Ï Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 2576
Türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky wajyp ädim

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina döwlet sapary däbe öwrülen dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň senenamasyna täze sahypany ýazdy.

Kiýewde ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda bar bolan ylalaşyklary berjaý etmek hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak bilen döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň weWiktor Ýanukowiçiň duşuşygy Ukrainanyň habar beriş serişdelerinde esasy meselä öwrüldi. Dostlukly ýurduň merkezi gazetleri bu saparyň öňüsyrasynda dostlugyň berk binýadyna, ynama we özara düşünişilmegine esaslanyp guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna we häzirki ýagdaýyna bagyşlanan giňişleýin makalalary çap etdiler.

Entek şu sapara taýýarlyk görülýän mahalynda, bu halkara derejesinde möhüm ähmiýetli waka dünýäniň köp sanly esasy habarlar agentlikleriniň, daşary ýurtlaryň metbugat we elektron neşirleriniň ünsüni çekdi.

Russiýanyň iri “ITAR-TASS” habarlar agentligi saparyň öňüsyrasynda “Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri Kiýewde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar” diýip belläp, Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji fewralda ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli dabaranyň geçirilen gününde telefon arkaly söhbetdeşlik mahalynda Ukraina gelip görmek baradaky çakylygy aýdandygyny ýazýar. Türkmenistanyň Prezidenti bu çakylygy kabul edip, “Bu sapar iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm tapgyra öwrüler we şol gatnaşyklara täzeden badalga berer” diýip belledi. Şeýle hem bu agentlik türkmen hökümetiniň soňky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparyň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşan mahalynda, öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyny ýola goýmak maksady bilen, ýurduň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna Ukrainanyň esasy önümçilik kärhanalarynyň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagy tabşyrandygyna ünsi çekdi.

Ukrainanyň we beýleki daşary döwletleriň habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň şu döwlet saparynyň on ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji sapar bolandygyny aýratyn bellediler.

Žurnalistler Prezident Wiktor Ýanukowiçiň “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapary Ukraina üçin möhüm ähmiýete eýedir” diýendigini bellediler. Wiktor Ýanukowiç Ukrainada Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saýlawlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolandan soňra ikinji saparyny” hut Ukraina amala aşyrandygyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

“Kommensant-Ukraina” atly internet-neşir belent mertebeli türkmen myhmanynyň mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşy alnyp, uly hormat goýmak arkaly kabul edilendigini belleýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine döwlet sapary diýen iň ýokary diplomatik dereje berildi. Türkmen wekiliýetiniň örän köp sanly adamlardan ybarat bolmagy bu saparyň ýene-de bir aýratynlygyna öwürldi.

Žurnalistler ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen Liderini ýakynda geçirilen Prezident saýlawlarynda uly üstünlik gazanmagy bilen mähirli gutlamakdan başlanandygyna hem aýratyn üns berdiler. Wiktor Ýanukowiç “Men Sizi we ilkinji nobatda türkmen halkyny bu parasatly çözgüt bilen ýene-de bir gezek gutlasym gelýär. Saýlawlardaky bu ajaýyp üstünlik türkmen halkynyň pähim-parasadynyň ähli zatdan üstün çykýandygyny görkezýän ýeňşe öwrüldi” diýip belledi. Ukrainanyň Prezidenti “Siz 97,14 göterime barabar sesleri topladyňyz we men biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň näme üçin hut şeýle görnüşde ýola goýlandygy baradaky sowalyma jogap tapdym. Şol jogap türkmen halkynyň örän parasatlydygyny görkezdi” diýip aýtdy.

Türkmen-ukrain gepleşikleri tamamlanan badyna, “ Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ukraina bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynda geçirilýän bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi, häzirki taryhy tapgyrda şol gatnaşyklar yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýar” diýen habarlar ýaýradylyp ugraldy. Şunda metbugatda iki döwletiň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna çalyşýandygy nygtalyp, Türkmenistanyň we Ukrainanyň birek-birege uzakmöhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýandygy bellenildi.

Hususan-da, Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentligi “Prezident Wiktor Ýanukowiç söwda-ykdysady gatnaşyklarda Türkmenistany Ukrainanyň strategiki hyzmatdaşy hökmünde görkezdi” diýip habar berdi. Bu agentlik ukrain Lideriniň sözlerine salgylanyp, 2010-njy ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirip aýdanyňda, 2011-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 3 esseden gowrak artyp, ABŞ-nyň 1,2 milliard dollaryna barabar bolandygyny belledi.

