Daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmenistandan alyp gidýän iň gowy «ýadigärlik sowgatlarynyň» biri hem eýlenen goýun dersinden taýýarlanan gaba türkmen telpegidir. Daşary ýurtly syýahatçylar ony uly höwes bilen satyn alyp, türkmen halkynyň milli däp-dessurynyň bir bölejigini öz ýanlary bilen alyp gidýärler.
Telpek gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli özüniň daşky görnüşini hiç hili üýtgetmedi we halkyň arasynda öz ähmiýetini ýitirmedi. Ol häzirki günlere çenli ulanylyp, Türkmenistanyň halkynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanyp gelýär.
Durmuşyň häzirki zaman ýörelgeleri boýunça telpek gündelik geýilmese-de (ýaşuly nesilden başga), milli lybasly türkmen jigitleriniň ahalteke bedewleriniň üstünde kelleleri türkmen telpekli dogumly ýerine ýetirýän oýunlary bilen çykyş edýän toýlaryny olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Telpek sowukdan, ýagyşdan, ýelden hem-de ýakyp barýan günden goraýar. Ol adam bedeninde amatly temperaturany saklamak bilen, öz daşky görnüşini ýitirmeýär we aýratyn bir idegi talap etmeýär. Biziň ata-babalarymyzyň ýylylyk tehnikasynyň we termodinamikanyň kanunlaryny bilmeseler-de, kellä geýilýän zady akylly-başly çözmekleri örän geň galdyrýar. Ynsan elleriniň şeýle täsinlikleri döretmegini kämillik diýip hasap etsek öte geçdigimiz bolmaz.
Häzirki zaman telpek ussallary deri eýlemeklikde öz ata-babalarynyň däplerini dowam etdirýärler. Tirkeş Orazmämmedowyň deri eýleýän ussahanasynda şöhratly türkmen telpekleriniň taýýarlanyşyny gözüň bilen görmek bolýar.
Telpegiň görnüşi we reňki onuň eýesiniň ýaşyny, ýagdaýyny we ýaşaýyş derejesini görkezýär. Ynha köp gaýnadylyp bişirilen süýdüň reňki görnüşiniň taýýarlanyşy – ondan haýsydyr bir dabarada geýmek üçin telpek taýýarlanar, ynha güýz dumany ýaly çal reňk, gara-goňur – bu reňkdäki telpekleri durmuşda baý tejribe toplan paýhasly ýaşulylar geýerler. Bu ussahanasyny synlanyňda, köp reňkli gaba telpekleri Kolhidada äpet aždarhanyň hüşgärlik bilen goraýan mifiki altyn goýun derilerini nämälim jadygöýiň köp sanly dürli reňkli derini taýýarlap, bu ýere, telpekçi Tirkeş aganyň ygtyýaryna getiren ýaly bolup dur.
Telpegi taýýarlamak örän köp zähmeti talap edýän iş. Ony taýýarlamaga uly maşgalanyň ählisi gatnaşýar, hat-da Tirkeş aganyň iň kiçijek agtyjagyna hem iş tapylýar. Goýun derisini eýlemek uly ussatlygy, başarnygy we tejribäni talap edýär. Eger-de guzy semizje, sagdyn bolan ýagdaýynda ýokary hilli deri çykýar, altyn derini eýlemek ýeňil bolýar.
Şunlukda, ilkinji wajyp işleriň biri goýun derisini eýlemek bolup durýar. Ony entek çig ýagdaýynda alýarlar hem-de eglenmän işe başlaýarlar. Derini gowy edip duzlaýarlar, soňra dolaýarlar hem-de birnäçe gün goýýarlar. Duz deriniň uzak wagtlap berk ýagdaýda bolmagyna täsir edýär., soňra ony duzdan arassalaýarlar, derini ýuwýarlar hem-de guradýarlar. Deriniň kölegeli ýerde guradylmagy hökmandyr. Sebäbi şöhlesini bolluk bilen eçilýän biziň güneşimiz olary gaty guradyp, saň gaty edip goýaýmagy mümkindir. Tirkeş aga soňra derini ýumşatmak we ýagsyzlandyrmak üçin gadymy usuly ulanýar: ol derä turşy süýdi we bugdaý ununyň suwuk hamyryny bol edip çalýar. Deri ýene-de özüne gerek bolan maddalary siňdirip, tomusda bir hepde, gyşda bolsa iki hepde ýatýar. Özi hem turşy süýdi we suwuk hamyry çalmak işlerini her gün geçirip durmaly. Işiň jemleýji tapgyrynda derini ýuwýarlar, guradýarlar we gazaýarlar – ine deri mundan beýleki işler üçin taýýar. Tirkeş agada telpegi tikmek üçin iş gurallary o diýen köp däl: iki sany darak, tikin iňňesi, ak we gara sapak dükjeleri we oýmak bar.
Oglanlar üçin telpekler guzynyň ak baganaly derisinden tikilýär. Geýmäge amatly we ýeňiljek telpejikler çagany günden we ýagyşdan goraýar. Ýetgijekler we ýaş oglanlar esasan hem beýik bolmadyk ýagty reňkli telpekleri geýýärler. Ýetişen erkek adamlar dürli beýiklikdäki we dürli uzynlykdaky ýüňi bolan çal we goňur reňkli görnüşlerini geýmegi halaýarlar. Ak reňkdäki telpekleri hormatly ýaşulylar aýratyn bellenilip geçilýän dabaralarda geýýärler. Türkmen telpekleriniň beýikligi näme bilen bagly diýen sowalymyza telpekçi: «Ýaşulynyň sakaly näçe uzyn bolsa, onuň telpegi hem şonça beýik bolmaly» diýip, ýylgyryp jogap berdi. Ine milli geýimleri tikmegiň usullarynyň biri özboluşly kadalary bilen asyrlardan asyrlara aşyp dowam edip gelýär. Ussalar türkmen halkynyň parasatly dessurlaryny, durmuş ýörelgelerini ýatdan çykarman, telpek tikmegiň gadymy usullaryny aýawly saklaýarlar hem-de nesilden nesile geçirip gelýärler.
Ş.AKMUHAMMEDOWYŇ «Telpek satyjysy» atly suraty.