Türkmen taryhçylary we arheologlary iň gadymy oýulyp haşamlanýan bezeg sungaty biziň ýurdumyzyň çäklerinde has ir wagtda , ýagny III-V asyrlarda dörändigi baradaky netijä geldiler.
Warşawa uniwersitetiniň professory Barbara Kaimiň ýolbaşçylygyndaky türkmen – polýak arheologiki ekspedisiýasy tarapyndan Saragt oazisiniň gündogar böleginde Mele-Haýran harabaçylykdaky zoroastrizm budhanasynyň gazuw-agtaryş işlerinde tapylan haşamlanan bezegli iki sany toýun plitalarynyň barlaglary esasynda bu netijä gelindi.
Bu plitalaryň ýaşynyň köp bolanyna garamazdan, olaryň ýüzündäki lotos gülleriniň we ýorunja ýapraklarynyň şekilleri gowy saklanyp galypdyr.
Gadymy sungatyň ajaýyp nusgalary Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine tabşyryldy. Bu ýerde tapyndylary gaýtadan dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmeklik işleri geçirilýär.