Ï Türkmeniň harby taryhy...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmeniň harby taryhy...

view-icon 3920
Taryhçy professor Öwez Gundogdyýewiň „Aziýanyň merdanalary. Türkmeniň harby sungaty we ýaragy (dadymy döwürlerden ХХ asyra çenli)“ atly täze kitaby çapdan çykdy.

Bu monografiýa awtoryň 12 ýylyň dowamyndaky irginsiz zähmetiniň netijesi bolup, türkmen halkynyň harby sungatynyň ähli taraplaryny açyp görkezýän ýeke-täk ylmy-derňew işidir.

Öwez Gündogdyýewiň ýazyşy ýaly, harby taryh her bir halkyň taryhynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin harby taryhy watansöýüjilik nukdaýnazaryndan dogry we takyk görkezmek watansöýüjilik ruhuny terbiýelemek işinde wajyp orny eýeleýär. Eger-de taryh raýady adam edýan bolsa-harby taryh raýadyň watansöýüji bolup ýetişmegine öz saldamly goşandyny goşýar.

Bu monografiýa harby gurnaýyş, ýarag we goranyş usullary (sapan, ýaý-keman, peýkam, naýza, serdesse, hanjar, gylyç, zyňmak üçin niýetlenen enjamlar, harby esbaplar we ş.m.) , harby dessurlary we wyždanlylyk kadalary , harby-türgenleşik oýunlary, harby ussatlyk we taryhy köp wagtyň içindäki ep-esli maglumatlar bilen tanyşdyrýan ýedi bapdan ybaratdyr. Kitaba syn ýazan M.I.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň professory Russiýanyň tebigat ylymlary Akademiýasynyň Akademigi M.I. Isaýew bu monografiýada gadymy wagtlardan bäri taryhyň soraglaryna giňişleýin gözýetim açyldy diýip belleýär. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Akademigi A. Jikiýew şunuň ýaly işiň Merkezi Aziýada intek bolmandygyny ýörite belledi.

Öwez Gundogdyýew 35 sany kitabyň awtory bolup, onuň eserleriniň birnäçesi harby taryha bagyşlanan. Olar: „Teke atçylyk polky“ (Aşgabat, 1992), „Türkmeniň taryhyndaky beýik orta asyr serkerdeleri“ (Aşgabat, 1996), „Türkmeniň geçmişi“ (Moskwa, 1998),“Türkmeniň aty we atly goşuny“ (Aşgabat, 1999), „Türkmenistanyň meşhur zenanlary“ (Aşgabat, 2001), „Türkmeniň milli oýunlary“ (Aşgabat, 2002), „Türkmeniň taryhy -Moskwa şäheriniň öňdebaryjy arhiwlerinde“ (Aşgabat, 2005), „XIX – XX asyryň başynda Türkmenistan Ýewropaly awtorlaryň gözi bilen“ (Aşgabat, 2008). Awtoryň „VI-XVI asyrlarda turkmeniň harby taryhy we ýaragy“ atly işi 2002-nji ýylda Ankara şäherinde çapdan çykan „Türkler“ atly köp jiltli ensiklopediýasynda öz mynasyp ornuny tapdy.

Öwez Gündogdyýewiň täze kitaby dürli edebiýatlardaky çeşmeleriň esasynda bolup, bezegi taýdan hem örän baýlaşdyrylandyr (kitapda awtoryň öz çeken suratlary hem ýerleşdirilen). Monografiýa rus dilinde çapdan çykdy. Talyplar, okuwçylar, arheologlar, taryhçylar we etnograflar üçin goldanma boljak bu kitabyň tiz wagtda türkmen dilinde hem çapdan çykmagyna garaşylýar. Kitapdaky köp mysallar ylmy dolanşyga ilkinji gezek girizildi.