Şu gün “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkezinde milli telewizion ýaýlymlaryň işgärleri üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkiýäniň Halkara hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmak boýunça agentliginiň /TIKA/ wekilhanasy bilen bilelikde guralan hepdelik seminar öz işini tamamlady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini, şol sanda syýasy, medeni, aň-bilim we beýleki habarlary has giňden ýaýradýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň biri bolan telewideniýäni mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns berýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesini, häzirki zaman kompýuter we maglumatlar tilsimatlaryny öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bu ulgamda oňyn özgertmeleriň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
“Telegepleşikleri taýýarlamak we ýaýlyma bermek” meselesine bagyşlanan seminaryň barşynda Türkmenistanyň telewizion ýaýlymlarynyň, şol sanda ýakynda döredilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirildi. Seminara Türkiýe Respublikasynyň Maltepe uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar, bu uniwersitet öz okuw maksatnamalary, ylmy işläp taýýarlamalary hem-de tejribeli alymlary – mugallymlary bilen türk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdäki orny eýeleýär hem-de halkara ylym-bilim ulgamynda uly abraýa eýedir.
Okuwlar teleulgamlar merkezinde geçirildi, bu ýerde režissýorlar, ses režissýorlary, operatorlar, bezegçiler we gurnamak boýunça hünärmenler iş ýüzünde teleradiogepleşiklerde tehnikany we enjamlary ulanmagyň hünär endiklerini özleşdirdiler. Seminara gatnaşyjylar şeýle hem teležurnalistika teoriýasynda täze meýilleri öwrendiler we olary režissýorçylyk we ssenariýa ussatlygy boýunça, gepleşikler üçin şekillerden aňyrdaky ýazgyny ýazmak, täzelikleri taýýarlamagyň we görkezmegiň, interwýulary hem-de reportažlary geçirmegiň özboluşlylygy boýunça teoretiki we iş ýüzündäki okuwlary geçmegiň barşynda özleşdirdiler.
Bu ýere ýygnananlar çekişmeleriň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän şunuň ýaly okuwlaryň ägirt uly peýdasynyň bardygyny belläp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikiri aýtdylar, şeýle hem bu babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Seminar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylara güwänamalar gowşuryldy.