Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde belarus artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde baýaramçylyk aýdym -tanslaryny tomaşa etmäge gelen tomaşaçylaryň ýüzlerçesini ýygnady. Bu konsert tomaşaçylar üçin bagtly pursata öwrüldi. Aýdym saza uly hormat goýýan türkmen tomaşaçylary belarus sungat ussatlarynyň ussatlygyna ýokary baha berdiler. Öz gezeginde belarusly artistler hem türkmenistanlylaryň özboluşly we baý medeniýeti bolan Belarus medeniýetine uly we çyn ýürekden gyzyklanma bildirýändiklerine göz ýetirdiler. Türkmenistana gelen myhmanlaryň arasynda – „Werasy“ toparynyň solistleri, Belarus respublikasynyň halk artistleri Aleksandr Tihanowiç we Ýadwiga Poplawskaýa ýaly görnükli artistler bar. Olar bu ýeriniň özleründe galdyran täsirlerini paýlaşdylar:
- Aşagbatlylarda ýene-de bir gezek myhmançylykda bolmak uly bagt. Bizi bu şäher bilen diňe ýakymly ýatlamalar birleşdirýär. Elbetde, Aşgabat öz görnüşini tanalamaz ýaly derejede özgerdipdir. Giň şaýollar, beýik binalar, köp sanly suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan myhmanhanalar biziň öňki döwürlerde siziň güneşe baý ýurdyňyza çykyş etmek üçin ýygy-ýygydan bolan döwrümize gaýdyp gelip, şäheriň häzirki zaman keşbi bilen deňeşdirmegimize borçly edýär. Indi Aşgabadyň öňki keşbinden hiç zat ýok diýen ýaly, ýöne, esasy zat – türkmen halkynyň açyk göwünli myhmansöýerligi üýtgemän galypdyr!
Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly, medeni gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek bilen, biziň gatnaşyklarymyzyň gaýtadan dikeldilýändigi ýakymly duýgulary oýarýar. Bu biziň diňleýjilerimizi söýgüli aýdymlary bilen begendirmegi dowam etdirmek üçin täze döredijilik ugurlary gözlemäge, ony berkitmäge gönükdirýär. Öňden meşhurlyga eýe bolan „Malinowka“, „Bagtly pursat“, „Ak gar“ ýaly biziň ýerine ýetirýän aýdymlarymyzyň siziň ýürekleriňizde ýaşamagyny dowam etdirýändigi biziň üçin uly bagtdyr. Tomaşaçylaryň aýdymda ýaňlanýan öz belet bolan sözlerini alyp götermekleri hem-de wagta we uzak aralyga parh goýman aýdymyň köpçülik bolup ýerine ýetirişlerini synlamagyň özi hem guwandyryjy ýagdaýdyr.
Şeýle hem biziň söhbetdeşligimize „Çistyý golos“ wokal toparynyň solisti Waleriý Prygun hem-de Belarusyň „Swýata“ halk sazlary döwlet ansamblynyň solisti Waleriý Statkewiç hem goşulyşýarlar: „Biz aşgabatlylar üçin häzire çenli hemmeler üçin söýgüli bolan, hemmeleriň çagalygyny, ýaşlygyny, ilkinji söýgülerini ýatladýan aýdymlaryny ýörüte saýlap getirdik. Biz türkmen topragynda bolmak bilen, biziň halklarymyzyň arasyndaky gyzgyn we ýakyn gatnaşyklary duýýarys. Biz bir asmanyň astynda ýaşaýarys we şular ýaly ynsanperwer çäreler biri-birimizi ýakyndan tanamaga, göwünlerimizi awlamaga, biziň medeniýetlerimizi baýlaşdyrmaga kömek edýär. Biziň türkmen paýtagtyna bolan bu saparymyzyň iň soňkysy däldigine ynam bildirýäris hem-de myhmansöýer belarus topragynda Türkmenistandan barjak medeniýet we sungat ussatlaryny iň gymmatly dostlar hökmünde garşy alarys“.