1881-nji ýylyň gyşynda Gökdepe söweşiniň taryhy barada maglumat berýän „Gökdepe“ milli muzeýi güýji deň bolmadyk duşmanyň garşysyna çykan adamlaryň edermenliginiň we gaýduwsyzlygynyň nyşanydyr.
Şol döwrüň ýaraglary barada gürrüň berýän muzeýiň bölümi, megerem iň täsir galdyryjysy we iň gyzyklysy diýsek bolar. Bu ýerde bar bolan ot açýan we sowuk ýaraglaryň dürli görnüşleri her bir harby – taryhy muzeýiň abraýyny artdyryp biler. Bu ýaraglaryň esasy böleginiň gökdepe söweşinde ulanylanlygy olaryň ajaýyplylygynyň ýene bir nyşanydyr. Galanyň goraýjylarynyň nebereleri bu ýaraglary muzeýe tabşyrdylar. Gymmatyna ýetip bolmajak bu ýaraglaryň nusgalary bir asyrdan gowrak wagt bäri ýerli halkyň öýlerinde aýawly saklanylyp, maşgalada olara şu günlere çenli uly sarpa goýlýar.
Gökdepäniň 83 ýaşly ýaşaýjysy Abadangözel Gurtmyradowanyň maşgalasynda nesilden nesile geçýän , söweş bilen göni baglanyşykda bolmasa-da, şol ýyllaryň ýowuz söweşi baradaky ýatlamalaryň görünmeýän ýollary bilen utgaşýan dutar bar. Bu dutarda Gökdepe galasynyň edermen gorgçysy Amangeldi Göniniň agtygy saz çalypdyr.
-Ondan bäri takmynan ýüz ýyl geçen hem bolsa dutaryň reňki goýalanyna garamazdan, onuň owazy has ýiti, - diýip Abadangözel daýza aýdýar.
Amangeldi Göni halkyň arasynda edermen söweşiji hökmünde tanalypdyr we galanyň gaýduwsyz goragçysynyň öz wagtynda belli bagşy bolandygyny köp adam bilmändir. Ol häsiýeti boýunça gönümel adam bolandygyny we şonuň üçin hem oňa Göni diýip at dakylanlygy barada aýdýarlar. Şol ýyllarda türkmen topragy basybalyjylykly söweşleriň ýeri bolansoň, Göni azatlygyň dünýäde iň gymmatly we esasy zatdygyny bilipdir. Ol durmuşy , ýaşaýşy söýüpdir we öz obadaşlaryny gaýduwsyz we batyrgaý hereketleri we mergenligi bilen haýran edipdir. Ýöne köplenç ony eli dutarly görüpdirler. Ol bagşylaň ýaryşlarynda hem ýeňiji bolmagy başaryp, diňe bir Ahal ilinde däl-de eýsem başga ýerlerde hem tanalypdyr. Ol barada il arasynda intekler hem rowaýatlar aýdylýar.
Batyr ýürekli söweşiji we zehinli sazanda 1879-njy ýylda patyşa goşunlarynyň ýeňilmegi bilen tamamlanan ilkinji Gökdepe söweşinde wepat boldy. Rowaýata görä, esgerleriň hatarlarynda „Biz ýeňdik! Duşman yza çekilýär“ diýen hoş habar ýaňlananda Amangeldi Gönä duşman oky degipdir.
Galanyň merdana goraýjysy Amangeldi Göniniň diňe bir batyrgaýlygy däl, eýsem onuň sazandalyk ussatlygy onuň ady dakylan agtygyna geçip, sazandalyk käri dowam edipdir. Abadangözel daýzanyň Göni begiň agtygy baradaky ýatlamalaryna görä, ol sazy söýüpdir we dutaryny ýegenine, ol bolsa ogluna we şeýdip neberelere geçip bu däp ençeme ýyllar dowam edip gelipdir. Indi bolsa bu dutar biziň maşgalamyzyň iň gymmatly we hormatly ýatlamalarynyň biri boldy, - diýip Abadangözel daýza belleýär. Häzir bolsa bu dutary on bir ýaşly Kanunmyrat çalýar. O Gökdepäniň çagalar sungat mekdebinde okaýar.
Abadangözel daýzanyň öýi Gökdepe galasynyň beýik diwarlarynyň galyndylaryna ýanaşyp dur. Bu ýerden Gökdepe galasynyň binagärlik toplumynyň görnüşi, söweşde esasy wajyp orny eýelän onuň merkezi bölegi- metjit we muzeý, Diňli depäniň belentligi gowy görünýär. Üzüm ekerançylygynyň aňyrsynda bolsa 1881-nji ýylda şehit bolan watan goragçylarynyň iň soňky mekany ýerleşýär.
Şu gün Gökdepe- parahatçylygyň, döredijiligiň we azatlygyň owazy hökmünde dutaryň mukamynyň ýaňlanýan, gök bagçylyga bürenen, täze desgalara we jaýlara baý bolan uly bolmadyk häzirkizaman şäherine öwrüldi.