Baýramaly etrabynyň «Gadymy Merw» taryhy-medeni Döwlet goraghanasynyň ýakynynda 47-nji mekdep ýerleşýär. Bu mekdep mugallymlaryň we okuwçylaryň oba ilaty bilen bilelikde döreden jemgyýtçilik muzeýi bilen meşhurdyr. Bu muzeý Gadymy Merwiň we Marguş ýurdunyň şäherleri bilen tanyşmak üçin gelýän syýahatçylaryň ünsüni elmydama özüne çekip gelýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp bu ýerde arheologiki we etnografiki tapyndylary görkezýän baýramçylyk sergisi açyldy. Sergide gadymy tapyndylardan başga hem türkmen halkynyň gadymy baýdaklarynyň we ştandartlarynyň taryhyny beýan edýan materiallar we edebiýat toplumy bilen tanşyp bolýar.
Soňky ýyllarda Murgap jülgesiniň okuw mekdeplerinde jemgyýetçilik muzeýlerini döretmek uly ähmiýete eýe bolýar. Olaryň ýurdyň ösüp gelýän ýaş nesliniň ata-babalarynyň baý myrasyny, milli medeniýetiniň gymmatlyklaryny öwrenmeklerinde uly terbiýeçilik we ruhy ähmiýeti bardyr.
Gadymýet bilen gyzyklanýan ýaşlara tapylan tapyndylary hasaba almakda, toparlara bölmekde we alamatlary boýunça seljermekde Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri ýakyndan kömek berýärler.