Ï Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna...

view-icon 2137
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gatnaşmagynda Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň maslahatlar zalynda „Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi-energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi“ ady bilen iki günlük halkara maslahaty geçirildi.

Energiýa serişdeleriniň söwdasy, peýdalanylyşy we üstaşyr ibermek meseleleri, syýasatyň energetiki ulgamyndaky howpsuzlyk babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan halkara maslahatyň işine döwletleriň hökümet wekilleri, halkara guramalaryň we konsernleriň wekilleri, garaşsyz halkara bilermenler gatnaşdy. Bu babatda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň edýän tagallalary we bu duşuşygyň ähmiýeti barada Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri öz pikirlerini aýtdylar.

Lamberto Zannýer, ÝHHG-iň Baş sekretary:

Energiýa serişdelerine bolan isleg ýyl geçdigiçe ösýär, şonuň bilen birlikde bolsa uglewodorod serişdelerini sarp edijilere iberýän döwletler, üstaşyr ýurtlar we sarp edijiler bilen ýakyndan aragatnaşyk etmeklik zerurlygy hem ösýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletler howpsuz we durnukly bazaryň, eksport edýänler bolsa ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň bolmagyny isleýärler.

Yzygiderli maslahatlar we dürli derejelerdäki işjeň gepleşikler ikitaraplaýyn üstünligi üpjün edip biler. Energetiki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdary bolan ÝHHG-sy energiýa serişdeleriniň esli gorlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň durmuşa geçirýn energiýa serişdelerini daşary ýurtly sarp edijilere ygtybarly, durnukly hem-de uzak möhletli ibermegi göz öňünde tutýan syýasatyny we bu ugurda strategiki deňagramlylygy hem-de energetiki howpsuzlygy üpjün etmeklikde öňe sürýän başlangyçlaryny we berýän ýardamyny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Bu esasda häzirkizaman dalaşgärlige taýýar bolan netijeli energetiki bazarlaryň ösüşi gelip çykmaly we olar öz gezeginde kem-kemden bütewi dünýä bazaryna integrirlenmeli. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk energetiki önümlere we hyzmatlara ygtyýarlylygy öz içine almak bilen özbaşdak döwletleriň we bütin adamzadyň durnukly ösüşiniň zerurlyklarynyň we islegleriniň arasyndaky deňagramlylygyny üpjün etmeli.

ÝHHG-yň başlangyjy we arada durmagy bilen, bu ugurda maýa goýumlary boýunça kadalary we düzgünleri standartlaşdyrmak meselelerine hem-de energetiki diplomatiýasyna bagyşlanan seminarlary, iş maslahatlary, duşuşyklary we konferensiýalary yzygiderli geçirilýär.

Ýakyn wagtda energetiki bazarlaryň durnukly ösüşi we hyzmatdaşlyga ýardam bermek meseleleriniň dürli ugurlary boýunça şu maslahata kybatdaş halkara duşuşyklaryň birnäçesini gurnamaklyk göz öňünde tutulýar. Bu babatda hemme ýurtlaryň bähbitlerini araýan Aşgabat halkara maslahaty türkmen hökümetiniň ählumumy meseleleriň çözgüdi we esaslandyrylmasy meselesine goşan möhüm goşandy boldy.

Goran Swilanowiç, ÝHHG-iň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ugry boýunça býurosynyş utgaşdyryjysy:

Häzirki zamanda dünýäniň durnukly sosial we industrial ösüşiň esasy bolan ygtybarly energetiki serişdelerine ygtyýarlyk halkara gatnaşyklaryň möhüm jähtleriniň biri bolup duýar. Şunuň bilen baglylykda Aşgabat maslahatynyň esasy maksady - XXI asyrda dünýäniň energetiki meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, şol sanda ählumumy energetiki we ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmekligi, adaty uglewodorod we alternatiw çeşmeleri ulanmaklygy ösdürmekligiň ykdysady netijeliligi meselelerini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Dünýäniň energetika ulgamynyň ýokary hilli ösüşi maýa goýumlary üçin ykdysady, hukuk we kanuny şertleriň üpjün edilmegini talap edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasynda energetiki serişdeleri üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek başlangyjyny öňe süren ýurt hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde esasy orny tutup, döwletiň aýdyň we çeýe energetika syýasatyny, hukuk esaslarynyň ygtybarlylygyny halkara bileleşigine görkezýär. Türkmenistan energiýa serişdelerini jogapkär we ygtybarly üpjün ediji hökmünde nebitgaz hyzmatdaşlarynyň we sarp edijileriň hemişe üns merkezinde durýar.

Muňa mysal edip, uglewodorodlaryň baý gorlarynyň möçberini tassyklamagyň we olary gazyp almaklygy köpeltmegiň esasynda Türkmenistan döwletiniň dürli ugurlarda turbageçirijileriň ulgamyny giňeltmek tekliplerini aýdyp bolar.

Bu meýiller energetiki serişdeleri daşamak infrastrukturasyny we energiýa göterijileriň halkara söwdasynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini talap edýär. ÝHHG-sy energetiki syýasatyň durnuklylygyny üpjün etmek, nebitgaz serişdelerini ulanmaklygyň we olary gazyp almaklygyň çözgütleriniň öňünden çak etmeklik we aýdyňlyk ugurlary hem-de howanyň üýtgemegi babatynda ekologiýa meseleleri boýunça hereket edýär.

Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmekligi we ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri goldap, ÝHHG sebitara hyzmatdaşlygy we yzygider esasda gepleşikleriň geçirilmeginiň wajyplygyny aýratyn belleýär. Bu iş geljekde dürli görnüşlerde we halkara guramalarynyň çäklerinde dowam etdiriler.

Ewaldas Ignatawiçýus, Litwa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary:

Nebit we gaz eksport edijileri birleşdirmek we bu gorlara hem-de önümlere bolan islegiň artmagy netijesinde energetiki serişdeleri üstaşyr geçirmekligiň howpsuzlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri dünýä ykdysadyýetiniň gelejekdäki ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin hem öndürijileriň we sarp edijileriň arasynda ygtybarly we birek-birege ynamly gatnaşyklary gurnamak hökmany zerurlyk bolup durýar.

Bilermenleriň pikirlerine görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösýän isleglerini kanagtatlandyrmak üçin öňümizdäki birnäçe ýylyň içinde ägirt köp, ýagny ABŞ-yň 15 trln. dollaryna barabar maýa goýumlary zerur bolar. Adamzat üçin bu meseläniň wajyplygyna düşünip, ÝHHG energetiki syýasaty we bahalar strategiýasy boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda duşuşyklary we maslahatlary geçirmekligiň wajyplygyny nygtaýar.

2011-nji ýylda Litwa Respublikasynyň ÝHHG-a başlyklyk hukugyna esaslanyp, men energetiki serişdeleriniň akymynyň bökdençsiz, howpsuz we ygtybarly bolmagynyň hemme döwletler üçin zerurdygyny bellemekçi. Aşgabat maslahaty- energiýa serişdelerini dolandyrmaklygyň demokratiki we adyl esasda ygtybarly we durnukly görnüşlerini işläp düzmekde ýene bir basgançak boldy diýip aýtmakçy.

Bu abraýly maslahat – wagtyň çagyryşlaryna häzirki zaman jogaplaryň bilelikdäki gözlegine nobatdaky goşant, dünýä bileleşiginiň parahatçylygyň we ösüşiň howpsuzlygyny ösdürmeklige gönükdiren möhüm ädimi boldy.