Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň bazasynda dört ýyl bäri Interaktiw-multimediýa merkezi işleýär. Onuň işi öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýasyny we innowasion kompýuter programmasyny öwrenmäge gönükdirilendir.
Bu merkez multimediýa ölçeglerde leksiýa we beýleki okuw materiallaryny IT-tehnologiýalar ulgamyny öwrenýänleriň dünýägaraýşyny giňeltmäge şert döredýän tapgyrlaýyn türgenleşikleri geçirýär. Okuw jaýlarynyň we gözleg merkezleriniň onlarçasynyň hünärmenleri eýýäm bu ýerde ýöriteleşdirilen bilimi aldylar.
Türkmenistnyň Ylymlar Akademiýasynyň saýtynda Interaktiw-multimediýa merkeziniň işlän ýyllarynda iň gowy IT-wersiýalarynyň okuw materiallarynyň täze tematiki ýygyndysy bilen üsti ýetirilýän ýöriteleleşdirilen kitaphana döredildi. Bu kitaphana häzirki döwürde innowasion mugallymçylyk tejribesini mundan beýläk hem ýaýratmak nukdaý nazaryndan, şeýle hem talyplaryň bilimleri özbaşdak öwrenmekleri babatda hem bahasyna ýetip bolmajak kömegi berýär.
Interaktiw-multimediýa merkeziniň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh instituty bilen hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda ösýär. Bu ylmy-gözleg edarasynda hususy «elektron galareýalaryny-» wirtual arheologiki sergisini döretmegiň üstünde işlenilýär. Sergä gelip gören her bir adam ylmy işgärler tarapyndan internet toryndan toplanan bitewi we artefaktlaryň ajaýyp ýygyndysyny, muzeý eksponatlary barada özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary alyp bilerler.
Hyzmatdaşlygyň ähmiýetli netijesi hökmünde Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň hünärmenleriniň türkmen diliniň elektron katalogyny düzmek boýunça innowasion işlerini aýdyp bolar.
Talyplaryň synag kitapçasynyň elektron görnüşini taýýarlamaklyk işleri hem alnyp barylýar. Onda talybyň okuwy barada zerur maglumatlar, ýagny öwrenilýän dersler we olar üçin bölünen sagatlar, ýokary okuw mekdebiniň okuw tapgyrlaryna laýyklykda ýerine ýetirilen ylmy –barlag işleriniň sanawy bilen tanyşyp bolar.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň interaktiw-multimediýa merkezinde geçirilýän okuwlaryň meşhurlygy netijesinde ýörite usuly okuwlary, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň özünde hem okuwlary geçirmekligi öňünden kesgitledi diýsek ýalňyşmarys. Usuly okuwlar eýýäm Türkmen politehniki institutynda, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda we Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi. Ýakyn wagtda okuwlar ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar institutynda geçiriler.