Ï Watan buýsanjy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan buýsanjy

view-icon 2080
Türkmenistanyň Zenenlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we „Neýtralnyý Türkmeistan“ gazeti Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli „Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr“ ady bilen surat bäsleşigini yglan etdiler.

„Neýtralnyý Türkmenistan“ gazetinde surat bäsleşigine bagyşlanyp çap edilen makalada bellenişi ýaly, döredijilik surat işleri türkmen zenanlarynyň çekýän mynasyp we halal zähmetlerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Bu bäsleşik türkmen zenanlarynyň ýurdyň gülläp ösmegine goşýan mynasyp goşantlary mynasybetli yglan edildi. Zenanlar türkmen jemgyýetiniň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni durmuşynda uly orun eýeleýärler, medeni däp-dessurlary we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamagy başarýarlar.

Surat bäsleşigi bitnäçe tapgyrdan ybarat bolar. Bäsleşigiň „Ýeňişde zenanlaryň keşbi“ atly ilkinji tapgyrynyň jemi maý aýynyň başynda jemlener. Bäsleşigiň „Täze obanyň bagtyýar zenanlary“ diýlip atlandyrylýan ikinji tapgyry däp boýunça her ýylyň iýul aýynda bellenilip geçilýän „Galla baýramyna“ çenli dowam eder. Ylym, döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary, talyp gyzlar we olaryň halypalary „Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilimli ýaşlary“ atly tapgyrynda görkeziljek işleriň gahrymanlary bolarlar. Bu tapgyr Bilim we talyp ýaşlar gününe – 1-nji sentýabrda tamamlanar. „Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr“ atly surat bäsleşigine hödürleniljek işler 10-njy oktýabra çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň umumy jemleri Türkmenistanyň garaşsylyk gününe – oktaýbr aýynda jemlener. Bäsleşige hödürlenen işler bu waka mynasybetli guraljak ýörite surat sergisiniň ekspozisiýasyny düzer.