Ï Türkmen arçasy alymlaryň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen arçasy alymlaryň üns merkezinde

view-icon 1701
СPС Press amerikan ylmy neşirýary tarapyndan «Dermanlyk ösümlikler» ady bilen çap edilýän ýygyndynyň bir bölümi türkmen arçasyna bagyşlanypdyr.

Illinosk uniwersitetiniň (ABŞ) professory Ram Dž. Singanyň redaksiýasy bilen 2012-nji ýylyň başynda çap edilen halkara ylmy neşiriň awtorlarynyň arasynda 18 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem, görnükli alymlaryň 85-si bar.


Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleriniň bu ylmy iş bilen ozal Türkiýede geçirilen «Dermanlyk, hoşboý ysly we zäherli ösümlikler» diýen maslahata gatnaşalar tanyşdyryldy. Şonda bu ylmy iş halkara ylmy jemgyýetiniň ünsüni özüne çekdi.

«Dermanlyk ösümlikler» ady bilen çykarylýan halkara ylmy neşiriniň bu sany ýurdymyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň kitaphanasyny ýorite edebiýat gaznasyny başlaşdyrdy.