Türkmenistan –bu sözde dutaryň mukamy we türkmen toýunyň sazlaşykly simfoniýasy, bu sözde aňyrsy-bärsi görünmeýän galla meýdanlarynyň ygşyldysy we uly şäherleriň güwwüldisi jemlenen. Bu mekanyň gözellikleri- ençeme tebigy we taryhy ýadygärlikler, ajaýyp etnografiki öwüşgünlilik, türkmen halkynyň urp – adatlary we däp-dessurlary.
Gün-günden we ýylsaýyn deňiz tolkunlary dynç almak üçin altynsow çägeleri Hazaryň kenaryna düşediler. Indi bolsa owadanlygy we arassa howasy bilen jahankeşdeleri özüne maýyl edýän bu kenarda dünýä derejesine laýyk geljek „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagy döredildi.
Bu günki günde ýurduň deňiz derwezesi hasaplanýan Türkmenbaşy şäheriniň hem-de Hazar deňziniň kenarynda döredilýän bu syýahatçylyk zolagynyň geljegi uludyr.
Türkmen kenarynda kaşaň myhmanhanalar gurlup, täze häzirki zaman infrastrukturasy durmuşa ornaşdyryldy. Kenarýakada ösýän dynç alyş öýleriň beýik binalary, kotedž şäherçeler , sport we köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin merkezleri bu taslamanyň geriminiň uludygyny ýene-de bir gezek ýadyňa salýar.
Türkmenistanyň ähli künjekleri myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu ajaýyp topragy günüň mekany diýip hem atlandyrsak bolar. Ilki bilen günüň şöhleleri ýurduň gündogarynda ýerleşýän Köýtendagyň beýik gerişlerine düşýär. Az salymdan gün öz şöhlelerini Türkmenabada, Mara we Köpetdagy etekläp oturan ak mermer şäherimiz Aşgabada paýlap, täze başlan günün buşlukçysy bolýar. Ýurdumyzyň Köpetdag dag ulgamy özüniň jana şypaly çeşmeleri bilen gyzyklydyr. Bu ýerde dünýä belli Arçman şypahanasy özüniň melhem suwy we dag howasy bilen adam bedenine oňaýly täsirini ýetirýär. Köpetdagyň günorta-günbatary bolsa nar agaçlarynyň we zeýtunyň tokaýlyklary bilen bellidir.
Garagumyň gün gerişleri onlarça metr beýikligine ýokary göterilende hem bu jöwzada durmuş gaýnaýar, gyrymsy agaçlar we sazak jeňňellikleri göge bürenip , giden sähralyga görk berýär. Bu çägeli ummanyň gözýetmez giňişligini ilkinji gezek gören adam haýran bolýar. Bu tolkunlar süýşende çäge öz mukamyny çalýar...
Garagum çöli ummasyz giňişlik bolsa hem onuň çägi hem bar. Çägeleriň arasynda birden suwly çeşmeleriň sesi eşidilip , gülleýän oazisler öňüňde peýda bolýar. Gök bürenip oturan meýdanlaryň gyralarynda ösüp oturan ýaşajyk tut agaçlary günüň ýylysyna çoýunýarlar. Käbir ýerlerde Garagum çöli beýik daglaryň eteklerine, mysal üçin Uly Balkan daglarynyň eteklerine hem ýetýän ýerleri bolýar.
Garagumyň demirgazygyny Ustýurt belentlikleriň kert gaýalary, Sarygamyş kölüniň aýna ýaly tekiz suwy we bu äpet kölüň gyralarynda ygşyldap oturan göm-gök gamyşlary tutýar. Bularyň gapdalynda Daşoguz welaýatynyň gözellikleri we gadymy Köneürgenç ýerleşýär.
Garagumyň günortasynda bolsa gadymy siwilizasiýanyň biri bolan Merw, häzirki zaman Murgap oazisiniň edil ýüreginde ýerleşýär. Welaýat merkezinden gaty daş bolmadyk Gadymy Merw taryhy ýadygärligi ajaýyplygy bilen özüne çekýär. Soltan Sanjar ýadygärligini Gadymy Merwiň bezegi diýip hasaplap bolýar. Ýurduň günortasynda, Murgap oazisiniň iki tarapynda- ýaz aýlarynda çigildemlerden we dürli – dürli owadanlygy we hoşroý ysy bilen aňk edýän güllere bürenen Badhyzyň we Garabiliň ýapgytlary özüniň gözelligi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistan- gözel tebigatly, baý medeni – mirasly, göwnaçyk adamlaryň hem-de ajaýyp däp-dessurlaryň mekany. Bu topraga buýsanmak üçin hem-de myhmanlara görkezmäge köp ajaýyplyklar bar. Behişdi türkmen bedewleri, nepisligi bilen tapawutlanýan täsin türkmen halylary, türkmen gawunyň gaýtalanmajak tagamy we ençeme baýlyklar Türkmenistana gelen myhmanlarda uly täsir galdyrar.
Gadymy müňýyllyklardan kök alyp gaýdýan türkmen halkynyň medeniýeti, dürliligi bilen tapawutlanýan tebigy landşaftlary, taryhy ýadygärlikleri- bularyň ählisi syýahat etmäni gowy görýan we dünýäni tanamak isleýän jahankeşdelerde Türkmenistana bolan uly gyzyklanmany döredýär
Biziň saýtymyzyň „Türkmenistana hoş geldiňiz“ bölümi ýurdumyzyň gözel ýerleri, tebigy we taryhy ýadygärlikleri, türkmeniň baý däp- dessurlary barada gürrüň berýär. Bu ýerde siz şu ugurlardan dürli maglumatlary alyp bilersiňiz.