«Türkmenistanyň gaz pudagyny mundan beýläk hem ösdürmegiň ylmy esaslary» atly iki jiltliligi – «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň işleriniň üçünji göýberilişidir. Täze ýygyndyda «Pudagyň ylmyny guramak we ykdysady meseleler», «Gaz kärhanalarynyň enjamlarynyň diagnostikasy we korroziýadan goramak», «Ekologiýa» we beýleki bölümler bar.
Gözleg işleriniň maglumatlaryna daýanmak, matematiki usullary we kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, makalalaryň awtorlary önümli gorlaryň gaz berijiligini artdyrmagyň we guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny teklip edýärler.Ýangyç energiýasynyň alternatiw çesmesi hökmünde geotermal serişdelerine doly baha berilýär. Şeýle hem gazyň ýerasty saklanyşynyň meselelerine, Döwletabat gazkondensat ýatagynyň gatlagynyň suwlaryndan ýoduň önümçiligi esaslandyrylýar hem-de ýol-gurluşyk işlerinde nebitşlamlary we bitumlary ulanmagyň mümkinçiliklerine degilip geçilýär.Önümçilik kärhanalarnyň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärmenleriniň hyzmatdaşlyk etmekleri netijesinde gowy netijeler gazanyldy.
Makalalar kartalar, grafikalar, shemalar, suratlar bilen çap edilipdir.