2014-nji ýylda Türkmenistanda türkmeniň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Ýurdyň medeni durmuşynda bu şanly waka taýýarlyk görmek işleri häzirden başlanyldy.
Şunlukda, ylym we bilim edaralarynda, metbugatda, telewideniýede we beýleki habar beriş serişdelerinde uly göwrümli çäreleri öz içine alýan meýilnama bellenildi. Bu çäreleriň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe edaralar, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Medeniýet ministrligi borçly edildi. Bu şanly waka bilen baglanyşykly çäreleri utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tasyklanyldy.
Beýik akyldaryň doglan gününe şahyryň eserleriniň ýygyndylary, Pyragynyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan ylmy işler çap ediler, dokumental we çeper filmler dörediler, telewideniýede we radioda gepleşikler tapgyry guralar. 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda „Magtymguly Pyragy we umumyadamzat medeni gymmatlyklary“ ady bilen halkara ylmy maslahat geçiriler.
Bellenilşi ýaly, bu çäreleriň maksady - Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, ХVIII - ХIХ asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy taýdan öwrenmäge gönükdirilendir.
Beýik Magtymgulynyň taglymlary onuň döwürdeşleri tarapyndan ýalkymly çagyryş, watançylyk jarnamasy, öçmejek hakykata alyp barýan ýola nur saçýan türkmen halkynyň ruhy-aklak konstitusiýasy hökmünde kabul edilýärdi. Şahyryň wyždan, ynsan mertebesi, adalatlylyk baradaky filosofiki dünýägaraýşlary umumyadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşyp, häzirki Türkmenistanyň barha gülläp ösýän durmuşynda öz beýanyny tapýar.