Ï Aşgabatda “Ýewraziýa ýyldyzy” atly halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň gala-konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Ýewraziýa ýyldyzy” atly halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň gala-konserti boldy

view-icon 848
Şu gün türkmen paýtagtynda “Ýewraziýa ýyldyzy” atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry boldy. Oňa milli seçip-alyş tapgyrynda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Türki dilli ýurtlaryň ýaş ýerine ýetirijileriň bu gezekki bäsleşiginde biziň ýurdumyzda geçirilen deslapky tapgyrlaryň netijeleri boýunça geçen ýylyň noýabrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçy Söhbet Kasymow Türkmenistana wekilçilik edýär. Deslapky bäsleşikde oňa gatnaşan on aýdymçynyň arasynda tomaşaçylaryň ses bermegi netijesinde S.Kasymow ýeňiji boldy.

Milli seçip-alyş tapgyrlary tamamlanansoň, halkara saýlama bäsleşikleri başlandy. Ol nobatma-nobat bäsleşige gatnaşýan aýdymçylaryň ýurdunda geçirilýär. Häzirki döwre çenli bäsleşikleriň tapgyrlary Demirgazyk Kiprde, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda we Türkiýede geçirildi. Olarda ýaş aýdymçy Söhbet üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy we beýleki ýurtlarda täze janköýerleri gazandy.

Şeýlelikde, halkara bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmenistana ýygnandylar.


Bäsleşigiň jemleri boýunça, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Demirgazyk Kiprden, Türkiýeden gelen aýdymçylar we S.Kasymow iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň bir türkmen dilinde, ikinjisi bolsa öz ene dilinde boldy.

Gala-konsert alty ýurtda göni ýaýlym boýunça görkezildi. Ähli beýleki halkara bäsleşiklerinde bolşy ýaly, tomaşaçylar özüne ýaran aýdymçylaryna ses berip bilýärler. Ýöne olar öz ýurdunyň aýdymçylaryna ses bermeli däldirler.

Aşgabatda bäsleşigiň altynjy, ýagny hasap boýunça iň soňky tapgyry geçirilýär. “Ýewraziýa ýyldyzy” halkara bäsleşiginiň jemi Stambulda jemlener. Ol ýerde sesleriň umumy sany hasaba alnar. Onda emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň sesleri göz öňünde tutular. Iň ýokary derejä eýe bolan ýerine ýetiriji “Ýewraziýa ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisi diýen derejä we baş baýraga mynasyp bolar.

“Ýewraziýa ýyldyzy” atly halkara bäsleşigi ilkinji gezek geçirilýär. Ol türki dilli ýurtlaryň arasynda milletara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.

Munuň özi biziň ýurdumyza özüniň saz- sungatyny halkara sahnasynda görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň goldawy we hemişe üns bermegi netijesinde häzirki döwürde milli medeniýetimiz döredijiligiň belent derejelerine göterildi.

“Ýewraziýa ýyldyzy” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylar öz gezeginde türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.