2012-nji ýylyň fewraly: milletiň Lideriniň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugruna eýerip
Gyşyň geçen jemleýji aýy--fewral, hakykatdan-da, türkmen döwletiniň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolup, türkmen halkynyň durnukly, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeleriň barşyna badalga berdi.
12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanmagy diňe bir döwletimizde däl-de, daşary ýurtlarda-da esasy temalaryň biri bolup, geçen aýdaky ähli wakalara, şol sanda halkara ähmiýetli wakalara badalga berdi. Geçirilen saýlawlaryň möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka bolandygy barada aýdanyňda, onuň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda ýene-de bir netijeli ädime öwrülendigini hem-de ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda giň bäsdeşlik esasynda (sekiz dalaşgäriň gatnaşmagynda) açyk, aýdyň geçirilendigini bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ruhubelent ýagdaýda we ilatyň işjeň gatnaşmagynda geçip, köp sanly daşary ýurtly myhmanlarda, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň wekillerinde, şeýle hem şol günlerde Türkmenistanda bolan Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, BMG-niň Sekretariatynyň syýasy meseleler boýunça Departamentiniň Ýakyn Gündogar we Günbatar Aziýa bölüminiň wekiliýetleriniň agzalarynda uly gyzyklanma döretdi.
Fewraldaky möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki wakalar barada aýdylanda, ýurdumyzda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda giňden bellenilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem, Diplomatik işgärleriň güni hem geçen aýda ýurdumyzyň halkara derejesindäki işjeňligine degerli täsirini ýetiren wakalara öwrüldi.
Şol günler ýurdumyza daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň köp sanly wekilleriniň gelmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tekliplerini we başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça öz üstlerine ýüklenen borçlary gyşarnyksyz berjaý edýän ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň sazlaşykly we guramaçylykly işlemeginiň netijesidir.
Ýurdumyz şu maksatlara eýerip, halkara guramalary, şol sanda BMG-niň dürli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. 1-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana sapara gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekili-- BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Bratislawadaky sebit merkeziniň howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça geňeşçisi hanym Gabriýela Fişerowa bilen duşuşyk geçirildi.
Hanym Gabriýela Fişerowa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň türkmen Lideriniň netijeli başlangçylaryny hemmetaraplaýyn makullaýandygyny we goldaýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça ýöriteleşdirilen düzümi—BMG-niň Sebitara merkezini döretmek baradaky teklibiniň wajyp ähmiýetlidigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur bolan düzümi bermäge taýýardyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekiliniň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde duşuşyklar geçirildi.
Ertesi gün, 2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň halkara hukugy we daşary aragatnaşyklar boýunça Baş departamentiniň baş direktory jenap Fazli Doganyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti kabul edildi. Duşuşyga gatnaşanlar köp sanly ulgamlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary we hukuk ulgamy boýunça tejribe alşylmagyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplaryň sazlaşykly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny maksat edinýändigini aýtdylar.
Şol gün ýurdumyzyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginde we Söwda-senagat edarasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Bu wekiliýet Owganystanyň Hyrat welaýatynyň söwda-senagat edarasynyň direktory jenap Khatebi Hajy Sahdyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen geldi.
Duşuşyklara gatnaşanlar taraplaryň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ygrarlylygyny tassyklap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de söwda-ykdysady ulgam, gurluşyk we beýleki pudaklar boýunça ozal baglaşylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna parahatçylykly, döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda we ykdysadyýeti galkyndyrmakda Owganystanyň halkyna yzygiderli kömek we hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen bagly meselä dolanyp gelmek bilen, 4-nji fewralda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda kabul edilendigini ýatlap gçemek gerek.
Duşuşygyň barşynda bu halkara guramasynyň wekillerine Türkmenistanyň saýlawa degişli kanunçylygy, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” täze Kanun baradaky gysgaça syn hödürlendi. Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen bagly çäreler barada aýdyp, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenlerine alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň Türkmenistanda bolmagynyň barşynda döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň Daşary işler minisrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radioýaýlymlar we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) wekilleri we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçiriler.
6-njy fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň ýurdumyzdaky wekilleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi boýunça brifing geçirildi, bu çäre ýurdumyzyň DIM-i hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar bilen bilelikde guraldy.
Oňa hususan-da, Assosieýtet Press, NСA (ABŞ), Reýter (Beýik Britaniýa), Frans Press (Fransiýa), Sinhua (Hytaý Halk Respublikasy), Pakisn Press Network (Pakistan), Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, “Ogonýok” žurnaly, “Türkmenistan” halkara žurnaly (Russiýa), Jihan habarlar agentligi, Anadolynyň habarlar agentligi, TRT teleradio kompaniýasy (Türkiýe), Zaman-Türkmenistan gazeti, Türkmenistan.ru elektron gazeti ýaly iri habarlar agentlikleriniň, elektron, neşir we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylara saýlaw bilen baglylykda geçirilýän çäreleriň we guramaçylyk işiniň barşy barada jikme-jik gürrüň berildi.
8-nji fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde GDA agza döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk boldy. Şonda Arkalaşykda gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem-de Türkmenistanyň we GDA agza döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda ýurdumyzyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde elmydama GDA girýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylmagy ugrunda çykyş edýändigi hem-de özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelerden ugur alyp guraýandygy bellenildi.
Şeýle hem saparyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde we Ylymlar akademiýasynda kabul edildi, şonda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
9-njy fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň synçylarynyň toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýeritiji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew iş duşuşygyny geçirdi. Belent mertebeli myhman we onuň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary Merkezi saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek boýunça saýlaw çäresiniň jemleýji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyran aşyran uly taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.
Şol gün GDA-nyň Ýerine ýeritiji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şonda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.
