Ï Türkmenistanyň ýaş zehinleri «Ýewraziýanyň ýyldyzy» halkara bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaş zehinleri «Ýewraziýanyň ýyldyzy» halkara bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik ederler

view-icon 793
Şu günler Türkmenistanda «Ýewraziýanyň ýyldyzy» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň milli saýlama tapgyry dowam edýär. Oňa ýurdumyzdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Türkiýeden estrada aýdymçylary gatnaşýarlar. Bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen «TRT Avaz» türk teleýaýlymy çykyş etdi. Bäsleşigiň maksady türki dilli ýurtlaryň arasynda halkara döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden, ýaş zehinleri goldamakdan, döredijiligi höweslendirmekden hem-de milli aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň kadalaryna laýyklykda, her ýurtdan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna dalaşgärleriň biri gatnaşar. Olar göni ýaýlymda çykyş ederler. Olaryň arasyndan emin agzalarynyň we sms arkaly tomaşaçylaryň seslerini köp alanlary bäsleşigiň ýeňijileri bolarlar. Häzir bäsleşige gatnaşýan ýurtlarda deslapky tapgyrlar geçirilýär.

Mysal üçin, bäsleşigiň birinji tapgyrynda Türkmenistanda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan aýdymçylaryň 100-e golaýy gatnaşdy. Emin agzalary tarapyndan dalaşgärleriň ählisiniň arasyndan ýokary ussatlygy, aýdymlaryň many-mazmuny bilen tapawutlanan ýerine ýetirijileriň 30-sy saýlanyp alyndy. Olaryň çykyşlary «Türkmen owazy» milli teleýaýlymynyň we «Owaz» radioýaýlymynyň ýörite gepleşiklerinde görkezilýär we eşitdirilýär. Öz nobatynda, teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler sms-iň kömegi bilen özlerine ýaran ýerine ýetirijiler üçin seslerini berip, bäsleşigiň barşyna täsir edip bilerler. Ses bermegiň netijeleri boýunça dalaşgärleriň 30-synyň arasyndan 10 aýdymçy bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alnar.

Şenbe güni, 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde saýlama tapgyryň ýeňijileriniň çykyşy bolar. Bu konsert göni ýaýlymda görkeziler. Şu ýerde ýaş ýerine ýetirijiler diňe bir emin agzalaryna öz ussatlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ol ýa-da beýleki aýdymça öz sesini berjek teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň köp sanlysynyň ynamyny gazanmaly bolar. Ykjam aragatnaşyk arkaly ugradylýan şeýle habarlaryň sany emin agzalary tarapyndan Türkmenistana «Ýewraziýanyň ýyldyzy» halkara bäsleşiginde wekilçilik etjek ýeke-täk gatnaşyjyny seçip almakda esasy görkezijileriň biri bolar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň jemleýji çykyşlary her bir ýurduň milli telewideniýesinde we «TRT Avaz» ýaýlymynda göni gepleşiklerde görkeziler. Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylar ýaryşyň geçýän ýurdunyň dilinde bir aýdymy, soňra bolsa ene dilinde aýdymy ýerine ýetirmeli bolar. Dalaşgäriň islegi boýunça ol özüniň ikinji çykyşynda tansy hem ýerine ýetirip biler ýa-da saz guralynda çykyş edip biler.

Jemleýji tapgyrlarda şeýle hem ýerine ýetirijileriň sms-reýtingi düzüler, halkara eminler agzalary hem öz bahalaryny bererler. Şunda jemleýji bäsleşiklerde ýurtlaryň birisi hem özünden görekezilen gatnaşyjy üçin ses bermäge hukugy ýokdur. Şeýlelikde, halkara jemleýji bäsleşikleriniň geçiriljek ýeri bolan döwletleriň her biri öz ýurdy barada gürrüň berýän tanyşdyrylyş widioşekilli roligini görkezer, ol gepleşikleriň maksatnamasyna giriziler.

Iň soňky jemleýji uly bäsleşik ýaryşa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda bije atyşlygyň netijesinde kesgitlenen ýurtda geçiriler.

Bu ýerde bäsleşige gatnaşyjylaryň ähli tapgyrda alan umumy netijeleri, şeýle hem jemleýji bäsleşikde gazanylan sms-ses bermegiň netijeleri yglan ediler. «Ýewraziýanyň ýyldyzy» diýen hormatly derejeden başga-da, ýeňiji bäsleşigi guraýjylardan pul sylagyny alar. Sylaglar halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ähli gatnaşyjylaryna hem gowşurylar. Elbetde, ýaş zehinlere tomaşaçylaryň ykrarnamasy esasy sowgat bolar. Mundan başga-da, ýerine ýetirijileriň köpüsi üçin bu bäsleşik özleriniň ukyplaryny doly açmaga, beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de şol ýurtlarda meşhurlyga eýe bolmaga ýardam eder.

Bu halkara taslamasy Ýewraziýa yklymynyň döwletleriniň medeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam eder. Çünki geljekde bäsleşigiň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi Türkmenistan üçin öz baý medeniýetini we sungatyny uly halkara sahnasynda görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Biziň ählimiz türkmen topragynyň zehinlere baýdygyny, türkmen halkynyň döredijiliginiň egsilmezdigini bilýäris. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgama berýän aýratyn ünsüniň netijesinde ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek babatda täze mümkinçilikler açyldy. Döwlet Baştutanymyz milli sungatyň rowaçlanmagy, zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär.

Eýýäm bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Ýewraziýanyň ýyldyzy» bäsleşigine özüniň iň gowy estrada aýdymçylaryny ugratmak bilen çäklenmän, eýsem bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek ugrundaky ýaryşa hem gatnaşar. Elbetde, bäsleşigiň haýsy ýurtda geçiriljekdigi bije atmak arkaly kesgitlener. Ýöne soňky ýyllarda halkara festiwallarynyň we maslahatlarynyň ykrar edilen merkezine öwrülen ýurdumyzda «Ýewraziýanyň ýyldyzy» ýaly giň möçberli bäsleşigi kabul etmegi üçin ähli mümkinçilikleri bar. Galyberse-de, biziň ak mermerli paýtagtymzdan başga-da, bu bäsleşigi geçirmäge indi Awaza hem dalaş edýär. Şol ýerde eýýäm halkara derejesindäki uly wakalar, şol sanda estrada festiwallary geçirildi.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistana bu täze halkara taslamasynda görkezip biljek zatlary—ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri, milli sungatlaryň ajaýyp däp-dessurlarynda dowam edýän ajaýyp medeni mirasy görkezmäge hem-de dostlukly ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän medeni gatnaşyklary dowam etdirýän «Ýewraziýanyň ýyldyzy» atly bäsleşigiň hemişelik geçirilýän ýerleriniň birine öwrülmegi üçin ajaýyp şertleri bardyr.