Şu gün açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary dünýä jemgyýetçiliginiň ägirt uly ünsüni çeken günüň esasy wakasy boldy.
Dogrusy, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň tutuş barşyny, onuň esasy tapgyrlaryny, şol sanda dalaşgärleri hödürlemegi we bellige almagy, ýokary döwlet wezipesine iň mynasyp dalaşgärler üçin öz seslerini bermäge taýýar türkmenistanlylaryň umumy höwesini ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň täzeliklerinde yzygiderli täzelenip durýan habarlar boýunça soňky aýlaryň dowamynda yzarlamak mümkindir. Maglumatlaryň köp bolmagynyň gönüden-göni 12-nji fewrala biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 29-synda aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirilen saýlawlar gününe gabat gelmegi doly kanunalaýykdyr.
Köp sanly okyjylary bolan dünýäniň esasy habarlar agentlikleri, elektron gazetler hem-de saýtlar, meşhur metbugat we internet neşirleri köpsanly makalalaryny Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna bagyşladylar. Saýlaw uçastoklaryndan reportažlar dünýäniň köp ýurtlarynyň teleýaýlymlary boýunça görkezildi. Ir säherden başlap, saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bilen bellenen şu saýlawlary geçirmegiň barşy hakyndaky habarlar peýda boldy. Saýlaw uçastogyna öz kakasy, ogly we agtygy bilen gelen Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinjileriň biri bolup, ählumumy ses bermäge gatnaşandygy hakyndaky habar bada-bat köpsanly daşary ýurtly okyjylaryň ünsüni çekdi. Milletiň Lideri ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň 7-sine hem hoşniýetli arzuwlary edip, häzirki saýlaw möwsümi boýunça öz bäsdeşleriniň hemmesiniň mynasyp we hormatlanýan adamlardygyny nygtady. Döwlet baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň hemmesiniň jemgyýetçilik guramalary we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenmegi muňa şaýatlyk edýär. Olaryň hemmesine saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz çärelerini geçirmek üçin deň şertler we mümkinçilikler berildi.
“Türkmenistan üçin adaty bolmadyk aýaza garamazdan, Prezident saýlawlary baýramçylyk ýagdaýynda geçýär” diýip, günortana çenli saýlawçylaryň ýarysyna golaýynyň ses berendigini bellemek bilen, Russiýanyň RIA-Nowosti habarlar agentligi habar berdi.
“Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlary boýunça raýatlaryň 2,987 milliondan gowragy Türkmenistanda saýlaw hukugyna eýedir. 2007-nji ýylda bolan öňki saýlawlara garanyňda ýurduň saýlawçylary 400 müň saýlawça golaý artdy” diýip, öz nobatynda iri ITAR-TASS agentligi nygtaýar.
Metbugatda beýan edilen köp sanly materiallarda bellenilip geçilişi ýaly, eýýäm gündiz Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň kanuny geçirilendigini ykrar etdi. Türkmenistanda ýerli wagt bilen 14.00-a çenli 2 million 37 müň 892 adam, ýagny bellige alnan saýlawçylaryň ählisiniň ýarysyndan köpüsi – 68,22 göterimi ses berdi.
Dabaraly ýagdaýda geçen saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden daşary ýurtly habarçylar hakykatda ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary işjeňligiň bolandygyny bellediler.
Daşary ýurtly habar beriş serişdeleri saýlawçylaryň hatarynda ýaşlaryň örän köp bolandygyny hem bellediler, ýurdumyzyň Prezidentiniň häzirki saýlawlary olaryň gatnaşýan ilkinji saýlawy boldy. Bu şanly wakanyň hormatyna saýlaw uçastogyna gelen ýaş ýigitlere we gyzlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň çäklerinde uçastok saýlaw toparlary saýlawlaryň geçirilýän güni 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň arasynda işjeň düşündiriş işlerini alyp bardylar. Şu maksatlar bilen bütin ýurdumyzda duşuşyklar geçirildi, şolarda ýaşlara Türkmenistanyň raýatynyň hukuklary we borçlary, olaryň ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi jikme-jik düşündirildi.
Şu gezekki geçirilen saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylaryň jemi 2300-siniň gatnaşandygy hem dünýäniň habar beriş serişdeleriniň nazaryndan sypmady.
Bellenilişi ýaly, şu günler şeýle hem ýurtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan synçylar wekilligi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça ekspertler Býurosynyň wekiliýetiniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariýatynyň syýasy meseleler boýunça Departamentiniň Ýakyn Gündogar we Günbatar Aziýa bölüminiň wekilleri saparda bolýarlar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly, baýramçylyk ýagdaýynda geçýär, saýlawçylaryň işjeňligi örän ýokary”, diýip, GDA ýurtlaryndan synçylar Wekilliginiň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Russiýanyň “INTERFAKS” habarlar gullugyna beren interwýusynda aýtdy. Ol eýýäm ýerli wagt boýunça günorta çenli saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň 25-den 45 göterime çenlisiniň ses berendiklerini belledi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň, bu Arkalaşyga girýän döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusyň we Russiýanyň birleşiginiň Parlament ýygnagynyň, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň wekilleriniň 63-sinden ybarat bolan Synçylar wekilliginiň ýolbaşçysy şu günler özleriniň baryp gören saýlaw uçastoklarynyň ählisiniň bu möhüm syýasy çäräni geçirmek üçin amatly ýerlerde ýerleşdirilendigini hem-de olaryň zerur bolan abzallar we aragatnaşyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ol GDA ýurtlaryndan synçylaryň wekilliginiň Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna syn etmegiň barşynda özleriniň gelen gutarnykly netijeleriniň we beren bahalarynyň saýlawlar tamamlanandan soň jemleýji resminamada beýan ediljekdigini hem ýatlatdy. S.Lebedew bu saýlawlaryň jemleriniň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji hökmünde teklip eden, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýakyndan köptaraplaýyn özara hereket etmeklerini kämilleşdirmäge gönükdirilen meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mundan ozal dünýäniň habar beriş serişdeleri GDA ýurtlaryndan synçylar Wekilliginiň beren maglumatlaryna salgylanyp, saýlawlara taýýarlyk görmek işlerinde ýokary guramaçylygyň we saýlaw toparlarynyň sazlaşykly işleriniň üpjün edilendigini habar beripdiler. Synçylar wekilliginiň agzalary saýlaw uçastoklaryna islendik wagt baryp görmäge, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşy barada zerur bolan maglumatlary almaga, Prezident wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlary, saýlawçylar, ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşmaga doly mümkinçilik aldylar.
“GDA ýurtlaryndan synçylar Wekilligi döwlet tarapyndan, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan bu saýlawlaryň erkin, adalatly we demokratik esaslarda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen çärelere oňyn baha berendikleri hakynda” olaryň ýaýradan maglumatlarynda habar berilýär.
Taýýarlyk görmek işleri ýurtda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna doly laýyklykda alnyp barlan Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saýlawlaryna garaşsyz synçylaryň ýokary baha bermegi, şeýle hem dünýä metbugatynyň oňa uly gyzyklanma bildirmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň erkin, demokratik esaslarda geçirilen bu saýlawlarynyň, geljege uly ynam bilen garalýan bu ýurtda döwletiň demokratik esaslarynyň barha ösdürilmeginiň hem-de ilatyň raýatlyk aň-düşünjesiniň ýokarlanmagynyň ýolunda nobatdaky tapgyr boldy.