Ï Zenanlara bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlara bagyşlanýar

view-icon 947
8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda türkmen aýal-gyzlaryna sowgat hökmünde ýurdumyzda köp sanly çäreler geçirildi. Ak mermerli paýtagtymyz bolsa konsertleriň, teatrlaşdyrylan sahnalaryň, baýramçylyk maslahatlarynyň geçirilen özboluşly medeni merkezine öwrüldi. Şu günler türkmen aýal-gyzlaryna iň gowy artistler we aýdym-saz toparlary öz sungatyny sowgat berýärler. Suratkeşler özleriniň eserlerini türkmen zenanlarynyň parasatlylygyna we gözelligine bagyşlaýarlar. Olaryň işleri Aşgabadyň we welaýat merkezleriniň muzeýlerinde guralan sergilerde goýuldy. Şu gün açylan çeperçilik sergisi bolsa iki sany mowzuga-baharyň gelmegine, türkmen tebigatynyň gözelligine hem-de ynsan bagtynyň we her bir döwletiň gülläp ösüşiniň binýady hökmünde enelige bagyşlanýar.

...Irden paýtagtymyzdaky baýramçylyk lybasyna beslenen “Bagt köşgünde” meýdançada köp çagaly enelere “Ene mähri” adyny dakmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisi, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Dabara gelen köp çagaly eneler ýaşaýan welaýatlarynyň däp-dessurlaryna mahsus bolan aýdym-sazlar we folklor çykyşlary bilen garşylandy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda täze taryhy eýýamda zenanlar döwletimiziň sarpasy we aladasy hem-de ildeşlerimiziň aýratyn hormaty bilen gurşalyp alyndy. Türkmen zenanlarynyň diňe bir jemgyýetdäki we maşgaladaky möhüm orny däl, eýsem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde goşýan uly goşandy aýratyn nygtaldy, türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny aýawly saklamak baradaky möhüm wezipeler barada aýdyldy.

“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere şu gün döşe dakylýan degişli nyşanlar we şahadatnamalar, şeýle hem pul baýraklary gowşuryldy. Bu at dürli ýeňillikleri berýär, şol sanda jemagat hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik ulagyndan mugt peýdalanmak hukugyny we beýlekileri göz öňünde tutýar.

Hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler hormatly Prezidentimiziň Permanynyň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge goşan goşandynyň ykrar edilendigi üçin öz kalplarynda çäksiz şatlyk, buýsanç, hoşallyk we alkyş duýgularyny döredendigini bellediler.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň uly baýramçylyk konserti guraldy. Konsertde estrada artistleri hem-de aýdym we tans toparlary özleriniň iň gowy çykyşlaryny hödürlediler. Aýdym-saz çykyşlary söýgini we enelere hormat-sarpany wasp etdi. Umuman, bu çäre joşgunly aýdym-sazlara, şatlykly we tolgundyryjy pursatlara baý boldy, çünki bu ýerde baýramçylygyň öňüsyrasynda günde ýaş çatynjalaryň birnäçesi nikalaşdylar. Olar paýtagtymyza ähli welaýatlardan nika hakyndaky şahadatnamalary gowşuryş dabarasyna gatnaşmak üçin ýörite geldiler. Indi bu ýaş çatynjalar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze neslini terbiýeläp ýetişdirerler. Öz nobatynda, çagalar bolsa öz arzuwlaryny amala aşyryp, diňe bir öz ene-atalarynyň däl, eýsem biziň jemgyýetimiziň buýsanjyna öwrülerler.

...Şu günki baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr” atly dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda ýurdumyzyň bu jemgyýetçilik guramasynyň alyp barýan işleri we geljekdäki wezipeleri, eneleri we çagalary durmuş taýdan goramak ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşyşy barada gürrüň edildi.

Baýramçylyk maslahatlarynda nygtalyşy ýaly, gadymdan bäri türkmen topragynda zenanlara, ýaşululara uly hormat sarpa goýulýar. Olar çagalarda ene-atalaryny, eziz Watanymyza söýgi duýgularyny terbiýeleýärler. Türkmen halkynyň bu ruhy gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp, biziň günlerimize çenli ýetip geldi we geljekde hem asyrlaryň dowamynda biziň jemgyýetimiziň ýokary ahlak gymmatlyklary bolup hyzmat eder.

Ene hemişe maşgalanyň abadançylygynyň nyşany bolup geldi, öz çagalarynda adalatlylyga, mähirlilige, özara sypaýçylyklyga çalyşmagy terbiýeledi. Şu jähetden bilim işgärleri Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlary” atly baýramçylyk maslahatyny geçirdiler. Bu çäräniň ajaýyp mugallym, edermen esger we hakyky watançy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mekdepde geçirilmegi tötänleýin däldir. Şeýlelikde, bilim işgärleri täze nesli milli däplerimize wepalylyk hem-de mähriban Watanymyza söýgi ruhunda terbiýelemek işinde çuňňur bilimlere, giň gözýetime we ýokary intellektual ösüşe eýe bolan türkmenistanlylaryň ýaş neslini ösdürip ýetişdirmäge olaryň çalyşýandygyny nygtadylar. Çünki geljekde olar häzirki Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan gazananlaryny pugtalandyrmaga, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna öz bilimlerini sarp etmäge çalşarlar.

Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we mekdep mugallymlary öz çykyşlarynda milli bilimiň gazanan üstünlikleriniň hatarynda okuw prosesine häzirki zaman usullaryň ornaşdyrylmagyny mekdepleri we çagalar baglarynyň kompýuterleşdirilmegini, ýokary okuw mekdepleriniň laboratoriýa enjamlary bilen üpjün edilmegini, okatmagyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny görkezdiler.

