Ï Mozaika eserleriniň älemgoşary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mozaika eserleriniň älemgoşary

view-icon 803
Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Sergiler jaýynda türkmeniň belli monumental nakgaşçysy Çarymyrat Saryýewiň 65 ýaş toýuna bagyşlanan şahsy sergisi gurnaldy.

Sergä gelenler suratkeşiň eserlerinden lezzet aldylar. Suratkeşiň ýerine ýetiren „Maşgala“ atly pannosy bagty we şadyýanlygy görkezýän bolsa, onuň „Parahatçylyk“ atly eserinde baky söýgi duýgusynyň we ýerdäki durmuşyň ýaşlyk aýdymy kimin ýaňy oýanan söyginiň galpyldysy şöhlelendirilýär. Ajaýyp bahar pasly, juwanlyk we gözellik bu kompozisiýany umumylaşdyryp , onuň manysyny has çuňlaşdyrýar. Bu eserde şekillendirilen ýaş nahallaryň inçe ýapraklary we ýaşlaryň syratly şekilleri ýagtylykdan we günuň şöhlesinden ylham alyp, söýgi we bagta tarap ymtylyşlary ýürekde beslenen arzuwlaryň hasyl bolşuny aňladýar. Türkmen suratkeşiň bu eseri monumental nakgaş eserleriň Moskwadaky geçirilen sergisinde iň gowy iş diýlip tassyklanyldy.




Türkmen ussadynyň döredijiliginde owadan reňkli pannolar aýratyn orny eýeleýär. Mozaika sungaty onuň köňül beslän arzuwyna, ömrüniň manysyna öwrüldi. Bu günki gün Çarymyrat Saryýewiň döreden eserleri Aşgabadyň binalaryny, Daşoguzyň we Marynyň muzeýlerini bezeýär. Zehinli monumentalistiň täsin işlerine beýleki şäherlerde hem duş gelmek bolýar. Olaryň arasynda Balkanabatda deňiz temasynda döredilen, haýran galdyryjy pannony, içinden gün şöhlesiniň eriş-argaş bolup geçýän, azatlygy we täzelegi sowgat berýän Abadan şäherindäki «Galkynyş» mozaikasyny görkezmek bolar. Onuň mozaikalarynda milli däplerine wepadarlygy, dünýä akyl ýetirmegi, şat äheňliligi duýmak bolýar. Türkmen ussadynyň işlerinde tebigata bagyşlanan haýsydyr bir ertekilik häsiýeti bar. Onuň deňiz fonunda çeken guşlary, gün şöhleleri adamlara bagt, hoş habar paýlaýan duýgulary döredýär.



«Toý» mozaikasynda şatlyk we şowhun beýan edilýär. Bu ýerde suratkeş toý şowhunyny, tans edýän ýigitleriň çalasyn hereketlerini örän takyklyk we ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr.

Monumental nakgaşçylyk döwrüň talap etmegi bilen bu günki gün täze ösüşlere eýe bolýar. Bu biziň şäherlerimizde hem öz beýanyny tapýar. Bu ajaýyp görnüşlerde Çarymyrat Saryýewiň mozaikalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny elmydama duýmak bolýar.