Ï Hasyllygy ýokarlandyrmak maksady bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyllygy ýokarlandyrmak maksady bilen

view-icon 1498
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şu ýyl yglan eden bäsleşiginiň çäklerinde amala aşyrylýan ylmy-gözleg taslamalaryň hatarynda topragyň we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri görkezmek bolar. Ýurdyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň barlaghanalarynyň birnäçesiniň işgärleri bu ugurda gözleg işleri bilen meşgul bolýarlar.

Alymlar agrotehniki, himiki we mehaniki usullaryň täsirini özüne birleşdirýän topragy we oba hojalyk ekinlerini goramagyň toplumlaýyn usullarynyň integririlenmegi üçin çalyşýarlar. Biologiki ylymlarynyň doktory, institutyň barlaghanasynyň müdiri Hojanazar Orazowyň belleýşi ýaly, topragy we ösümligi goramagyň ekologiki usullary nukdaý nazaryndan iň tebigy we howpsuz bolup durýan topragy gurplandyrmagyň we hasyllylygy ýokarlandyrmagyň biologiki usullaryna aýratyn üns berilýär.

Toprakda mikroorganizmleriň millionlarçasyna gabat gelmek bolýar. Olar tebigatda maddalaryň hereketine gatnaşýarlar hem-de işjeň biologiki maddalary – ösümlikler üçin iýmiti emele getirmek bilen, ösümlik we mineral galyndylary peýdaly ulanmaga şert döredýär. Bu bakteriýa emele getirýän fermentlerdir we biologiki azotdyr. Alymlar gowaça we bugdaý üçin, soňky döwürlerde bolsa, bakja, miwe-gök önümleri üçin bir tipli mikroorganizmleri öwrenýärler. Synag işleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň tohumçylyk daýhan birleşikleriniň we pagtaçylyga we däneçilige ýöriteleşdirilen S.A.Nyýzow adyndaky, Magtymguly adyndaky we „Bugdaýly“ daýhan birleşikleriniň binýadynda, şeýle hem institutyň Garadamakdaky synag ýerinde geçirilýär.

Alymlar oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwrüniň dürli wagtlarynda ekin meýdanlarynda bolmak bilen, synag üçin topragy saýlaýarlar we barlaghana şertlerinde olaryň düzümini seljerýärler, ýokumly serişdelerde mikrofloranyň wekillerini ösdürip ýetişdirýärler. Gerek bolan ýagdaýynda zerur bolan agroçäreler ýygyndysy ösümlik üçin peýdaly mikroorganizmleri köpeltmek, zyýanly mör-böjekleri ýok etmek üçin, esasan hem hasyllygy ýokarlanadyrmak üçin anyk teklipler kärendeçilere berilýär.

Biologiki usul mikroorganizmleriň biri-birine edýän täsirine esaslanýar. Meselem, oba hojalygy üçin peýdalylaryň arasynda ösümligiň mikroorganizmi üçin zyýanly bolan fitopatogeniň ösüşini ýok etmäge ukyby bolan antogonistler bildirýär. Şeýle goragçylar kömelekleriň mikrofil görnüşleriniň arasynda hem bar. Olary alymlar „ýyrtyjylar“ diýip atlandyrýarlar. Sebäbi olar ösümlikleriň kesellerini oýaryjylaryň birnäçesini dolylygyna ýok etmäge ukyplydyr.

Bu ugur boýunça amaly tejribeler dowam edýär. Alymlar bu işde Türkmenistanyň çäginde duş gelýän kömeleklere we olaryň medeni görnüşleriniň miseliýasyny ösdürip ýetişdirmäge esaslanýarlar.