7-nji martda bolsa baýramçylyk çäreleriniň dowamynda “Bagt köşgi”

öz gapylaryny ýene-de giňden açar, şol ýerde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi “Halkymyzy baky bagta ýetiren Arkadaga, Gahrymana şan bolsun bolup!” ady bilen sungat ussatlarynyň konsertini gurar. Bu çäräniň ýurdumyzyň meşhur zenanlarynyň gutlag sözleri bilen çykyş etjek dabaraly böleginden soň tomaşaçylaryň ünsi sahna gönüger, şol ýerde meşhur aýdymçylar, sazandalar, wäşiler, paýtagtymyzyň we welaýat merkezleriniň teatr hem-de döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezerler.

Türkmen döwlet gurjak teatry tarapyndan Halkara zenanlar güni bolan 8-nji marta bagyşlanyp ýörite taýýarlanan teatrlaşdyrylan çykyşy “Eneler ýylgyrsa, dünýä ýaz bolar” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylyk çykyşy konserte çalymdaş bolar, şonda teatrlaşdyrylan hereketler diňe bir zenanlara däl, eýsem, ýaş aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna şatlyk eçilmek üçin guralar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 7-nji martda “El hünäri--il gezer” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolar, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guraýar. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň her birinden şol bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynyň ýeňijisi bolan wekilleriň bäşisi gatnaşar. Olar ýokary döredijilik okuw mekdepleriniň talyplarydyr we halyçylyk, çeperçilik sungaty, zergärçilik hem-de halk halk-amaly döredijiliginiň beýleki ugurlary boýunça ýaş ussatlardyr. Ýeňijiler guramaçylardan diplomlary we gymmatly sowgatlary alarlar, baýrakly orunlardan başga baş baýrak hem gowşurylar.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi 7-nji martda geçiriljek konsert maksatnamalarynyň we teatrlaşdyrylan çykyşlaryň ýene-de birnäçesiniň guramaçysy bolar. Olar “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde degişlilikde “Eziz ene, alkyş seniň adyňa” we “Mähriban ene, sizi ýaza deňeýärin” atlary bilen aýdym-saz hem-de tans žanrynyň ussatlarynyň konsertleridir, şeýle hem Türkmenistanyň Baş drama teatrynda we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda estrada artistleriniň teatrlaşdyrylan çykyşlarydyr.

Baş baýramçylyk güni bolan 8-nji martda, Halkara zenanlar gününde bellenilen çäreler aýratyn özüne çekijiligi bilen tapawutlanar. Çünki olaryň hemmesi Türkmenistanyň zenanlaryna—döwlet gullugynyň işjeňlerine, döredijilikde, sungat äleminde we iň esasysy hem türkmenistanlylaryň geljekki neslini kemala getirmekde tapawutlanan zenanlara bagyşlanýar. Şol gün irden estradanyň, halk teatrlarynyň, opera sungatynyň iň oňat döredijilik zehinleriniň gatnaşmagynda Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti başlanar. Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligi şol konsertiň guramaçylarydyr.

8-nji martda agşam ýurdumyzyň ähli teatrlarynda we medeniýet merkezlerinde baýramçylyk çäreleri bolar, şol çäreleriň şygary “Arkadagy alkyşlaýar eneler!” diýlip atlandyrylar. Aýdym-sazly teatrlaşdyrylan dabara ajaýyp milli tanslary we hoş owazly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterýän opera we estrada aýdymçylarynyň, teatr hem-de tans toparlarynyň çykyşlaryndan ybarat bolar. Konsertleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri gurarlar.

Ýurdumyzyň etrap we welaýat merkezleriniň baş meýdançalarynda welaýat häkimlikleri tarapyndan guralan konsertler we baýramçylyk çäreleri bolar. Olara ussat we höwesjeň artistler gatnaşar.

“Ylham” seýilgähiniň estrada meýdançalarynda paýtagtymyzyň artistleriniň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan çykyşlary ruhubelent ýagdaýda geçiriler. Türkmen paýtagtynyň bu ajaýyp künjegi aýdym-saz muşdaklaryny ýerine ýetirijileriň ussatlygy bilen özüne çekip, döwletimiziň durmuşynyň dürli şanly seneleriniň hormatyna “açyk asmanyň astynda” çykyş edilýän ýere öwrülýär.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde agşamky çykyş sirk sungatyny söýýänleriň göwnüni göterer. Halkara zenanlar gününiň hormatyna görkeziljek çykyş estrada häsiýetindäki çykyşlar bilen bezeler, oňa ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň dürli döredijilik toparlarynyň artistleri gatnaşar.

Şol gün paýtagtymyzyň bada-bat üç teatrynda, ýagny “Siz türkmenlere Arkadag!” ady bilen Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda, “Bagtyýar ýaşlardan alkyş Size Arkadag!” ady bilen Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda we “Sowulmaz döwranly döwür” ady bilen A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda teatrlaşdyrylan çykyşlar bolar.

Ýürekleri Watanymyzyň ýagty geljegine ynam- şatlykdan doldurýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne buýsanç bu çykyşlaryň, şeýle hem beýleki ähli baýramçylyk çäreleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

* * *

Şu gün şeýle hem paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 20 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy. Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Türkmen tarapyndan konserte biziň ak mermerli paýtagtymyzyň iň gowy döredijilik toparlary gatnaşdylar.