Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary täze-2012-nji ýylyň öňüsyrasynda Ysraýyl döwletiniň Ariel şäheriniň uniwersitetiniň binýadynda matematika boýunça geçirilen üçünji toparlaýyn Halkara internet-olimpiýadada uly üstünlik gazandylar.
Türkmen döwlet uniwersitiniň matematika fakultetiniň talyplary 5 toparyň düzüminde abraýly intellektual ýaryşa gatnaşdylar. Olaryň görkezen ajaýyp bilimlerine emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berildi—türkmen toparynyň üçüsi toparlaýyn birinjilikde olimpiadanyň baýraklaryna mynasyp boldular. Olimpiadaçylaryň mynasyp bolan sylaglarynyň hatarynda Ý. Ermetowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň mynasyp bolan kümüş medaly we P.Gurbanowyň hem-de A.Ýagmyrowyň toparlarynyň mynasyp bolan iki sany bürünç medallary bar.
Dünýäniň 15 döwletinden 189 toparyň geljekki türkmen matematikleriniň bäsdeşleri bolandygyny belläp geçmek möhümdir. Ajaýyp bilimlerini we taýsyz döredijilik ukyplaryny görkezen türkmen talyplarynyň öňbaşçylaryň hatarynda bolandygy has hem guwançlydyr.
Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, ýokary dünýä ülňülerine ugur alan hem-de oňat miwelerini berýän bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Ýurdumyzyň baş ýokary okuw mekdebiniň talyplary geljek ýylda hem
Ysraýylda boljak IV Hakara internet-olimpiada eýýäm şahsy bäsleşikde, şeýle hem beýleki birnäçe intellektual halkara gözden geçirilişlerine gatnaşmaga taýýarlyk görüp, gazanylan netijeler bilen kanagatlanmaýarlar.