Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mekdebe sowgat berlen täze saz gurallary Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatda terbiýelenýänler üçin ýetip gelen 2012-nji ýylyň ilkinji gününde ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.
Häzirki zaman iň täze “Ýamaha” kysymly sintezator we kompýuterleşdirilen “Ketron” enjamy dürli saz gurallaryny çalmak sungatynda görelde görkezip zehinli ýaşlaryň terbiýelenmegine, olaryň döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge örän çynlakaý üns berýän milletiň Lideriniň ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aýratyn aladasynyň nobatdaky nyşany boldy. Şu gün mekdebiň täze binasynyň uly konsert zalynda şu waka mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan baýramçylyk dabarasy boldy, oňa ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Täze ýyl dabarasyna gatnaşyjylar ýurdumyzda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň, şol sanda milli medeniýetimizi ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeleriň başyny başlaýjy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hoşallyk bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň şöhratly Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan toý dabaralary geçirilýän günlerde açylan medeniýet işgärleri üçin Medeniýet şäherçesi döwlet Baştutanynyň medeniýet we sungat ulgamy baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasy boldy, şol şäherçede Türkmen döwlet medeniýet institutynyň täze binasy bilen bir hatarda oňat üpjün edilen Ýörite sazçylyk mekdep-internaty hem çagalar üçin gapylaryny giňden açdy.
Mekdep-internatda şu gün bolan dabaralaryň baýramçylyk ýagdaýyny çagalar aýdym-saz toparlarynyň aýdyň konsert çykyşlary baýlaşdyrdy, olaryň hatarynda “Aýna” halk saz gurallary topary, “Güneş” hor topary we başgalar bar. Ýaş artistler tarapyndan täze saz gurallarynda ýerine ýetirilen, häzirki Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan “Jan Watanym, Türkmenistan!” aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemleýji çykyşy boldy.