Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda „Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we ony goramak“ atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Uly göwrümli jilt „Ylym“ neşiriýatynda iki dilde çap edildi. Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň başda durmagynda çap edilen bu kitap ýurduň haýwanat dünýäsi, onuň seýrek duş gelýän wekilleri we olaryň goragy, oňurgaly haýwanlary öwrenmeklik boýunça taryhy, olaryň ýaşaýyş gurşawy we tebigatdaky orny barada gürrüň berýär.
Kitabyň awtory- Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Anwer Kiýuşewiç Rustamow birnäçe onýyllyklaryň dowamynda maglumat ýygnapdy, ýöne gynansak-da ol öz kitabyny çap etmäge ýetişmedi. Kitaby çykarmaklyk başlangyjyny onuň okuwçylary we kärdeşleri – ýurdumyzyda biologiýa ylmynyň ösmegine öz saldamly goşandyny goşan belli alymlary, Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň we ýurdumyzyň tebigaty goramak ministrliginiň hünärmenleri başladylar.
Bu neşir goraghanalaryň hünärmenlerinde, ülkäni öwrenijilerde, mugallymlarda, aspirantlarda, alymlarda , ýagny tebigatyň ykbaly bilen gyzyklanýanlarda uly gyzyklanma döreder . Kitap tebigy şertlerde ýaşaýan seýrek haýwanlaryň ajaýyp suratlary bilen bezelen.
Soňky onýyllyklarda türkmen tebigaty öwrenijileriň eden işleriniň netijesinde, toýnakly haýwanlaryň we süýrenijileriň sanynyň artdyrmaklyk , sugunyň ýitmeginiň öňüni almaklyk, keýikleriň sanyny köpeltmeklik, ýabany towukşekillileri , şol sanda gyzyl kitaba girizilen Turaç görnüşini emeli usulda köpeldip, ýetişdirmeklik başartdy.