Ak gar sepelenen paýtagtymyzda fewral aýynyň sowuk agşamy „Türkmenistan“ kinokonsert merkezine gelen sazyň muşdaklary üçin gülleýän bahar aýlaryna mahsus bolan arzuw hyýala we ajaýyp duýgulara beslendiler. Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky saz toparynyň ýerine ýetiren mukamlary olaryň ýüreklerini näzik owaz we joşgunly duýgylar bilen ýylatdy.
Bu saz topary eýýäm ýedi ýylyň dowamynda aşgabadyň saz muşdaklaryny begendirip gelýär. Her bir konsertden soň toparyň meşhurlygy artýar.
Konsert fransuz şansonýeti Şarl Aznawuryň bütin dünýäde belli bolan „Baky söýgi“ sazyndan başlandy. Bu eseriň jadylaýjy owazy „Söýgi mukamlary“ diýlip atlandyrylan saz agşamynyň juda ajaýyp başlangyjy boldy.
Sahnada Imre Kalmanyň, Winçenso di Kýaryň, Ýewgeniý Doganyň, Frensis Leýiň, Arno Babajanýanyň we başga-da klassika saz žanrynyň belli kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Meşhur ariýalar türkmen wokalçylary Nury Nuryýewiň, Žanna Saýanyň, Ysmaýyl Jumaýewiň, Atajan Berdiýewiň, Meýli Myratgeldiýewiň owadan we batly sesleri bilen ýerine ýetirildi.
Saz toparyň dirižory kompozitor Röwşen Nepesowyň “Tango“ „13“ atly täze eseri saz muşdaklary üçin ýakymly duýdansyzlyk boldy. Latinoamerikan tans sazy dürli ýurtlaryň saz medeniýetinde öz öwüşgünini tapdy. Türkmen kompozitorlary hem bu sazyň täsirini özünde duýdular. Röwşen Nepesow klasiki tangonyň çaltlygyny ýeňil gündogar heňine çalyşdy. Kompozitoryň bu mukama bolan batyrgaý täze çemeleşmesi joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şol bir wagtyň özünde saz muşdaklarynda bu sazyň 13 belgisi sorag döretdi. Konsertiň tertibinde bu sazyň 13-nji ýerde durmagyndamyka ? Jogap örän ýeňil eken: ähtimal, bu san saz ussady üçin şowly we bagt getirýän sandyr!
„Söýgi mukamy“ saz agşamy awtoryň özüniň , ýagny Röwşen Nepesowyň fortopianoda ýekelikde ýerine ýetiren „Men we Sen“ atly pýesasy bilen tamamlandy.
Saz söýüjiler sazandalaryň ussatlygyna duran ýerinden el çarpdylar. Konsertiň dowamynda lotoreý oýnalyp, 10 sany diňleýji Röwşen Nepesowyň 8-nji martda Türkmen döwlet sirkinde geçirjek jazz sazynyň konsertine gatnaşmak üçin biletlere mynasyp boldular.