Gysga, emma biziň biziň ýurdymyza mahsus bolmadyk howa yzda galdy, guşlaryň bir bölegi eýýäm öz watanyna uçup gitmäge taýýarlanýarlar.
Hazar döwlet goraghanasynyň işgärleriniň belleýişleri ýaly, guşlaryň aglabasy Türkmenbaşy aýlagynyň akwatoriýasynda gyşladylar. Fewral aýynda Mihaýlow aýlagynyň ýalpak adalary we kiçiräk aýlaglary ýuka buz örtügi bilen örtüldi. 3-nji fewrala geçilýän gijede termometriň sütüni 16 dereje aşak düşdi, kenary gar syrgyny bilen dolduryp, güýçli gar ýagdy. Howanyň bu bolşy hakyky doňaklyk bolmak howpuny salýardy. Ýöne Türkmenbaşy aýlagy halas etdi. Tolkunlar onuň doňmagyna ýol bermedi, ýöne kenardan bölünip gaýdan eräp ugran üsti garly buz bölekleri aýlagyň suwunyň ýüzüne üýşýärdi.
Bu günler guşlar üçin hakyky synag döwri boldy. Howanyň gije-gündiziň dowamynda üýtgäp durmagy, günüň ýalpyldap çykmagy netijesinde ýeliň öwüsmegi bilen döwülen buz böleklerini deňze äkimegi sowugy ýeňip geçmäge kömek etdi. Ýalpak ýerlerde gary erän ýerler emele geldi. Bu bolsa ördekler maşgalasyna degişli bolan deňiz guşlaryna iýmitlenmäge mümkinçilik döretdi. Fewral aýynyň başlarynda şeýle ýerleriň biri bolan Balkan aýlagynyň Gubaseňir burnunda gyzylymtyl guwlaryň 246 sanysyndan ybarat uly sürüsine duş gelmek başartdy. Doňmadyk Türkmenbaşy aýlagynda tüňňele ördekler hem iýmitiň azlygyny duýmadylar. Bu ýerde suw otlarynyň uly ätiýaçlyk gorlary bardy. Gyzylinjikler bolsa uzaga – günorta tarap göçmeli boldylar. Ýöne, öňki ýyllarda bolşy ýaly, sakarbalaklaryň, gyzyl burun tüňňeleriň – «owgan guşlarynyň» köp sanlysy bardy.
Häzir ýaz paslynyň öň ýüzündäki maýyl howa başlandy. Gijelerine temperatura noldan çala aşak düşýär, ýöne gündizlerine durnukly ýyly we güneşli howa bolýar. Guşlar bolsa öwrenşen ýerlerine gyşlamaga gaýdyp gidýärler.