Ï Ylym we bilim dünýäsine aralaşyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym we bilim dünýäsine aralaşyp

view-icon 930
Şu gün ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça olimpidanyň “Ylyma we bilime giň ýol açyk, türkmeniň geljegi aýdyň nur bilen şuglanan” atly döwlet tapgyry badalga aldy.

Olimpiada döredijilik baýramçylygydyr, şonda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň iň oňat wekilleri bilimiň we ylymyň dürli ugurlarynda öz gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik alýarlar. Sebäbi häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri amala aşyrmagy ýakyn geljekde dowam etdirmek wezipesi ýaşlaryň öňünde durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ýaşlarynyň başarnygyny doly durmuşa geçirmek hem-de kämileşdirmek, şeýle hem iň oňatlary ýüze çykarmak üçin zerur şertleri döretmek türkmen döwletiniň ylym-bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Her ýyl geçirilýän intellektual bäsleşigiň maksady talyp ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, olarda öwrenilýän derslere gyzyklanmany ýokarlandyrmak, özbaşdak bilim almaga ukyplary ösdürmek, ylmy barlaglara ukyply, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bäsleşigiň döwlet tapgyryna ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden seçip alyş tapgyrlarynyň ýeňijileri bolan talyplar gatnaşdylar. Iki günüň dowamynda abraýly emin agzalary 23 ders boýunça öz bilimlerini görkezen iň oňat talyplary seçip alarlar, emin agzalarynyň düzümine meşhur alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary girdiler.

Bäsleşigiň şertleri boýunça ugurlaryň her birinde toparlaýyn we şahsy bäsleşikde baýrakly orunlar kesgitlener. Şahsy bäsleşikde I-III orunlary eýelänlere Döwlet bäsleşiginiň ýeňijisiniň hormatly ady berilýär. Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisi gymmatly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanylýar. Iň oňat we nusga alarlyk jogaplary berenler bolsa emin agzalarynyň çözgüdi boýunça hormat hatlaryny hem-de höweslendiriji baýraklary alarlar.