Ï Ýeňişden ýeňşe, ýa-da London olimpiadasyna tarap ugur!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňişden ýeňşe, ýa-da London olimpiadasyna tarap ugur!

view-icon 1834
Geçen ýyl Türkmenistan üçin sport üstünliklerine baý ýyllaryň biri boldy. Biziň atletikaçylarymyz birnäçe möhüm sport görkezijileri boýunça tapawutlanmagy başardylar.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli merkezi sportuň bir görnüşi boýunça üç sany wekilini Olimpiýa oýunlaryna iberýän biziň ýurdumyzyň ilkinji sport guramasy boldy. Bu çözgüt güýz aýlarynda Fransiýanyň paýtagty Parižde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen ştangaçylarynyň ynamly çykyşyndan soň kesgitlendi. Soňky iki sany dünýä çempionatyndaky jemleýji görkezijilere laýyklykda dünýäniň esasy sport wakasyna biziň toparymyz ilkinji gezek üç türgeniň gatnaşmagyny gazandy.


Üstesine-de türkmen agyr atletikaçylary dördünji wekiliniň hem gatnaşmagyny gazanyp bilerler. Bu mümkinçilik üçin ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň zenanlar düzümi Koreýada ýaz aýlarynda geçiriljek Aziýanyň çempionatynda ýaryşarlar. Biziň gyzlarymyz bu mümkinçiligi alyp bilmeseler hem, bary bir Londondaky Olimpiada türkmen ştangaçylaryň eýýäm köp sanynyň gatnaşjakdygyny biz arkaýyn aýdyp bilýäris.


Geçen aýda Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen agyr atletikaçylary ýene-de bir üstünlik gazanyp, ýokary görkezijä mynasyp boldular. Sportuň ştanga görnüşinde bat alyp birden götermek we itermek görnüşlerinde baýraklary hasaba almazdan hem, sportuň göreş görnüşinden türkmen ýygyndy topary jemi 6 sany altyn medalyna, 6 sany kümüş we 7 sany bürünç medallaryna mynasyp boldular. Halkara derejesindäki bir ýaryşyň dowamynda şunuň ýaly köp baýraga Türkmenistanyň sport federasiýalarynyň we merkezleriniň hiç biri hem mynasyp bolmandy.


Geçen ýylda açylyp ulanylmaga berlen sport desgalary barada aýdyp geçsek artyk bolmazdy. Paýtagtymyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň açylmagy Türkmenistan üçin hokkeý boýunça ilkinji halkara ýaryşynyň geçirilmegi bilen dabaralandy. Aşgabada altyn we kümüş medallaryna eýe bolan Russiýa federasiýasynyň „Ak bars“, „Neftehimik“ toparlary, üçünji orna mynasyp bolan Polşanyň „Podhale“ we Sloweniýadan „Maribor“ hokkeý toparlary ýaryşmak üçin geldiler.


Duşuşyklaryň arasynda çempionlar hokkeý oýunlary boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler we şonda türkmen türgenleri ussat hokkeistlerden gymmatly tejribe aldylar.

Sport söýüjileriň ählisi Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk sport desgasynyň, ýagny Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşýarlar. Geçen ýyl bu ajaýyp Olimpiýa merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Aşgabatda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary hut şu ajaýyp Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Bu bolsa Türkmenistanda sportuň tapgyrlaýyn we yzygiderli ösdürmekligine aýratyn üns berilýändigini ýene-de bir gezek subut edýär.

Aşgabadyň ýene-de bir sport gözellikleriniň sanawyna Azatlyk etrabynyň „Galkynyş“ sport toplumy goşuldy. Bu toplumyň aýratynlygy -onuň parket örtügi bilen düşelen meýdanynda bir wagtyň özunde sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek mümkinçiliginiň bardygydyr. 2011-nji ýylda sportuň 27 görnüşi boýunça geçirilen şäher spartakiadasynda bir wagtyň özünde basketbol, dzýudo, boks ýaryşlaryny, şeýle-de gimnastika we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ussatlaryň çykyşyna syn edip bolýardy.


Türkmenistan ýokary derejeli halkara ýaryşlary kabul etmäge taýýar. Aşgabat şäher häkimligine degişli medeni – sport merkezinde sport we söweş sambosy görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryşda biziň türgenlerimiziň erkekler we zenanlar toparlary birinji ýere mynasyp boldular.

Täze sport üstünlikleri sportuň tennis görnüşine hem degip geçdi. Ýylda „Olimpiýa“ sport toplumynyň tennis meýdanlarynda geçirilýän halkara ýaryşyndan başga, geçen ýylyň güýzünde Tennis boýunça Halkara Federasiýasynyň 5-nji derejeli «Ashqabat Cup» atly ýaşlaryň ýaryşy hem goşuldy. Bu ýaryş sekiz döwletiň- Russiýa , Türkiýe, Gruziýa, Balarus, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan döwletleriniň iň ussat ýaş tennisçilerini jemledi. Türkmen türgenleriniň bu ýaryşda gazanan ajaýyp üstünligini aýtmak şeýle ýakymly. Bu ýaryşda gyzlaryň arasynda ýekelikde we jübüt ýaryşmakda ýurdumyzyň belli tennisçi gyzy Anastasiýa Prenko ýeňişe mynasyp boldy.

Halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleri söweş sungatynyň we başga-da sport görnüşlerinde hem üstünlikleri bilen begendirdiler. Kikboksing, uşu, taekwando, kekuşinkaý, adaty karate, çeper gimnastika, sport akrobatikasy,erkin we grek-rim göreşi, pauerlifting boýunça gazanylan ençeme medallar, Türkmen sportunyň gazannanlaryna mynasyp goşant boldy.

Figuralaýyn typmak boýunça türkmen türgenleriniň halkara sport arenasyna ilkinji gezek çykmagyny hem belläp geçmezlik mümkin däl. Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen ýaryşda biziň türkmen türgenimiz dördünji orna mynasyp boldy.

Bu aýdylanlaryň hemmesi, integem türkmen sportunyň ähli üstünlikleriniň doly sanawy däl. Şu ýyl türkmen sport ussatlary Londonda geçiriljek Olimpiada güýçli depginler bilen taýýarlanyp, dünýä boýunça geçiriljek sport ýaryşlarynda gowy netijeleri görkezmäge we üstünlikleri gazanmaga ähli güýjüni sarp ederler.