Ýöne Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň özara mümkinçiliklere doly laýyk gelmeýändigini belledi hem-de özara eksportyň we importyň möçberini giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we 2012-nji ýylda iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda öýlerini açmak hakyndaky meselä garamagy teklip etdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetli düzümi bolup durýar, habar beriş serişdeleri şu ýyllrada ýola goýlan netijeli syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini bellediler. W.Ýanukowiç “Bizi döwletlerimizi ösdürmäge çemeleşmelerimiz baglanyşdyrýar” diýip, toparlara goşulyşmazlygy iki ýurduň syýasatyndaky birmeňzeş çemeleşme hökmünde görkezdi hem-de iki döwletiň haýsydyr bir harby-syýasy toparlara goşulmaýandygyny aýtdy diýip, INTERFAKS-Ukraina habar berýär.

Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Biziň esasy wezipämiz durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, iki ýurduň geljekde-de halkara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýradam berýän ugra eýerjekdigine ynam bildirdi.

Garaşylyşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ýokary derejedäki gepleşikde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri öz döwründe Kiýewiň türkmen “mawy ýangyjyny” satyn alýan esasy ýurtaryň hatarynda bolandygyny hem-de 2002-nji ýylda Ukraina eksport edilen gazyň möçberiniň 32 milliard kub metre barabar bolandygyny ýatladylar.

Ukrainanyň biznes portaly öz okyjylaryna häzirki wagtda türkmen gazyny gös-göni ýetirmegiň mümkinçilikleri barada Ukrainanyň Türkmenistan bilen gepleşikleri dowam etdirýändigi barada habar berdi.

Russiýanyň RIA Nowosti habarlar agentligi Ukrainanyň energetika we kömür senagaty ministri Ýuriň Boýkonyň sözlerine salgylanyp, “Ukraina türkmen gazyny gös-göni ýetirmegiň mümkinçilikleri barada Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegini dowam etdirýär” diýip habar berdi. Ukrainanyň energetika we kömür senagaty ministrliginň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, gepleşikleriň barynda Ukrainanyň Prezilenti Wiktor Ýanukowiç we onuň türkmen kärdeşi meseleleriň uly toplumyny, şol sanda energetika ulgamyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ý.Boýko “Bu gepleşik dowam etdiriler we ol köp sanly ugurlara degişlidir, şol ugurlar bolsa biziň döwletimiz üçin möhüm ähmiýete eýedir” diýip, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň diňe bir Ukraina üçin däl-de, Türkmenistan üçin hem amatly boljakdygyny belledi.

TREND atly internet-neşir “Ukraina Türkmenistanyň gaz baradaky taslamalary bilen gyzyklanýar” diýen sözbaşyly makalany ýaýratdy. Bu elektron gazet Wiktor Ýanukowiçiň öz çykyşynda “Bizi ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe degişli meseleler örän gyzyklandyrýar. Ukrainada bar bolan mümkinçilikler tebigy gazyň çykarylmagyny we iberilmegini artdyrmakda Türkmenistan tarapyndan dolulygyna ulanylyp bilner” diýen sözlerini mysal getirdi. Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň Türkmenistanyň çägindäki gaz ýataklaryny özleşdirmek, içerki we döwletara gaz geçirijileriň gurluşygy baradaky taslamalara gatnaşmaga, şeýle hem degişli enjamlary hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Şol günlerde ýaýradylan köp sanly habarlarda bellenilişi ýaly, Ukrainanyň baştutany “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň, TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň çekilmegine gatnaşmaga ukrain tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini we möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.

Business World Agenсy ukrain tarapynyň türkmen hyzmatdaşlaryna enjamlary we turbalary ibermäge taýýardygy barada aýdyp, Ukrainada “Metinwest” toparyna goşulýan Harsyz turba zawodynyň uly gaz we nebit geçirijiler üçin turbalary öndürýän iri kärhana bolup durýandygyny ýatladýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Ukrainanyň bu iri kompaniýasy “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky taslamany amala aşyrmak üçin “Türkmengaz” Döwlet konsernine 150 müň tonna barabar turbalary ibermek boýunça bäsleşikde üstün çykandygy habar berildi. “Kommersant-Ukraina” atly neşir “Metinwest” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana uly göwrümli turbalaryň 300 müň tonnasyny ibermek baradaky täze şertnamanyň şu gezekki ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrülendigini belledi.

Dostlukly ýurduň resmi habar beriş serişdeleri, hususan-da, UKRINFORM Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wiktor Ýanukowiçiyň şu duşuşygynyň netijeli bolandygyny belläp, türkmen tarapynyň Ukrainanyň ýolbaşçylygy bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirendigini hem-de bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam beren möhüm ähmiýetli goşant dýýip hasaplaýandygyny habar berdiler. Ýeri gelende aýtsak, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy, şol sanda iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Bilelikdäki türkmen-ukrain maglumaty muny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady.

Ukrainanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Bilelikdäki maglumatyň esasy maksady iki döwletiň ukrain-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, şol gatnaşyklary ähli ugurlar we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklamakdan ybaratdyr. Bu resminama taraplaryň ýokary derejedäki syýasy gepleşigi işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny, şeýle hem özygtyýarlygy, garaşsyzlygy pugtalandyrmak we döwletleriň çäk bitewüligi baradaky meseleler, galyberse-de, halkara derejesinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem resminamada söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga wajyp ähmiýet berilýändigi bellenilýär.

