Ýewropa Bileleşiginiň “Tempus” maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky işjeň gatnaşyklary emele getirmek we ýola goýmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri şu gün Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mejlisler zalynda bolan “Tempus maglumatlar gününiň” meselesi boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ýewropa toparynyň Bilim we medeniýet boýunça ýerine ýetiriji agentligi we “Tempus” milli edarasy tarapyndan guralan duşuşyga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň Türkmenistanda resmi taýdan bellenen ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän milli bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu uly möçberli işde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge, dünýäniň esasy ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlary işlemek üçin ýurdumyza çekmäge, talyplary yzygiderli alyşmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga, innowasion taýdan tälim berýän tilsimatlary, şol sanda multimediýa we maglumatlar tilsimatlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň “Tempus” maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan aragatnaşyklar hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ona golaýy köp babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylara hyzmatdaş ýurtlarda ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmagyň barşyny goldamaga gönükdirilen “Tempusyň” işi hakyndaky giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem taslamanyň utgaşdyryjylary ýüztutmalary bermegiň, bilelikdäki okuw taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ileri tutulýan milli ugurlary hem seçip almagyň şertleri bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.
Duşuşygyň barşynda “Erasmus Mundus” atly maksatnamanyň täze taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy, onuň esasy maksady bolsa mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmakdan, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan, okatmagyň barşynda iň gowy ýewropa tejribesini, täze usulyýetleri we tilsimatlary öwrenmekden hem-de ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu taslamanyň çäklerinde Ýewropa ýurtlarynda magistraturada bilim almagy dowam etdirmek isleýän talyplara orunlar, aspiranturada hem-da doktoranturada mugallymlary okatmak üçin grantlar berilýär. Taslamany utgaşdyryjylaryň maglumatlary boýunça Ýewropanyň belli ýokary okuw mekdeplerinde tälim alyş okuwlaryny geçmäge hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, esasy Ýewropa hünärmenleriniň Türkmenistana ylmy iş saparlaryna mümkinçilikler hem göz öňünde tutulýar.