik işi munuň aýdyň mysalydyr, bu iş türkmen halyçylygynyň şan-şöhratyny ebedileşdirmekde taryhy ähmiýete eýe bolar, bu täsin sungatyň belentliklerine ýetmek üçin bolsa, 5 müň ýyldan gowrak taryhy ýol geçildi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Serdar şäheriniň çeper halyçylyk kärhanasynyň tanymal halyçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol ussat halyçylaryň elleri bilen, şanly Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap, dört aýa golaý wagtda halyçylygyň tutuş taryhynda umumy meýdany 378 inedördül metre barabar bolan iň uly halyny dokadylar, bu haly ajaýyp Maslahat köşgüniň mejlisler zalynyň sahnasyny bezedi.
Günüň ikinji ýarymynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler zalyna ýygnandylar, bu ýerde “Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” kitaby – geçmişe janly şaýat, geljege ruhy ganat” atly ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri boýunça milli toparynyň alymlary, tanymal daşary ýurt taryhçylary – halylary öwrenijiler we Russiýadan, Owganystandan, Türkiýeden, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan bu sungata uly sarpa goýýanlar öz çykyşlarynda tutuş dünýäde gadymy milli sungaty, türkmen el halylarynyň täsin galdyrýan artykmaç taraplaryny mundan beýläk-de ösdürmekde we wagyz etmekde milletiň Lideriniň kitabynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ýygnananlaryň çykyşlarynda türkmen halyçylygynyň gudraty we onuň bütindünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren täsiri barada taryhy, medeniýeti we sungaty öwrenişe degişli nukdaý nazarlar aýdyldy.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.