Demokratiýanyň üç asyrlyk ösüşiniň netijesinde raýatlaryň döwlet häkimiýetiniň emele gelmegindäki gatnaşygynyň esasy iki görnüşi emele geldi: mažoritar we proporsional saýlaw ulgamlary. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda mažoritar saýlaw görnüşi ulanylýar. Bu saýlaw ulgamynyň ady fransuz dilindäki "majoritе" (köpçülik) sözünden emele gelendir. Mažoritar saýlaw görnüşi boýunça saýlaw geçirilende saýlawçylaryň sesleriniň köp bölegini alan dalaşgär ýeňiji diýlip hasap edilýär.
Saýlaw uçastogynda sesleri sanamagyň tertibi „Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky“ Kanunyň 50-nji maddasynda kesgitlenen. Saýlaw gutularyny, şol sanda ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän saýlawçylaryň ses bermegi üçin goýlan gutulary uçastok saýlaw toparynyň başlygy ses bermek tamamlandy diýip yglan edenden soň, şol saýlaw topary açýar. Ses bermek tamamlanmanka saýlaw gutularyny açmak gadagandyr.
Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýanynda, harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde döredilen saýlaw üçastoklarynda sanawa girizilen saýlawçylaryň hemmesi ses beren mahalynda uçastok saýlaw topary ses bermek tamamlandy diýip yglan edip we bellenilen wagtdan ozal sesleri sanamaga girişip biler.
Uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň sanawlary esasynda saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň umumy sanyny, şeýle hem saýlaw býulletenini alan saýlawçylaryň sanyny takyklaýar. Topar: saýlaw gutularyndaky saýlaw býulletenleri esasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň umumy sanyny, şol sanda saýlawlar gününden öň ses beren saýlawçylaryň we ses berilýän jaýdan daşarda ses beren saýlawçylaryň sanyny; dalaşgärleriň her biriniň tarapyna berlen sesleriň sanyny; hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriň sanyny takyklaýar.
Sesleri sanamagyň netijesine uçastok saýlaw toparynyň mejlisinde garalýar we ol saýlaw uçastogy boýunça düzülýän teswirnama girizilýär. Teswirnamanyň nusgasy saýlaw uçastogynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Uçastok saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň, synçynyň almaga hukugy bardyr.
Merkezi saýlaw topary welaýat , etrap, şäher, uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda saýlawlardan soň üç günden gijä goýman Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemini jemleýär we teswirnama düzýär, oňa Merkezi toparynyň başlygy, başlygyň orunbasary, kätibi we agzalary gol çekýärler.
„Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky“ Kanuna laýyklykda saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan dalaşgär Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň kanuny saýlawçylaryň saýlawa gelmek wagt çägini kesgitlemeýär.
Eger-de saýlawlarda üç we şondan hem köp dalaşgär sese goýlan bolsa we olaryň hiç biri hem saýlanylmadyk bolsa, onda Merkezi saýlaw topary has köp ses alan dalaşgärleriň ikisi boýunça gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär. Gaýtadan ses berlende ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň beýleki dalaşgäre garanda köpüsini alan dalaşgär Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan diýlip hasap edilýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentini bellige alýar we saýlawlaryň jemi baradaky habary hem-de Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti baradaky maglumatlary saýlawlardan soň ýedi günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edýär.