Ï Misserianyň minaralary...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Misserianyň minaralary...

view-icon 1046
...Bir wagtlar bu ýerde Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda gülläp oturan paýtagt şäheri ýerleşipdir. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan gadymy Misserianyň minaralary bolsa ösen Orta asyr Gündogaryň binagärlik çözgüdiniň seýrek duş gelýän görnüşidir.

Şu döwürde bu gadymy Misserian ýadygärligi Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerleşýän taryhy – medeni „Gadymy Dehistan“ goraghanasynda ýerleşýär. Bu ýerde onlarça taryhy ýadigärlikler ýerleşip, olaryň hersiniň özboluşly aýratynlygy bar.

Dehistanyň ýadygärlikleri baradaky edebiýatlarda, Misserianyň minaralary Demirgazyk (XII asyr) , we Günorta (XIII asyr) diýip şertleýin belgilenýär. Demirgazyk tarapyndaky minarany, şol döwürde Dehistanyň hökümdary bolan Japar Ahmediň minarasy diýip hem atlandyrýarlar.


Şäheriň gülläp ösýän döwründe (X- başy XIII asyr) munuň ýaly minaralaryň sany köp bolupdyr. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende şuňa meňzeş birnäçe gurluşlaryň fundamentleriniň sudury tapyldy. Iki minara galanyň diwarynyň daşynda, günorta we demirgazyk rabadlarda (şäher galasynyň diwarlaryna degip duran şäher etekleri ) ýerleşipdir. Ýene üçüsi şähristanyň öz içinde ýerleşipdir.

Orta asyrlarda minaralar köp ýagdaýlarda metjidiň ýanynda gurlup, umumy binagärlik ulgamyny döredýärdiler. Minaralaryň esasy wezipesi dini adamlary namaza çagyrmakdan ybaratdy. Minaralaryň işgärleri muedzinler bolupdyr. Minaralaryň etmeli borçlarynyň hataryna mundan başga-da garawullyk, gözegçilik we aragatnaşyk işleri ýüklenen bolmagy hem mümkin diýen çaklamalar bar.

Minaralaryň gurluşlary we yşlary bilen tanyşanyňda bu çaklama dogry bolup biler diýen pikire gelýärsiň. Daşyndan dörtburç yşlar içki tarapa daralyp, howa geçiriji, gündiz bolsa içki sütünleriň aralaryny ýagtylandyrmak üçin niýetlenipdir. Mundan başga-da bu beýik ymaratlar Hazarýaka giňişlikleriniň hötdesinden gelýän jahankeşdeler, kerwenler üçin özboluşly ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir.

„Minara“ ýa-da „minar“ sözi arap dilinde „ýagty salmak“ manyny berýär. Gijelerine minaralarda ýörite keramiki çyralaryň ýanyp, jahankeşdelere ýol görkezişini göz öňüne getirip bolýar.


Demirgazyk minarasy ýaşy boýunça iň gadymysy hasaplanýar. Onuň „meandr“ usulyndaky geometriki nagşy gymmatly taryhy maglumatlary özünde saklaýar. Minaranyň daşyny kufiý ýazgylary edil bilezik ýaly gurşap alýar. XX asyryň başynda Gündogary öwreniji alym A.A. Semenow ilkinjileriň hatarynda bu ýazgylary düşündirjek boldy. B.N.Kastalskiniň fotosuratda ýazgylary berkitmek usulynyň kömegi bilen ol minaranyň orta bilindäki „Ali gurluşykçy Abdyl Agarrynyň ogly Abu-Japar Ahmediň buýrugy boýunça işledi“ diýlen ýazgyny okap bildi.

Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ahyrynda Dehistanda giňişleýin ylmy – barlag işleri geçirildi. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy M.E. Masson bu ýazgylary şeýle düşündirdi. „Beýik Allanyň ady bilen. Allanyň razylygy bilen. Rabatyň eýesi Abdyl Agarrynyň ogly Abu-Japar Ahmediň buýrugy üçin, goý Alla ony şöhratlandyrsyn. Ziýadyň ogly Aliniň işi“. Girelgeden sähel ýokarrakda ýerleşen minaranyň aşaky bilindäki bölekleriniň ýitenligine garamazdan, ol Demirgazyk minaranyň 495 Hijri, biziň eýýamymyzyň 1104/05 ýyllaryna degişlidigini anyklap bilipdir.

Iki sany saklanyp galan bu minaralaryň görnüşi biri – birine meňzeş. Ol iki sany, daşky konus görnüşli we diametri 3 metre barabar içki sütunlerden ybaratdyr.Olary bişen kerpiçden gurlan aýlawly basgançak birikdirýär. Bu minaralar şäheriň binagärlik gözelliginde esasy orny tutupdyrlar. Orta asyr binagärleri üçin minaralaryň beýikligi we syratlylygy iň gymmatly we tapawutly aýratynlygy diýlip hasaplanypdyr. Dehistandan soň öz wajyplygy we ähmiýeti bilen Ahur minarasy tapawutlanýar. Ol barada Misseriandan 45 km uzaklykda ýerleşen Malau gadymy şäher harabaçylygy ýatladýar.

Biziň günlerimizde hem uzakdan Misserianyň minaralarynyň sudurlaryny görüp bolýar. Orta asyr şäherinde ençeme gümmezli gurluşlaryň içinde minaralaryň ajaýyp görnüşlerininiň nähili täsirli bolandygyny göz öňüne getirip bolýar.

Biz Dehistanyň diňe iki sany ýadygärligi barada aýtdyk. Bu täsin ülke özünde ýene-de nähili täsinlikleri we syrlary jemleýärkä? Biziň ýurdumyzyň taryhy ýadigärlikleri gyzyklandyrýan syýahatçylara bu zatlaryň ählisi barada gürrüň bermäge biz taýýar.