Şu gün paýtagtymyzyň muzeýlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp “Belentde parlasyn, şöhratly Tugum!” atly baýramçylyk sergileri açyldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde belli türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň işleri, Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde eserler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda bolsa bu döredijilik ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň
galkynyşlar döwrüniň özgerişliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni däp-dessurlaryna we häzirki döwürde gazananlaryna bagyşlanan eserleri ýaýbaňlandyryldy. Şunuň ýaly baýramçylyk sergileri Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýinde we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň sergiler merkezinde hem guralar.
Şeýle hem türkmen halkynyň hoşniýetli erk-islegini, parahatçylyk söýüjiligini we ynsanperwerligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Öňde boljak baýramçylyga gabatlanyp sport ýaryşlarynyň hem baý maksatnamasy düzülipdir. Şu gün Türkmenabat şäherindäki birinji sport mekdebinde 100 öýjükli şaşka boýunça Türkmenistanyň birinjiligi, paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sport toplumynda bolsa boks boýunçaTürkmenistanyň çempionaty badalga aldy. 5-nji fewraldan başlap “Köpetdag” sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi, 7-nji fewralda “Galkynyş” bedenterbiýe-sport toplumynda karate boýunça bäsleşikler,
13-nji fewralda Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň sport zalynda
taekwondo boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryşlar geçiriler. Ondan başga-da Mary şäheriniň “Ylham” köşgüniň sport meýdançasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty, “Pälwan” sport toplumynda bolsa Türkmenistanyň ýetginjekleriniň arasynda grek-rim we erkin göreş boýunça bäsleşikler geçiriler.
Paýtagtymyzyň “Parahat” we “Altyn ýyldyz” medeni dynç alyş merkezlerinde,
“Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde,
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda, Gyşky oýunlar sport toplumynda, ýurdumyzyň Döwlet sirkinde we teatrlaryň sahnalarynda “Parla sen, parla sen ýaşyl Baýdagym!”, “Ýaşyl Tugum Beýik Galkynyşyň parlak nyşany!”, “Dünýä dolýar Baýdagymyzyň ýalkymy!”,
“Parla ýaşyl Baýdagym!” atly baýramçylyk çäreleri, döredijilik duşuşyklary geçiriler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň fotohabarçylarynyň hem-de höwesjeň fotosuratçylaryň arasynda geçirilen “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri dabaraly ýagdaýda jemlener. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde bolsa “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz” atly watançylyk hereketiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Baýramçylyklaryň öňýanyndaky günlerde “Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy Garaşsyzlygyň, agzybirligiň, jebisligiň mizemez nyşanydyr!”, “Belentden pasyrda ýaşyl Baýdagym!” we “Ýaşyl Tugum mukaddesdir!” atly baýramçylyk maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi. Ol maslahatlarda ýurdumyzyň iň täze taryhynda bolup geçen türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ýokary depginli
ösüşiniň aýdyň subutnamalary bolan iňňän möhüm wakalar hakynda çykyş ediler.
19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan esasy dabaralar paýtagtymyzyň “Aşgabat” sport toplumynda geçiriler. Şol gün geçiriljek örän uly baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň belli medeniýet we sungat ussatlary özleriniň çykyşlaryny görkezerler.
Türkmenistanyň Baş baýdagynyň, şeýle hem Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň konsert meýdançalarynda meşhur artistleriň gatnaşmaklarynda baýramçylyk konsertleri bolar.
Şanly waka mynasybetli öňde boljak baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşyň ähli ugurlarynda geçirilýän we açyklyk syýasatyna, parahat söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan beýik özgertmeleriň nobatdaky gezek dabaralanýandygynyň aýdyň alamatyna öwrüler.