Şu gün Aşgabadyň etegindäki şäherde häzirki zaman umumybilim berýän 10-njy mekdebiň dabaraly açylyşy boldy. Abadanyň täzelenýän binagärlik-gurluşyk keşbine bezeg beren ak mermere beslenen mekdep röwşen we şatlykly baýramçylygyň—täze 2012-nji ýyly garşylamagyň öň ýanynda onyň ilatyna hakyky baýramçylyk sowgady boldy.
Täze okuw mekdebi şäheriň günorta-günbatar böleginde, 2010-njy ýylda öz gapylaryny giňden açan Medeniýet öýüniň ajaýyp ymaratynyň ýanynda guruldy we şol binalaryň sazlaşygynda körpe abadanlylar üçin bilimiň hem-de döredijiligiň ýene bir ojagyna öwrülýär. Däp boýunça täze mekdebiň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyga öwrüldi. Mekdebiň öňündäki owadan şarlar we lentalar bilen bezelen meýdançada dabaranyň köp sanly myhmanlary ýygnandy, mukamlar ýaňlandy, mekdebiň “Gül ýaşlyk” döredijilik topary we medeniýet merkezinde terbiýelenýänler özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler.
Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary okuw synplaryny we barlaghanalary haýran galmak bilen synlaýarlar, olar özleriniň enjamlaşdyrylyşy babatda paýtagtymyzyň häzirki zaman mekdeplerinden pes oturmaýar. Häzirki günde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän aýratyn aladasy arkaly ýurdumyzda olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertler döredilýär, çagalaryň iň batyrgaý arzuwlary hakykata öwrülýär. Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýaş nesli okatmak we terbiýelemek boýunça dünýä tejribesiniň iň gowy nusgalaryny ulanmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara standartlarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze nusgalyk orta mekdepleriň çaltlandyrylan depginlerde alnyp barylýan gurluşyklarynda öz beýanyny tapýar.
Bilim desgalarynyň gurluşyklarynyň sanawynda şu gün Abadanda ulanmaga berlen 600 okuwçy orunlyk täze mekdep hem bar. Täze desganyň toplumyna okuw binasy, sport blogy, kömekçi desgalar we özbaşdak düzgünde hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary bar, mekdebiň etegindäki çäklerde bag nahallary oturdylypdyr we gül ekilen ýerler döredilipdir.
Okuw binasynyň dört gatly ymaratynda okuwçylaryň hemmetaraplaýyn bilim we döredijilik taýdan ösüşi üçin ähli şertler döredilipdir, synp otaglary, şol sanda başlangyç bilim üçin niýetlenen otaglar hem, dersler boýunça ýöriteleşdirilen synplar we barlaghanalar öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary we häzirki zaman kompýuter we okuw-barlaghanalar enjamlary bilen üpjün edilipdir. Olar daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, himiýa, fizika we biologiýa boýunça ýörite synp otaglary, linformatika kabinetleri we beýlekilerdir. Uly okalga zaly bolan kitaphana hem çagalaryň hyzmatynda. Şeýle hem saz, horeografiýa, şekillendiriş we milli bezeg amaly-haşam sungatynyň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň otaglar bar.
Çagalar üçin zähmet sapagyna niýetlenen ussahanalar zerur enjamlar bilen örän oňat üpjün edilipdir. Şol ýerde oglanlar frezerçilik, tokarçylyk we netjarlyk işiniň hünär endiklerini ele alyp bilerler. Ýaş gyzlaryň degişli bilimlerini we başarnyklaryny ösdürmek üçin olaryň ygtyýarynda tikinçilik enjamlary we aşhana tehnikasy bar.
Elbetde, bu ýerde dabaraly çäreleri we ýygnaklary geçirmek üçin mejlisler zaly, Galkynyş otagy, mugallym üçin otag, dolandyryş otaglary bar. Lukmançylyk otagy okuwçylaryň saglygyny goramak we keseliň öňüni alyş çärelerini geçirmek wezipelerine tabyn edilendir, şol ýerde diş lukmançylygy kabineti hem döredilipdir.
Çagalaryň beden taýdan sazlaşykly ösüşi okuw-terbiýeçilik işiniň barşynda möhüm orny eýeleýär. Mekdebiň aýratyn bölegi şeýle maksada gulluk edýär, şol ýerde giň gimnastika zaly, sport we türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen zal bar, aýratyn meýdançalar futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin göz öňünde tutulypdyr, suwda ýüzülýän howuz enjamlaşdyrylypdyr. Mundan başaga-da mekdebiň çäkleinde tomusky sport meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde diňe sport bilen meşgullanmak üçin däl, eýsem mekdepler arasynda bäsleşikleri geçirmek hem ähli şertler bar.