Ï Aşgabatda bilim boýunça halkara çäre tamamlandy: bilimler arkaly goşulyşmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda bilim boýunça halkara çäre tamamlandy: bilimler arkaly goşulyşmak

view-icon 1103
Şu gün türkmen paýtagtynda “Bilim beýik galkynyş zamanasynda” atly halkara sergi öz işini tamamlady, şonuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu uly möçberli çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Ozal habar berlişi ýaly, sergä daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-dan gowragynyň, birnäçe halkara guramalarynyň, dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri ylym-bilim merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eksponentleriň uly toplumy we bu çärä dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagy dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrýan Türkmenistan babatda uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guralan halkara sergisi innowasion işläp taýarlmalary, okatmagyň jňdebaryjy usulyýetlerini, maksatlaýyn we tehniki serişdelerini, dünýäde bilim boýunça gazanylanlary görkezmek üçin oňaýly meýdança öwrüldi. Daşary ýurt kompaniýalary bu ýerde bilim ulgamynda ulanylýan interaktiw, kompýuter tehnikasynyň, laboratoriýa we lingafon enjamlarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň we programma bilen üpjünçiligiň giň toplumyny görkezdiler.

Gözden geçirilişe ýurdumyzyň esasy bilim edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň 50-ä golaýy gatnaşdy. Olaryň ekspozisiýalary türkmen bilim ulgamynyň gazanan has möhüm netijelerini, şol sanda hünär taýdan taýynlamak, hünär ussatlygyny artdyrmak we hünäre ugrukdyrmak boýunça döwlet we döwlete dahylsyz edaralaryň hödürleýän hyzmatlarynyň giň topluyny görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Şeýle hem şu çäräniň işewürçilik maksatnamasynyň çäklerinde şu ulgamyň umumy teoretiki, usulyýet we amaly jähetleri boýunça ylmy maslahat geçirildi. Dört sany bölümde geçirilen mejlisleriň barşynda türkmen alymlary we hünärmenler daşary ýurtly kärdeşleri bilen birlikde bilime degişli tehnologiýalar boýunça tejribe alyşdylar, bilimiň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, pedagogika hem-de maglumatlara we tehnologiýalara degişli taslamalaryň ösdürilmegi boýunça innowasion çemeleşmeleri işläp taýýarlmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Häzirki wagtda täze bilimleriň we dünýädäki maglumatlar giňişliginde tehnologiýalaryň batly depginde ösdürilýändigi hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik ösüşiniň bilimiň täze ýörelgelerine geçirilmegini şertlendirendigi hem-de şonda bilimleriň yzygiderli ýagdaýda edinilmegine hem-de alnan bilimleriň iş ýüzünde göwnejaý ulanylmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Şunda, Türkmenistanyň öz taryhynyň täze tapgyryny başdan geçirýän mahalynda durmuş-ykdysady özgertmeler bilen birlikde, bilim ulgamyny düýpgöter we hil taýdan täzelemek maksaldy bilen özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy kanuna laýyk ýagdaýdyr. Bilim boýunça täze syýasat milli ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzda toplanan tejribäni, şeýle hem tutuş dünýäde şu ugurda gazanylanlary özünde jemleýän ýörelgelere esaslanýar.

Ýurdumyzda garaşsyz ösüşiň ilkinji ýyllarynda mekdebe çenli çagalar edaralaryny we mekdepleri, çagalar we ýetginjekler üçin estetika we çeperçilik merkezlerini gurmak hem-de olary döwrebap enjamlary we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler täze Galkynyş eýýamynda ozal görlüp-eşidilmedik derejedäki gerime eýe boldy. Ýurdumyzda okatmagyň we edinilýän bilimiň hilini gowulandyrmak üçin döwrebap okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň ýüzlerçesi neşir edilýär, bilim edaralarynyň maddy binýady pugtalandyrylýar we okuw-usulyýet işleri kämilleşdirilýär. Olaryň ählisi ýaşlaryň ösüşi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine, bilim ulgamynda ýurdumyzyň ýaş raýatlary baradaky hemme taraplaýyn aladanyň ileri tutulmagyny möhüm ugur edinýän giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda dünýäniň öňde baryjy bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, akademiki ulgamlaryň arasynda maglumatlaryň alşylmagynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Häzirki wagtda Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň esasy okuw merkezleri bilen birlikde, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça onlarça maksatnamalar we ylalaşyklar durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, döwrüň hakyky ýagdaýlaryny, üçünji müňýyllykda türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan uly möçberli wezipeleri göz öňünde tutup aýdanyňda, ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwleti hemme taraplaýyn ösdürmegiň esasy, möhüm maksatnamalaryň biri bolmak bilen, durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologik ösüş üçin gumanitar we işgärler bilen bagly kuwwatly binýadyň döredilmeginiň üpjün edilmegine ýardam berjekdigini nygtamak bolar. Geçirilen çäre döwletiň bäsdeşlige ukyply, döwrüň talabyna laýyk gelýän milli bilim ulgamynyň döredilmegine hem-de onuň dünýäniň bilim ulgamyna goşulyşmagyna jogapkärli çemeleşýändigini aýdyň görkezdi. Bu uly möçberli özgertmeleriň barşynda, maddy-tehniki binýadyň kämilleşdirilmeginden başlap, hünärine ökde mugallymlaryň düzüminiň taýýarlanmagyna çenli ähli taraplaryny göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşme üstünligi gazanmagyň esasy girewleriniň birine öwrüldi.

Bu çäräniň ahyrynda “Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikler” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleriniň myhmansöýer türkmen paýtagtynda duşuşmagyna oňaýly mümkinçiligiň hem-de bu çäräniň netijeli geçirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösdürilmegine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.