Eger-de osetra Hazar deňziniň "balygynyň" nyşany diýip hasap edilse, onda lysuha, megerem, ganatly wekili bolup durýar. Bu uly bolmadyk suw guşuny halk arasynda kaçkaldak, suw towugy, diýip atlandyrýarlar, Balkanly türkmenler bolsa, barak diýip atlandyrýarlar. Lysuhany bir sydyrgyn reňkinden we kellesindäki ak blýaşkasyndan tanap bolýar. Onuň ady şundan hem gelip çykypdyr.
Eger-de häzir Hazar deňziniň türkmen kenarynda bolsaň, onda kenardan uzak bolmadyk ýerde suwda tolkun atýan gara halylary görüp bolýar, bu şol lysuhalardyr. Bize Hazar deňzine lysuhalar gyşlamak üçin awgust aýynyň ahyrlarynda ilkibaşda kiçiräk, soňra bolsa uly süri bolup gelýärler. Olaryň Hazar deňziniň iň köp suw guşlarydygyny bellemelidiris, olar ýerli ilat üçin gadymdan gelýan senagat ähmiýeti bardyr. Bu ýeriniň awçylary olary öňden bäri aw edipdirler. Olaryň aw tüpeňi bolmansoň lysuhalary awlamak üçin agşamlaryna kenar zolagynda tor gurupdyrlar. Irden bolsa gurulan torlar barlanylypdyr. Ýerli ilat aw etmegiň düzgünlerini berk berjaý edipdirler.
Kenarýaka türkmenleri onuň etine ýokary baha beripdirler. "Eger-de goýun etini saýlamaly bolsa-erek eti, guşlaryň etinden barak eti" diýip ýönelige aýtmandyrlar (erek - dag ýerlerinde bakylýan süýji eti bilen tapawutlanýan türkmen goýnunyň görnüşi). Kaçkaldakdan süýji nahary taýýarlamak her bir hojalykçy zenana başartmaýandygyny aýtmak gerek. Eger-de bu guşuň etini ýöne gowursaň, onuň eti gaty we tagamsyz bolýar, eger-de gaýnatsaň onda ol çalt gaýnap, tagamyny ýitirýär. Şonuň üçin hem lysuhany ýörite usul bilen buglamaly. Eger-de siz biziň kenarlarymyza myhmançylyga gelseňiz, onda size hökman kaçkaldakdan taýýarlanan palowy - içdykmany hödür ederler.
Içdykma indiki usul boýunça taýýarlanylýar: aw eti iç goşlaryndan arassalanylýar we mäkäm ýuwulýar. Soňra ol ýuka kesilen kartoşkadan doldurylýar, soňra ýarym bulgur üzüm goşulýar, çigitli bolsa has gowy, birnäçe erigiň kişdesi, islegiňe görä burç, duz we düýp sogan goşulýar.
Soňra berk sapak bilen daňýarlar, döşüniň iki tarapyndan ganatynyň ýanyndan deşýärler we güýçli otda ýeňiljek gowurmaly. Soňra pitä suw guýýarlar we et taýýar bolýança gaýnadýarlar. Soňra et pitiden çykarylýar, pitidäki gaýnan suwuna bolsa öňünden taýynlanyp goýlan tüwini guýýarlar, taýýar bolýança gaýnadýarlar - içdykma taýýar.
Balkanda myhmançylykda bolanyňyzda size kaçkaldagyň ýeleginden ýasalan ýassygy hödür ederler, ol örän ýumşak we oňaýly bolýar. Ýerli gyzlar durmuşa çykanlarynda oglana elde dokalan halylar bilen birlikde şeýle ýassyklaryň birnäçesini sowgat getirýärler. Şular ýaly ýassyklary taýýarlamak köp zähmeti talap edýär. Sebäbi bir ýassyga 28-30 sany kaçkaldagyň ýelegi gidýär.
Toýlaryň köpüsinde ýerine ýetirilýän türkmeniň milli tansy bolan "küşt depdide" köplenç joşgunly aýdyşyklar aýdylýar. Onda ahli gowy arzuwlar bilen bir hatarda ýaşlara edilýän arzuwlaryň arasynda barakdan taýýarlanylýan ajaýyp naharlar hem ýatlanylýar.