9-njy fewralda Türkmenistanyň we HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertiniň barşynda medeni-gumanitar ugur boýunça ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täzeden badalga berildi. Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Hytaýyň düzüminde bu dostlukly ýurduň sungat ussatlary bolan wekilçilikli topary geldi.
Bu waka döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrülip, özboluşly iki medeniýetiň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna hem-de türkmen-hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşdy.
13-nji fewralda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilen gününiň ertesi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbubat maslahaty geçirilip, şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň esasy netijeleri yglan edildi.
Oňa daşary döwletleriň biziň ýurdumyzdaky iri habarlar agentlikleriniň, elektron, neşir we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň toparynyň wekilleri, şeýle hem milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we žurnalistleri gatnaşdylar.
Şol gün, 13-nji fewralda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň toparynyň baş edarasynda geçirilen jemleýji metbugat maslahatynyň barşynda GDA-nyň synçylarynyň toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça synlamalarynyň netijelerini aýan etdiler. Synçylaryň toparynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda Prezident saýlawlary guramaçylykly, bäsdeşlik esasynda we açyk ýagdaýda hem-de saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçirildi.
17-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine bagyşlanan dabara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen wekilçilikli toparynyň agzalary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda däbe öwrülen hem-de soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, sazlaşykly ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meselelere garaldy. Bu topara HHR-iň Başlygynyň Ýörite wekili, Hytaýyň halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary jenap Çžou Tenun ýolbaşçylyk etdi.
Myhmanlar Hytaýda häzirki döwürde türkmen döwletiniň ösüşine ünsli syn edilýändigini we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hem-de saýlawlaryň barşynda milletiň Lideriniň uly üstünlik gazanmagyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine täzeden saýlanmagyna ýardam edendigini bellediler.
Duşuşyga gatnaşanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmalydygyny we ösdürilmelidigini, şeýle hem 2011-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň barşynda iki ýurduň Liderleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşan meýilnamalarynyň amala aşarylmalydygyny bellediler. Duşuşykda iki ýurduň we halklaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan has ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada aýratyn pikir alşyldy.
18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly ýygnak boldy. Bu ýygnaga daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň diplomatik toparynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, birnäçe pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnagyň gün tertibinde ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek bilen bagly meseleler girizildi, şeýle hem Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýasyny ösdürmegiň has wajyp ugurlary, iri halkara guramalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşldy.
Şeýle hem ýakyn geljekde, hususan-da, şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýewropanyň ykdysady topary tarapyndan işlenip düzülen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde, 2013-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň BMG-nyň Ykdysadyýet we Durmuş geňeşiniň agzalygyna girmegi üçin hereket etmegiň meýilnamalaryna garaldy.
Daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, 21-23-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň türkmen paýtagtynda guralan VI ýöriteleşdirilen sergisi barada-da aýtmak gerek. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Dostlukly goňşy döwletiň ykdysady taýdan gazananlarynyň gözden geçirilişine gatnaşmak üçin, türkmen paýtagtyna Eýran Yslam Respublikasynyň kompaniýalarynyň 50-ä golaýynyň wekilleri geldiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň däbe öwrülen sergisi elmydama türkmen telekeçilerinde, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär, munuň özi halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň ýaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän “açyk gapylar” syýasatynyň many-mazmunyny äşgär edýär hem-de bu sergi Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde, goňşy iki döwletiň arasynda örän amatly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ýene-de bir wajyp ädime öwrüldi.
25-nji fewralda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş assambleýasynyň Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde geçirilen hasabat we saýlaw ýygnagynyň çäklerinde sport bilen bagly halkara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.
Ýygnaga Milli olimpiýa komitetiniň hem-de ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň agzalary gatnaşdylar, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidentini, Milli olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň Baş assambleýasynyň agzalaryny saýlamak baradaky mesele girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine täze möhlete biragyzdan saýlanyldy.
28-nji fewralda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň žurnalistleri üçin guralan metbugat-maslahaty şol günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň belli “Türkmenistan” žurnaly, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri—“TRT” teleradio kompaniýasy, Türkiýäniň “Türkiýe-Zaman” we “Jihan” habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikleriniň çap edilmegine bagyşlandy.
Şolarda türkmen döwletiniň täzeden saýlanylan Baştutany bütin dünýä we sebit derejesindäki ösüşe degişli wajyp ähmiýetli meseleler baradaky garaýyşlaryny açyk we dogruçyllyk bilen beýan etdi hem-de ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanan üstünliklerine baha berdi we geljekki wezipeler barada aýdyp, Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerindäki daşary we içeri syýasatynda ileri tutulýan maksatlary we ugurlary kesgitledi.
Giň jemgyýetçilik seslenmesini döreden bu söhbetdeşlikler türkmen Lideriniň syýasy strategiýasynyň maksatlaryny we wezipelerini äşgär edýär, onuň many-mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenendir. Bu metbugat maslahatyna gatnaşanlar şol söhbetdeşlikleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň gerimini has dolulygyna göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine ýetmek ugrundaky ýoluny aýdyň görkezýän möhüm ähmiýetli maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Ertesi gün, 29-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oçir Oçirjawadan ynanç hatyny kabul etdi.
Jenap Oçir Oçirjawa şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlar, oba hojalygy, hususan-da, maldarçylyk, syýahatçylyk, sport we başga-da birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara derejesinde özara arkalaşykly hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Bir söz bilen aýdanyňda, edil öňki ähli aýlarda bolşy ýaly, geçen aý hem giň halkara hyzmatdaşlygy we hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen açyk, özara peýdaly gatnaşyklara taýýar bolmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen ýörelgäniň ministrlikler we edaralar tarapyndan syýasy yzygiderlilikde we iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýän işlere we wakalara baý boldy.