Ï Ýurtlaryň we halklaryň özara arkalaşykly hereketindäki medeniýet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurtlaryň we halklaryň özara arkalaşykly hereketindäki medeniýet

view-icon 603
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Şu gün türkmen paýtagtynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu uly möçberli medeni çäre Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşyklarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär hem-de giň gerimli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, dostlukly halklaryň özara düşünişmegine hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Belarus Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýar we geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň Liderleriniň duşuşyklarynyň, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisleriniň barşynda gumanitar ugur boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleler birnäçe gezek ara alnyp maslahataşyldy. Gumanitar ugur boýunça türkmen-belarus gatnaşyklaryepleşigi biziň halklarymyzyň baý taryhyna, olaryň milli ruhy gymmatlyklara ygrarlylygyna hem-de özbolşuly milli medeniýetiniň aýawly saklanmagyna, birek-biregiň ruhy durmuşyna içgin gyzyklanma bildirilmegine esaslanýar.

Şu gezekki medeni çäre 2010-njy ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly dowamydyr. Türkmenistanyň Döredijilik topary Minsk şäherinde iki döwletiň medeniýet işgärleriniň özara arkalaşykly hereket etmegine badalga berdi, soňky ýyllarda bu hoşniýetli gatnaşyk has işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Belarusuň wekilleri ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilerine we festiwallara ençeme gezek gatnaşdylar, türkmen paýtagtynyň sahnalarynda Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky meşhur “Sýabry” atly topary, şeýle hem Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýa we Aleksandr Tihanowiç çykyş etdiler.

Ozal habar berlişi ýaly, 6-njy aprele çenli dowam etjek bu medeni çärä gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Döredijilik toparynyň düzümine meşhur toparlar, tanymal sazandalar, dostlukly ýurduň uly muzeýleriniň biriniň we Belarusuň telegraf agentliginiň (Beltanyň) wekilleri goşuldy. Bu ajaýyp döredeijilik çäresi türkmenistanlylara belarus halkynyň özboluşly medeni mirasy, adatlary we däp-dessurlary, taryhy we häzirki döwürde gazananlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.

Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekillhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň we paýtagytmyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylara gutlag hatyny uly üns berip diňlediler. Türkmen döwletniň Baştutany myhmanlary we bu çärä gatnaşýanlaryň ählisini Medeniýet günleriniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, “Belarus Respbulikasynyň Türkmenistanda geçirilýän bu Medeniýet günleriniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň has-da kämilleşmegine özboluşly goşant goşjakdygyna, şeýle hem iki dostlukly halkyň hoşmeýilli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny täze öwüşginler bilen baýlaşdyrjakdygyna” ynam bildirdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enwer Bariýew döredijilik çäresine gatnaşýanlara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu çäräniň dostlukly iki halkyň özara düşünişmeginde we gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynda we gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň birinji orunbasary Wladimir Karaçewskiý Belarusuň toparynyň adyndan ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen kärdeşlerine döredijilik çäresiniň göwnejaý derejede guralandygy hem-de mähirli garşy alnandygy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, şunuň ýaly çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny hem-de olaryň halklara birek-biregi has oňat tanamaga, özara gatnaşykaryň berkidilmegine we medeniýetleriň baýlaşdyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Belarus artisleriniň uly konserti boldy. Bu konsert halk aýdym-sazlaryndan, meşhur aýdymlardan, şeýle hem 1970-1980-njy ýyllarda meşhurlyga eýe bolan estrada aýdymlaryndan ybarat boldy.

Belarusuň döwlet filarmoniýasynyň “Swýata” halk aýdym-sazlary toparynyň artistleriniň ýerine ýetiren halk aýdymlary we özboluşly folklor eserleri parasatlylygy we sadalygy bilen diňleýjileriň kalplarynda özboluşly täsir galdyrdy.

Ýurduň daşynda hem giňden belli bolan “Çistyý golos” wokal topary özboluşly kompozisiýalaryny ýerine ýetirdi. 12 ýyla golaý wagt bäri bu döredijilik topary slawýan halk aýdymlaryny, nusgawy wokal eserleri we dini aýdymlary, harby-watançylyk aýdymlaryny, 1960-1980-njy ýyllarda meşhurlyga eýe bolan estrada aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Tomaşaçylar Türkmenistanda öňden bäri tanalýan Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýany we Aleksandr Tihanowiçi mähirli garşyladylar, olar geçen ýyllaryň estrada aýdymçylarynyň muşdaklarynyň ençeme nesillerine tanyş bolan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Myhmanlaryň ýerine ýetrmeginde olaryň ýurduna bagyşlanan liriki aýdym dostlugyň we döredijiliginiň baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda Belarusuň zehinli artistleriniň şanyna şowhunly el çarpyldy, artistler türkmenistanlylary öz ýurdunyň sungaty bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdiler.

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda guralan sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özboluşlylygy, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda medeniýet we sungat ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyryldy.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Belarus Respublikasynyň Beýik Watanyçylyk urşy muzeýiniň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklaryň sergisiniň hem-de Belarusuň telegraf agentligi tarapyndan taýýarlanan hem-de belarus-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhyna, Belarus Respublikasynyň tebigatyna we üstünliklerine bu ýurtda syýahatçylaryň ünsüňi çekýän ýerlerine bagyşlanan fotosuratlaryň 60-syndan ybarat foto serginiň açylyş dabarasy bolar.

Agşam “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Swýata” topary, “Çistyý golos” wokal topary, Belarus Respublikasynyň halk artistleri Aleksandr Tihanowiç we Ýadwiga Poplawskaýa çykyş edip, özleriniň saýlama eserlerini ýerine ýetirerler.

Medeniýet günleriniň barşynda Belarusuň çagalar üçin niýetlenen, animasion we dokumental kinolary hem görkeziler.