Ï Dostlukly ýurduň sungaty bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostlukly ýurduň sungaty bilen duşuşyk

view-icon 649
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri açylýar

Şu gün türkmen paýtagtynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açylýar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu cäre iki döwletiň we olaryň liderleri Prezidentler Gurbunguly Berdimuhamedowyň hem-de Aleksandr Lukaşenkonyň köpugurly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ösüşine, syýasy, ykdysady hem-de gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge, türkmen we belarus halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda türkmen-belarus gatnaşyklary hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar, munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini agtarmakda hem-de dürli pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmaga ugur almagynda öz beýanyny tapýar. Ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar hem ýygjamlaşdy, ylym-bilim we medeni alyş-çalyşlar işjeň ösdürilýär. Türkmen tarapynyň dürli halkara ylmy maslahatlaryny, sergileri, döredijilik maslahatlaryny geçirmek baradaky başlangyçlaryny Belarus Respublikasy yzygiderli goldaýar we olara işjeň gatnaşýar.

2010-njy ýylyň iýunynda Minskide Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Ol belarus dostlarymyzy Türkmenistanyň häzirki zaman milli sungatynyň däpleri we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şu gün bolsa Aşgabat Belarus Respublikasyndan myhmanlary kabul edýär. Dostlukly ýurduň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine meşhur toparlar – Belarusyň “Swýata” döwlet halk aýdym-saz topary, öz ýurdunyň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolan “Çistyý golos” atly aýdym-saz topary girdi. Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýa we Aleksandr Tihonowiç bu ýurduň häzirki zaman estradasyna wekilçilik edýärler, olar meşhur we köp nesilleriň söýgüsini gazanan aýdymlary ýerine ýetirmek bilen türkmenistanlylaryň göwnünden turarlar.

Belarus Respublitkasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy şu gün agşam Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Belarusyň resmi wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde boljak duşuşygynyň barşynda medeniýet ulgamynda mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy Belarusyň taryhy, medeniýeti we aýdym-saz däpleri barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Mysal üçin, medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 5-nji aprelde Belarus Respublikasynyň “Beýik Watançylyk urşy” muzeýiniň gaznalaryndan hem-de dostlukly ýurduň tebigaty we häzirki durmuşy hakynda gürrüň berýän gymmatlyklardan ybarat serginiň dabaraly açylyşy bolar. “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde belarus kinofilmleri, “Aşgabat” kinoteatrynda çagalar üçin multiplikasion filmler görkeziler. Belarus halk sazlary we häzirki zaman aýdymlary 5-nji aprelde “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde ýaňlanar.

Ik ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň jemleýji çäresi bolar, ol Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda 6-njy aprelde geçiriler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan belarus kärdeşleri bilen bilelikde guralan bu uly möçberli döredijilik çäresi iki dostlukly halklary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Myhmanlar üçin taýýarlanan uly medeni maksatnama, türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, Aşgabadyň muzeýleriniň özboluşly gymmatlyklary bilen tanyşmagy özünde jemleýär.Munuň özi olara türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we onuň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däpleri, şeýle hem täze taryhy eýýamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.