UNIAN habarlar agentligi deňhukuklygya we özara bähbitlilige mahsus bolan ýörelgeler esasynda guralýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň gatnaşyklarynda ileri tutulýan mesele bolmagynda galýandygyny belledi. 2012-2015-nji ýyllarda Ukrainanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy Döwletara maksatnamasynyň şol işiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegine garaşylýar, bu maksatnama ekspotyň-importyň düzüminiň diwersifikasiýa edilmegine, önümleriň sanawynyň giňeldilmegine, üçünji ýurtlaryň bazarlaryna bilelikde çykylmagyna, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine, maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagyna we sebitara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Daşary ýurtly synçylaryň köpüsiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti uzakmöhletleýin geljekde iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, häzirki wagtda Türkmenistanda Ukrainanyň köp sanly kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini ýatlatdy. Hususan-da, URA-Inform atly garaşsyz habarlar-analitki neşir türkmen Lideriniň sözlerine salgylanyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde ukrain maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kompaniýalaryň 30-a golaýynyň hereket edýändigini habar berdi. Şol kompaniýalaryň eýýäm durmuşa geçiren we amala aşyrýan maýa goýumly taslamalarynyň 64-siniň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaýdyr.

Ukrainanyň milli habarlar agentligi Prezident Wiktor Ýanukowiç ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanyň senagat toplumy bilen bilelikdäki işiniň geljeginiň uludygyna ynanýandygyny belledi. Bu agentlik Ukrainanyň Lideriniň “Bu duşuşyk ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanyň hojalyk we senagat toplumy bilen hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açjakdygyna ynam bildirýärin. Biz Türkmenistan ýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň biziň üçin jogapkärlidigine we bäsdeşlige mahsus mümkinçiliklere eýedigine oňat düşünýäris” diýen sözlerini mysal getirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kiýewe döwlet saparynyň çäklerinde ukrain kompaniýalary bilen tanyşdyryş dabarasyna,şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýokary Radanyň Başlygy Wladimir Litwin bilen duşuşygyna bagyşlanan makalalarda hem ykdysady hyzmatdaşlyga degişli mesele öz beýanyny tapdy. Habar beriş serişdederi ukrain parlamentiniň ýolbaşçysynyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn belläp, “Ukraina Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklara Aziýa gönükdirilen ugurdaky daşary syýasy we ykdysady işlerde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garaýar hem-de şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin anyk ädimleriň amala aşyrylmagyny dowam etdirmegi göz öňünde tutýar” diýip aýtdy. W.Litwin iki ýurduň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine Ukrainanyň parlamenti tarapyndan giň ýol açyljakdygyna ynandyrdy.

Metbugatda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar barada aýdylyp, medeni-gumanitar ugruň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtaldy. Türkmen döwletiniň Baştutany şol gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, şu ýylda iki ýurtda türkmen we ukrain kinosynyň hepdeligini geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Ýeri gelende aýtsak, saparyň maksatnamasy dostlukly türkmen we ukrain halklarynyň ruhy gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň umumydygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Gepleşikleriň resmi bölegi tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hatyralamagyň we hormat goýmagyň alamaty hökmünde, Beýik Watançylyk urşunyň esgerlerine bagyşlanan Baky Şöhrat seýilgähinde ýerleşýän Näbelli esgeriň guburyndaky Baky Şöhrat ýadygärligine hem-de türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Ukrainada uly hormat goýulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Metbugatda saparyň maksatnamasyna goşulan beýleki wajyp ähmiýetli medeni çärelerine—türkmen Lideriniň kitaplary bilen tanyşdyrylyş dabarasyna hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň sungat ussatlarynyň Kiýewiň T.G.Şewçenko adyndaky opera we balet teatrynda üstünlikli geçirilen bilelikdäki konsertine uly üns berildi.

Ukrainanyň milli täzelikleriniň habar bermegine görä, saparyň jemleýji gününde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç Kiýewdäki Milli sirke baryp gördüler, bu ýerde iki ýurduň sirk toparlary çykyş etdiler.

“Komsomolskaýa prawda” gaetiniň habar bermegine görä, ukrain sirk artistleriniň we “Galkynyş” türkmen atçylyk-sport toparynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräni görmek üçin belent mertebeli myhmanlardan başga-da, çagalar hem geldiler.

Bir söz bilen aýdanyňda, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina şu saparynyň özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda ýene-de bir wajyp ädime öwrülendigini hem-de taryhyň, ruhy we medeni däp-dessurlaryň umumylygy arkaly baglanyşýan beýik iki halkyň köp asyrlaryň dowamyndaky dostlugynyň pugtalandyrylmagyna goşulan goşanda öwrülendigini bellediler.