Ï Türkmenistanda GDA agza ýurtlaryň intelligensiýasynyň döredijilik we ylmy Maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda GDA agza ýurtlaryň intelligensiýasynyň döredijilik we ylmy Maslahaty geçiriler

view-icon 719
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi GDA agza ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasy bilen bilelikde «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» Döwletara taslamasynyň çäklerinde çäreleriň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlaýar. Şu ýyl Mary şäheri «Arkalaşygyň medeni paýtagty»diýen derejä eýe boldy.

Bu meýilnama boýunça GDA agza ýurtlarynyň intelligensiýasynyň VII döredijilik we ylmy Maslahaty bu meýilnamanyň çäreleriniň has ähmiýetlisiniň biri bolar. Mundan hem başga, GDA ýurtlarynyň hudožnikleriniň surat eserleriniň, amaly-haşam sungat eserleriniň, arheologiki tapyndylaryň we muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem Arkalaşyga girýän döwletleriň kitaphanalarynyň we ylmy merkezleriniň gaznalarynda saklanylýan gadymy kitaplaryň we gadymy golýazmalaryň sergilerini geçirmek meýilleşdirilýär. Hudožnikler üçin öz eserlerini görkezmäge, gymmatly eserleriň durkuny rejeleýjiler we olary saklaýanlar üçin bolsa, baý tejribe toplamaga we alyşmaga örän oňat mümkinçilikler döreýär.

Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň alymlary «Gadymy Merw-dünýä siwilizasiýasynyň merkezi» atly tema öz ünslerini bermek bilen, ony öz käredeşleri bilen «tegelek» stolyň başynda ara alyp maslahatlaşarlar.

Milli telewideniýäniň hünärmenleri gadymy Margiana we hazirki zaman Mara bagyşlanan gepleşikler tapgyryny şu ýylyň bütin dowamynda ýaýlyma bermegi maksat edinýärler. Türkmen kinematografiýaçylary GDA ýurtlaryndan gelen kärdeşleri bilen çeper we multiplakasion filmleriň festiwalynda duşuşarlar. Bu festiwal ýurdumyzyň Aşgabat, Türkmenbaşy we Mary şäherlerinde geçiriler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň we Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlary hem daşary ýurtly myhmanlar we kärdeşleri üçin öz çykyşlaryny taýýarlaýarlar.

Estrada aýdymlaryny halaýanlara bolsa Arakalaşygyň ýurtlaryndan geljek meşhur estrada aýdymçylarynyň konserti, çagalar sazly we tans toparlarynyň çykyşlary garaşýar, «Margiana» tans ansambly konsert programmasy bilen çykyş eder.

Şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek çäreler döredijilik we ylmy intelligensiýanyň VII maslahatynyň ählisiniň arasyjnda iň ähmiýetlisi bolar.

Onuň çäklerinde myhmanlara medeni miras bilen ýakyndan tanyşmaga, häzirki zaman medeniýeti we ylmy ösdürmegiň wajyp meselelerini ösdürmägiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, döredijilik we ylmy özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikler dörediler.

В его рамках гостям будет предоставлена возможность ближе ознакомиться с культурным наследием, обсудить актуальные вопросы развития современной культуры и науки, наладить творческие и научные взаимополезные контакты.

Gadymy Merwiň siwilizasiýasynyň medeni özara gatnaşyklar ulgamynyň asyrlaryň dowamyndaky taryhy ähmiýetini açyp görkezmek meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň esasy pikiri bolar.

Gündogaryň musulman dünýäsiniň ählisi boýunça Merwiň meşhurlygy barada dürli rowaýatlar bolupdyr, onuň ajaýyp kytaphanalary şol döwrüň belli alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir. Meşhur alym-geografiýaçy Ýakut al-Hamawi «Men haçan-da Merwden gidemde, ol gülleýän döwri başdan geçirýärdi... . Eger-de tatarlaryň bu ýurtlara bolan weýrançylykly çozuşlary bolmadyk bolsa, men onuň ýaşaýjylarynyň mylakatlylygy, ýumşaklygy we sypaýçylyklary zerarly we esasy ylymlar boýunça kitaplaryň köpdügi sebäpli ömrümiň ahyryna çenli bu ýerini taşlap gitmezdim. Men ony taşlap giden wagtymda bu ýerde on sany kitap saklanylýan jaýlar bardy» diýip, 1219-njy ýylda ýazyp geçipdir.

Häzirki zamanda Mary özüniň ata-babalarynyň däp-dessurlaryny gaýtadan dikeldýär. Ýakynda bu ýerde 3 million kitaby saklamaga niýetlenen iň hazirki zaman kitaphanasy açyldy. Bu kitaphananyň gümmeziniň aşagynda kuwwatly teleskop bilen üpjün edilen obserwatoriýanyň ýerleşdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu meşhur merw obserwatoriýasynyň özboluşly ýatlamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde gündogaryň meşhur şahyry, matematigi we filosofy Omar Haýýam gadymy älemşynaslar bilen bilelikde asman giňişligini öwrenipdir.

Bu günki gün myhmansöýer şäher «Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni götermäge mynasypdyr: türkmen halkynyň milli gazananlary bolan öz zehinleri we gadymy medeniýeti bilen paýlaşmaga geljek dostlary üçin elmydama açykdyr.