Ï Geljekki oba hojalykçy hünärmenler daşary ýurt tejribesini öwrenýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljekki oba hojalykçy hünärmenler daşary ýurt tejribesini öwrenýärler

view-icon 1156
Daşoguz şüherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary diňe bir bu ýokary okuw mekdebiniň – okuw önümçilik binýadynda her gün geçirilýän derslerde öz bilimlerini çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, daşary ýurtlarda hem saparda bolup, gözýetimlerini giňeldýärler.


Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň edaralarynyň geljekki hünärmenleri “Class” nemes kompaniýasynyň däne ýygnaýjy kombaýnlaryna erk etmegiň tälimlerini ele alýarlar. Bu tygşytly hem-de ýokary öndürüjilikli, köpugurly oba hojalyk tehnikasy Daşoguz welaýatynyä ekin meýdanlarynda, institutyň okuw önümçilik hojalygynda synaglardan üstünlikli geçip, ýerli toprak-howa şertlerinde ulanmak üçin ygtybarlydygyny subut etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak amala aşyrylýan işler bilen baglanyşylykda täze kysymdaky oba hojalyk tehnikalaryna netijeli erk edip bilyan, häzirki zaman tehnologiýaryny özleşdiren hünärmenlere bolan isleg barha ýokarlanýar. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar başarnyklaryny artdyrýarlar, täze tehnikanyň aýratynlyklaryny ele alýarlar. Halkara ülňülerine doly laýyk gelýän bu ýokary mekdebiň okuw –önümçilik binýadyň öz işleriniň hakyky ussady bolan hünärenleri taýýarlamakda uly ähmiýeti bardyr.


Bu ýokary okuw mekdebinde “Class” kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan ýörüte multimediýa okuw otagy bar. Onda oba hojalyk tehnikasynyň täze kysymlarynyň hereketlendirijileri we beýleki düzüm bölekleri hem-de okuw esbaplary goýulupdyr. Okuw işlerini kämilleşdirmekde, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda oba hojalyk tehnikasyny öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniňalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýeti uludyr. Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň bir toparyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň wekilleri bilen bilelikde Belgiýada we Italiyada bolup, belli kompaniýalaryň kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kärhanalarda işleriň guralşy bilen ýerinde tanyşmak mümkünçiligi döredildi. Talyplaryň ýene bir topary institutyň mugallymlary bilen bilelikde geçen ýylyň aýagyna Germaniýada boldular. Şonda olar “Class” kompaniýasynyň kärhanalarynda, şeýle hem oba hojalyk tehnikasynyň Gannower şäherinde geçirilen Bütündünýä sergisinde boldular. Şol saparyň dowamynda bu kompaniýanyň öndýrýän häzirki zaman kysymly “Tucano-430” kombaýnlarynyň ulanyş aýratynlyklary barada alnan maglumatlar Türkmen talyplaryna ýurdumyzyň hünärmenleriniň maslahatlary hem göz öňünde tutulup, öndürililýän bu tehnika barada taýýarlan okuw işlerinde öz beýanyny tapdy.


Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary üçin dünýä boýunça gurluşyk tehnikasyny öndürmekde öňdebaryjy bolan “Komasu” ýapon kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Geljekde özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň traktorlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň häzirki zaman kysymlaryny öndürýän kärhanalary bilen aragatnaşygy ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.