Şu gün türkmen paýtagtynda “Bilim beýik Galkynyş zamanasynda” atly halkara sergi açyldy, şonuň çäklerinde Türkmenistanda bilimi ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ylmy maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu uly möçberli çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldyy.
Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guralan sergi ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri äşgär etmek arkaly, şu ugurda netijeli halkara gatnaşygyny ösdürmekde nobatdaky ädime öwrülmelidir. Gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi halkara bileleşiginiň düýpli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändigingi görkezýän subutnama öwrüldi, sergä gatnaşýanlaryň arasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-dan gowragy, halkara guramalarynyň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylym—bilim merkezleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň esasy bilim edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň 50-ä golaýnyň wekilleri bar.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Gutlagda häzirki zaman şertlerinde dünýäniň islendik ýurdunyň bilim ulgamyny ösdürmek, halkara bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak, ilkinji nobatda iň kämil okuw tilsimatlarynyň we dünýä ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ösüşiň innowasion ugry bilen berk baglydyr diýlip bellenilýär. Döwlet Baştutany durmuşyň öňe çykaran şu möhüm zerurlyklaryndan we hakykatlaryndan ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşmak maksady bilen, özüniň milliligi boýunça tapawutlanýan häzirki zaman bilim ulgamyny döretmegiň innowasion ösüş ýolunyň saýlanyp alnandygyny nygtady.
Bilim ulgamyndaky täze syýasatyň esasy maksady ýurdumyzda milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmekden ybaratdyr, olaryň taýýarlygynyň derejesi ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidir. Bilim ulgamyny özgertmegiň möhümdigi aýdyň görünýär, çünki diňe ýaşlaryň biliminiň ýokary derejä ýetirilmegi, olara zerur bilimleriň we amaly endikleriň öwredilmegi, belent ahlak-etiki kadalar bilen baglylykda tälim berilmegi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanylmagyny üpjün edip biler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň halkara standartlaryna laýyk gelýän derejede döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredildi, munuň özi milletiň intellektual kuwwatyny artdyrmak, hünärmenleriň döwrebap binýadyny döretmek we ýurdumyzyň halk hojalygyny göwnejaý derejede taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin zerurdyr. Häzirki döwrüň talaplary göz öňünde tutulyp, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw we tejribe bilen bagly binýady täzelenildi, okatmagyň usullary kämilleşdirildi. Bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänler üçin dürli ugurlaryň we hünärleriň giň toplumy hödürlenilýär. Şunda tälim berilýänleriň sany yzygiderli ýagdaýda artýar. Türkmenistan bilim baradaky milli resminamalary özara ykrar etmek hakynda daşary döwletler bilen ylalaşyklary yzygiderli ýagdaýda baglaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlaryna Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň we beýleki döwletleriň abraýly okuw mekdeplerinde okamak üçin mümkinçilik döredildi.
Bilim boýunça özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda okuw-bilim infrastrukturasy dolulygyna döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň ählisi üçin diýen ýaly, täze, döwrebap okuw binalary gurulýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda has çetde ýerleşýän ýerlerde bilim ulgamynyň täze, döwrebap desgalaryň we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygy alnyp barylýar. Galyberse-de, täze okuw mekdepleriniň ählisi hökmany suratda öňde baryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär, şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda oba ýerlerindäki ýaşlar üçin multimediýa we kompýuter tehnikasy elýeterli edildi, olar bilim almagyň interaktiw usullaryndan peýdalanyp bilýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ýaşlaryna dünýädäki derejä laýyk gelýän bilimi almaga, öz içki dünýäsini baýlaşdyrmaga, gözýetimini giňeltmäge, ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlarda ylma höwesiň artmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösldürmekde şu ugur boýunça dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäniň iş ýüzünde ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, olar bilen gös-göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gün paýtagtymzda öz işine başlan halkara sergisi we ylmy maslahat şu ugurdaky işde nobatdaky netijeli ädime öwrülmelidir.
Sergi merkezinde guralan ekspozisiýada häzirki wagtda bilim boýunça elýeterli hyzmatlaryň tutuş toplumy görkezilýär. Bu ýerde interaktiw, kompýuter tehnikasyny, laboratoriý we lingafon enjamlaryny, okuw-görkezme esbaplaryny öndürmek we bilim ulgamynda ulanylýan maksatnamalar bilen üpjünçilik boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler.
Şu çäre mekdebe çenli, mekdepde bilim bermek, orta hünärmençilik we ýokary bilim boýunça ösüşiň tapgyrlaryny we soňky gazanylanlary äşgär edýän meýdança öwrüldi hem-de bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmekde täze maksatlary we wezipeleri kesgitlemäge, şeýle hem has möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly ýagdaýlary döretmek arkaly, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ylym, bilim edaralarynyň arasynda tejribäniň we başlangyçlaryň alşylmagyna ýardam bermelidir.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda bellenilen maksatnamanyň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa türkmen hünärmenleri bilen birlikde daşary döwletleriň 30-dan köpräginden 60-dan gowrak alymlar gatnaşýar.
Umumy mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) wekili Sampe Lalungpa çykyş edip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara guramasynyň wekili Türkmenistanda “Çagalara mähirli garalýan mekdep” (ÇMGM) atly taslamanyň birinji tapgyrynyň üstünlikli amalda aşyrylandygyny hem-de şonuň netijesinde ýurdumyzdaky mekdepleriň 26-syna degişli dereje berlendigini aýtdy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň birnäçe mekdeplerine çagalara mähirli garalýan mekdep hökmündäki derejäniň berilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmäniň netijelidigini aýdyň görkezýän subutnama öwrülendigini, şol özgertmäniň okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyndan ybarat bolup durýandygyny bellediler, hut şonuň netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykýär.
Halkara sergi we ylmy maslahat 26-njy noýabra çenli öz işini dowam etdirer.