Zehinli ỳaşlaryň bahar konserti-Türkmen milli konserwatoriỳasynyň ỳanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde bilim alỳanlaryň döredijilik başarnyklaryny we bu meşhur mekdepde emele gelen halypaçylyk däpleriniň hakyky gözden geçirilşine hem-de geljeki ỳyldyzlaryň tanyşdyrylşyna öwrüldi.
Tomaşaçylar türkmen we beỳleki halklaryň aỳdymlaryndan, şeỳle hem häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen ajaỳyp baỳramçylyk çemenini bagyş eden aỳdymçylary el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Eỳỳäm özlerini sungat äleminiň hakyky ussatlary hökmünde görkezip ỳertişen, üỳtgeşik zehine eỳe bolen Dursun Taganowanyň we Bekdurdy Çerkezowyň çykyşlary hasda ỳatda galyjy boldy. Mohammet Geldinejediň sazandalyk etmeginde bagşy Allamyrat Idrisowyň ỳerine ỳetiren aỳdymlary hem tomaşaçylarda oňat täsir galdyrdy.
Sazçylyk mekdebiniň alty bölüminiň hem okuwçylaryndan düzülen horyň çykyşy baỳramçylyk konsertine aỳratyn öwüşgün çaỳdy. Hor topary Ninel Babaỳansyň dirižýorlyk etmeginde Çary Nurymowyň we Daňatar Hydyrowyň eserlerini ỳerine ỳetirdiler. Rejep Rejepowyň sazyna düzlen «Arkadag» diỳen aỳdymy horyň we aỳdymçy Läle Maşadowanyň bilelikde ỳerine ỳetirmeginde ỳaňlandy.
Sayçylyk mekdebiniň okuwçylarynyň şeýle konsertlerde ýygy-ýygydan çykyş edip durmaklary olar üçin oňat tejribe bolup hyzmat edýär hemde olaryň döredijilik taýdan ösmegine höwes döredýär. Artist üçin tomaşaçylaryň öňünde gönüden-göni çykyş etmegiň ähmiýeti örän ulydyr.