Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň we Bilim ministrliginiň goldamagynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran “Frankofoniýa-2012 baýramçylygy” atly medeni çäre paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka boldy. “Watan” kinokonsert merkezinde geçirilen bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde fransuz dilini öwrenýän okuwçylar we talyplar hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, dünýäde medeni we lingwist köpdürliligi baýlaşdyrmak, halklaryň arasyndaky hoşniýetliligi we ylalaşygy gazanmak maksady bilen, fransuz dilinde gürleýän ýurtlaryň halkara guramasy tarapyndan döredilen Halkara Frankofoniýa güni dünýäniň köp ýurtlarynda her ýylyň 20-nji martynda billenilýär. Türkmenistanda frankofoniýa baýramçylygy 2004-nji ýyldan bäri geçirilip, ol dünýäniň medeni genji-hazynasyna uly goşant goşan fransuz medeni mirasy bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilik döredýär.
Dabaranyň däp bolan maksatnamasyny çäräni guraýjylaryň sergisi düzýär. Bu sergi Fransiýanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanylan dürli maglumatlary we şygryýetde, aýdym-sazda, teatrlarda, widiokliplerde we terjimelerde öz zehinlerini synamaga çalyşýan ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik bäsleşiklerini özünde jemleýär. Olaryň arasynda Aşgabatdaky Fransiýanyň medeniýet merkeziniň okuwçylary hem bar. Şeýle-de şu ýyl dünýäde doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik fransuz ýazyjysy Žan-Žak Russonyň hormatyna çeperçilik bäsleşikleriniň guralandygyny bellemeli.
“Frankofoniýa-2O12 baýramçylyk” dabarasynyň Aşgabatda geçirilmegi we onuň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň arasyndaky däp bolan dostluk, şeýle-de ynsanperwerlik-medeni ulgamyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkemegini we ösmegini şertlendirer.