Ï Türkmenistan-Hytaý: iki dostlukly halkyň medeni gatnaşyklary ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Hytaý: iki dostlukly halkyň medeni gatnaşyklary ösdürilýär

view-icon 902
Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününiň 20 ýyllygyna bagyşlanylan baýramçylyk konserti boldy. Bu çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky köp asyrlyk syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklara esaslanan gatnaşyklaryň ýylýazgysy 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlandy, şonda Türkmenistanyň hem, Hytaýyň hem çäkleri häzirki zaman ylmynyň maglumatlaryna laýyklykda eýýäm şol döwürde dünýä siwilizasiýasynyň ojaklary bolupdyr.

Iň täze taryhda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy okgunly ösdi we 20 ýylyň dowamynda özara hormat goýmak, açyk gatnaşyklar we iki tarapa-da bähbitlilik ýörelgelerine daýanyp ägirt uly üstünlikler gazandy.


Türkmenistanyň we Hytaýyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda häzirki zaman tapgyry hyzmatdaşlygyň sazlaşykly, syýasy we ykdysady taýdan ölçerilen nusgasynyň iň şowly mysallarynyň biri bolup hyzmat edip biler, asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe we iki dostlukly ýurduň hem-de halklaryň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbitlerine işjeň durmuşa geçirilýän ägirt uly mümkinçilikler onuň esasyny düzýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua dabarany açyp, HHR-iň hökümetiniň we halkynyň adyndan biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag sözlerini hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdy, türkmen halkyna rowaçlyk arzuw etdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Hytaý Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hytaý biziň ýurdumyzy wepaly dost hem-de uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaş hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn we döredijilikli içeri hem-de daşary syýasaty durmuşa geçirýän türkmen döwleti bilen dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Häzirki wagtda köp ugurly türkmen-hytaý gatnaşyklary, şol sanda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Şol gatnaşyklaryň netijesinde bilelikdäki möhüm taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy. Olaryň arasynda dünýäde iň uzyn Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi bar.


Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Hu Szintaonyň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejedediginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, diplomat geçen ýylyň ahyrynda türkmen Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň ähmiýetini nygtady. Bu sapar däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua öz çykyşynyň ahyrynda köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyzyň köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşmagy, şeýle hem 20 ýylyň dowamynda toplanan oňyn tejribe gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şol gatnaşyklar milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň onlarçasynda öz beýanyny tapdy diýip, hytaýly diplomat aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Tomaşaçylar halk aýdym-saz mirasynyň eserlerini hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetiren hytaýly artistleriň çykyşlaryny ruhubelentlik we şowhun bilen garşy aldylar. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda konserte gatnaşyjularyň hemmesiniň ýerine ýetiren özüne çekiji “Küştdepdi” türkmen tansy bu agşamyň aýdyň, jemleýji çykyşy boldy.

Bu waka üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup, iki ýurduň özboluşly medeniýetleriniň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.