Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň baýramçylyk çykyşlary
Şu gün Maslahat köşgünde Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm seneleriň biri bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 16 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti boldy.
Biziň ýurdumyz üçin ykbal çözüji bu sene giň, dünýä möçberinde hem örän möhümdir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde şunuň ýaly köpugurly we netijeli gural bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy parahatçylykly ýörelgeleriň täze düýpli esaslarynyň kemala gelmegini, üçünji müňýyllygyň başynda adamzat üçin derwaýys bolan meseleleri çözmäge kämil çemeleşmeleriň döremegini şertlendirdi. Ýurdymyzyň 16 ýylyň dowamynda geçen ýoly Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň içerki ösüşinde we daşarky syýasatda bu taryhy çözgüde ygrarlydygyny tassyk edýän üstünlikleriň gazanylmagyny alamatlandyrdy.
Munuň özi häzirki günde, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň döwletimiziň dünýäniň öňünde parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde açylan, sazlaşykly ösýän we ilatyň ýaşaýyş derejesi gyşarnyksyz ýokarlanýan döwründe aýratyn äşgär göze ilýär. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşýar, ýokary ynsanperwerlik pähimlerini we gymmatlyklaryny wagyz edýär, özüniň döredijilikli we barlyşdyryjylyk ýaly beýik wezipesini barha doly durmuşa geçirýär.
Şu günler dünýäniň ähli yklymlaryndan biziň ýurdumyza türkmen halkynyň we onuň döwlet Baştutanynyň adyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglar gelip gowuşýar, ýurdumyzyň oňyn parahatçylyk ornaşdyryjylyk başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyny tapýar.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri şanly wakanyň hormatyna özleriniň döredijilik sowgadyny taýýarladylar we Maslahat köşgüniň ajaýyp sahnasynda milli aýdym-saz sungatymyzyň baý öwüşginlerini görkezdiler.
Zalda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümetiň, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň agzalary, biziň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar.
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly owazy döwlet konsertiniň başlanandygyny mälim etdi. Ony zalda oturanlaryň ýüzlerçesiniň sesleri joşgun bilen alyp göterýär.
Konsert Türkmen Milli konserwatoriýasynyň horunyň ýerine ýetirmeginde “Bitarap Watan” atly watançylyk aýdymy bilen açylýar. Soňra sahnada milletiň Liderine – Arkadagyna, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ägirt uly üstünlikleriniň öňbaşçysyna sungatyň dili bilen türkmen halkynyň ägirt uly hoşallygyny beýan edýän edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Milletiň Lideriniň parahatçylyk söýüjilik syýasaty bolsa öňden gelýän ýokary ýaşaýyş-durmuş taglymlaryna, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň parasatly we ynsanperwer däplerine esaslanýar, şol syýasat biziň ýurdumyza we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bütin dünýä möçberinde ykrar edilmegini we ýokary halkara abraýyny getirdi.
Tomaşaçylar türkmen sahnasynyň ýyldyzlaryny, belli aýdymçylary we sazandalary, ýurdumyzyň meşhur folklor-etnografiýa we tans toparlaryny, belli çagalar ansambllaryny uly ruhubelentlik bilen garşyladylar, olar özleriniň döredijilik ylhamyny häzirki baýramçylyga, gün-günden gülläp ösýän Watanymyza bagyşlaýarlar. Körpe aýdymçylar we tansçylar özleriniň “Güneş nurly Watanym” atly çykyşy görkezdiler, “Arçabil” deprekçiler toparynyň “Galkynyşyň owazlary” atly çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserte şeýle hem “Dokmaçylar”, “Galkynyş”, “Meňli”, “Näzli”, “Aşgabat”, “Laçyn” topary we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde halk we häzirki zaman aýdymlary, belli türkmen şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlar, milli we dünýä saz sungatynyň eserleri ýaňlandy. Horeografiýa kompozisiýalarynda döredilen simwoliki keşpler türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan häsiýetleriň – parahatçylyk söýüjiligiň we hoşniýetliligiň, dostluga sarpa goýmagyň we myhmansöýerligiň waspnamasyna öwrüldi. Artistlere eýýamlaryň we nesilleriň, geçmişiň we häzirki zamanyň, türkmen halkynyň iňňän baý ruhy mirasynyň hiç wagt öçmeýän ähmiýetini açyp görkezmek başardypdyr. Maslahat köşgünde bagşylaryň aýdymlary belent we joşgunly ýaňlandy.
Konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Buýsançnama” atly aýdym dabaraly konsertiň kuwwatly jemleýji owazy bolup ýaňlandy. Onuň joşgunly mukamy we ajaýyp sözleri özüniň hakyky gülläp ösüş eýýamyna gadam basan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly senasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň iň gowy aýdym-tans toparlary, belli aýdymçylary, teatrlaryň artistleri Bitaraplyk gününiň – biziň beýik ata-babalarymyzyň kuwwatly, bitewi, gülläp ösýän döwlet we gadymy türkmen topragynda ygtybarly parahatçylyk baradaky arzuwlarynyň amala aşmagynyň aýdyň beany şadyýan mukamlary we ruhubelent goşgulary bilen dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar.

* * *
Baýramçylyk konsertleri şu gün Döwlet sirkinde we paýtagtymyzyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde hem boldy. Ýurdumyzyň teatrlary bolsa “Watanymyz—mähriban Bitarap ýurdumyz” diýen umumy at bilen görkezen sahnalaryna tomaşaçylary çagyrdylar.