Şu gün Türkmenbaşy etrabynyň merkezindäki Türkmenbaşy şäherçesinde 100 orunlyk 6-njy çagalar bagy körpeler üçin gapylaryny giňden açdy. Çagalar üçin niýetlenen täze desganyň açylyş dabarasynyň Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerine gabat gelmeginiň özboluşly manysy bardyr.
Balkan aýlagynyň kenarynda ýerleşen şäherçäniň binagärlik keşbini bezän täze mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasyny ulanmaga bermek dabarasyna çagalar bagynyň körpeleri bilen birlikde welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, hormatly ýaşulular, okuwçy ýaşlar, şeýle hem şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň abadançylygy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Etrabyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary we tanslary dabaranyň baýramçylyk öwüşgünini has-da artdyrdy.
Täze çagalar bagy"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Häzirkizaman çagalar bagynyň iki gatly binasy beýleki ýerli hususy firmalary bilen birlikde etraby durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge işjeň gatnaşýan “Ajam Zaman” hususy kärhanasynyň gurluşçykçylary tarapyndan bina edildi.
Çagalar bagynyň üpjünçiligi hil babatda ýokary ülňülere doly laýyk gelýär. Körpeleriň her bir ýaş toparyna ýatakhanalary we oýun zallary bolan aýratyn jaýlar berildi. Olarda şeýle hem okuw sapaklaryny geçirmek bolýar. Çagalara kompýuter sowatlylygyny we daşary ýurt dillerini öwretmek üçin kompýuter we lingafon otaglary göz öňünde tutulypdyr. Aýdym-saz we tans sapaklaryny geçirmek üçin ýörite zal bar. Sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zaly hem körpeleriň hyzmatynda bolar. Naharhana, aşhana, ýörite kir ýuwulýan ýer we beýleki otaglar durmuş üpjünçiliginiň häzirkizaman ulgamlary bilen üpjün edildi. Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan howlusynda oýun meýdançalary we üsti açyk suwda ýüzülýän howuz ýerleşýär.
Täze desgany ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soň, şanly waka mynasybetli, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.