Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy
Şu gün hytaý paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” , “Ganatly bedewler” we “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy, hytaý dili bolsa BMG-niň resmi dilleriniň biridir.
Türkmen Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyna bagyşlanylan tanyşdyryş çäresine HHR-iň Daşary işler ministrliginiň we Bilim ministrliginiň, Hytaý-Merkezi Aziýa dostluk jemgyýetiniň wekilleri, beýleki resmi adamlar, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň saparynyň çäklerinde Pekine gelen Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, žurnalistler we HHR-de okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideriniň türkmen, rus, iňlis, dünýäniň beýleki dillerinde köpçülikleýin sanda neşir edilen düýpli işleri millionlarça daşary ýurtly okyjylara türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga, şeýle hem täze milli Galkynyş eýýamyna gadam uran häzirki zaman Garaşsyz bitarap Türkmenistan hakynda malgumatlary almaga özboluşly mümkinçilik eçilip, eýýäm olar üçin elýeterli boldy, lukmançylyk we atşynaslyk babatda asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan däpler onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
“Dýaoýutaý” Döwlet kabulhanasynyň “Fan Feý Ýuan” toplumynyň eýwanynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, sanawynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, hytaý, iňlis, rus, nemes, fransuz, türk we beýleki dillerde neşir edilen eserleri bolan kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. Kitaplaryň arasynda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda belli bolan “Janly rowaýat”, “Ahalteke bedewleri --biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmenistan –merhemler mekany”, “Älem içre at gezer”, “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” we başga-da birnäçe kitaplar bar. Bu ýerde görkezilen kitaplaryň arasynda türkmen nusgawy edebiýatynyň gymmatly eserleri bolan Mollanepesiň, Andalybyň we beýlekileriň ýygyndylary, şeýle hem häzirki zaman çeper eserler we ylmy işler bar.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden HHR-iň daşary işler ministri Ýan Szeçi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Hytaý-Merkezi Aziýa dostluk jemgyýetiniň başlygy Çžan Deguan, HHR-iň bilim ministriniň orunbasary Liu Limin we beýleki dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintaonyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, şol sanda gumanitar ulgamynda täze ösüş depginine eýe bolandygyny nygtadylar. Bu babatda häzirki waka gürrüňsiz suratda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky netijeli medeni, ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby Pekin uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň dosenti Wan Liganyň ýolbaşçylygynda hytaý diline terjime edildi. Bu neşiriň taýýarlanylmagyna we çykarylmagyna däp bolan hytaý lukmançylygynyň Nankin uniwersitetiniň we däp bolan ýewropa-aziýa-amerikan lukmançylygyny öwrenmek boýunça Şanhaý kompaniýasynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň we halk fitoteropiýasynyň özboluşly ensiklopediýasy gürrüňsiz suratda hytaý lukmançylygynyň wekillerinde ägirt uly gyzyklanma döreder. Onuň gözbaşlary bolsa türkmen halkynda bolşy ýaly, halk lukmanlarynyň elin derman serişdelerini peýdalanmaga esaslanan köp asyrlyk däplerinden başlanýar. Bu neşir asyrlaryň dowamyndaky däpleriň we häzirki zaman innowasiýalarynyň lukmançylyk iş tejribesine goşulyşmagynyň ýörelgesini peýdalanyp, elin çig maldan ýokary netijeli derman serişdelerini döretmäge ugur alan dermançylyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berer.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl çapdan çykan “Türkmenistan--melhemler mekany” atly ylmy işi hakykatda Türkmenistanyň tebigy-bejeriş baýlyklaryny öwrenmek hem-de rejeli peýdalanmak boýunça ylmy-barlag işleri görnüşinde ýurdumyzyň şypahanaçylyk mümkinçiliklerini uly möçberde tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Kitapda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek, häzirki zaman köpugurly saglyk düzümlerini döwlet syýasatynyň strategiki maksatlary hem-de wezipeleri bilen ýakyn arabaglanyşykda döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler görkezilendir. Täze sanatoriýa-şypahana toplumlarynyň hemme ýerde gurulmagy we işläp gelýänleriniň durkunyň täzelenmegi bu işiň möhüm ugrudyr.
Şunda ýurdumyzyň Türkmenistanda şypahana bejerişiniň esasy şerti bolup durýan özboluşly howa ýagdaýy, biziň ülkämiziň köp dürli tebigy şertleri we egsilmez sahylygy ony halkara derejesindäki şypahana öwürmäge mümkinçilik beýrär. Berzeňňi, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap, Mollagara ýaly meşhur türkmen şypahanalary we sanatoriýalary, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munuň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ganatly bedewler” atly kitap-albomy bagyşlanylan meşhur ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň ýene-de bir täsinligidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly öňki işinde bolşy ýaly, özünde fotosuratlaryň 220-sinden gowragyny jemleýän bu neşir dünýäniň dürli künjeklerinden “behişde bedewleri” köp sanly söýýänlere olaryň diňe bir biziň milletimiziň buýsanjyny we şöhratyny düzmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly baýlygy bolup durýandygy barada gutarnykly maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Bellenip geçilişi ýaly, bu ajaýyp neşirler Türkmenistanda atçylyk sporuny höweslendirmäge we ösdürmäge, degişli häzirki zaman düzümlerini kemala getirmäge berilýän ägirt uly ünsiň resminamalaýyn subutnamasydyr. “Behişdi bedewleri” gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek işine, türkmen atşynaslygynyň şöhrat gazanan däplerini dowam etdirmäge we ösdürmäge hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan goşandy hakykatdan hem gymmatlydyr.
Tanyşdyryş mahaly täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri hakyndaky wideofilm hem görkezildi.